Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
        • PRESENTATION COMPETITION WAS HELD
    • International cooperation
      • Meetings
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
        • SCIENTIFIC-PRACTICAL CONFERENCE WAS HELD
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Young Messengers of Peace / «Parahatçylygyň ýaş çaparlary»: üstünlige tarap bäş ädim
    «Parahatçylygyň ýaş çaparlary»: üstünlige tarap bäş ädim surady
    29/05/2023

    1588

    «Parahatçylygyň ýaş çaparlary»: üstünlige tarap bäş ädim

    «Bu gün final bolýar». 2023-nji ýylyň 15-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda mugallymlardyr talyplaryň ählisiniň dilinde şu sözler ýaňlanýardy. Çünki şol gün institutyň çägindäki Ýaş diplomatlaryň mekdebi tarapyndan guralýan «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň II möwsüminiň ýeňijilerini kesgitleýän final oýny geçirildi. Final gününde türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebine dahylly hemmäniň oý-pikiri oýnuň nähili geçjekdigi, kimiň ýeňjekdigi hakyndady. Pikir etmez ýalymy?! Ertir şu bäsleşikde saýlanan ýaşlar türkmen diplomatiýasynyň ýüküni öz eginlerine almaly ahyry...
    Institutyň «E» binasyndaky guralan ak öýüň içindäki görnüşler seni dürli-dürli hyýallaryň ummanyna syýahata alyp gidýär. Ortada parahatçylygyň nyşany bolan Oguz hanyň ok-ýaýynyň durmagy bäsleşigiň parahatçylyk söýüjilikli türkmen diplomatiýasynyň taryhy köklerine daýanýandygyna güwä geçýär. Akyl-paýhas bäsleşiginiň II möwsüminiň guramaçylyk işi bilen gümra bolup ýören talyplaryň geçen ýylky ýaş çaparlardygy bolsa, gatnaşyjylar üçin ýeňşiň gymmatyny has-da artdyrýar. Sebäbi bäsleşigiň geçen möwsüminde üstünlikli çykyş edip, soňra talyplyk bagtyna ýeten ýaşlar bu möwsümdäki gatnaşyjylar üçin arzuwlaryna barýan ýoly salgy berýän çelgi bolup görünýärdiler.
    Aslynda, «diplomatiýa» sözi «adalat» diýen kelam bilen belli bir derejede manydaş diýsek, hakykatdan daş düşmesek gerek. Çünki diplomat öz ýurdunyň milli bähbitlerini goran mahalynda hem garşysyndaka hormat goýmagy, adalatlylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine ygrarly bolmagy unutmaly däldir. Diplomat bolmak üçin adalatly bolmagy hem başarmak gerek. Geljekki diplomatlary tapmak üçin döredilen bäsleşigiň adalatly geçirilmegi bolsa, iň esasy zerurlyk. «Pähimdarlar geňeşiniň» agzalary hökmünde final oýnuna eminlik eden Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň baş ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň doktory, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň «Taryh, medeniýet, edebiýat we şekillendiriş sungaty» ugry boýunça sylagynyň eýesi Ýazgylyç Orazgylyjowyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Begenç Karaýewiň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sapar Berdinyýazowyň mysalynda hem ýaş çaparlar diplomatyň näderejede adyl bolmalydygyna ýene bir ýola göz ýetirdiler. Ýene bir zat: ählisi ilçilerden ybarat eminler toparynyň çözgüdi bilen gatnaşyjylara berilýän peýkamlar meniň göz öňümde türkmen diplomatiýasynyň estafeta taýagy bolup janlanýardy. Ol ýaşlaryň bu estafetany mynasyp dowam etdirjekdiklerine tüýs ýürekden ynanýarys. Sebäbi olaryň gözlerine seredip, şu Watana, şu millete wepalydyklaryna, şu ýurduň milli bähbitleri üçin ähli zada taýýardyklaryna ynanmazlyk mümkin däldi.
    Milliardlaryň oýny bolan futbolda «Finaldaky hemme zat we hemme kişi ýatda galýar» diýen aýtgy bar. Bu jümle «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň finaly babatda hem öz subudyny tapýar. Özüm-ä üstünden bir ýyl geçen hem bolsa, bäsleşigiň I möwsüminiň finalyny edil şu wagt pursatma-pursat ýatdan aýdyp biljekdigime ynanýaryn. Bu ýylky final hem şeýle boldy. Has-da baş baýrak üçin Yhlas bilen iň ýiti göreş alyp baran Aýgülüň bäsleşik tamamlanan badyna ýeňijini ilkinji bolup gutlamagy II möwsümiň final oýnuna bezeg beren pursada öwrüldi. Ýogsa-da, biziň finalymyzda hemmäniň ýatda galmagyny esaslandyrýan ýene bir sebäp bar. Ol hem bu finalda ýeňiji bar, ýöne ýeňlen ýok. Biziň finalymyzda hormat münberinde gatnaşyjylaryň ählisine ýer tapylýar. Bu bolsa finalymyzda hemme kişiniň ýatda galmagyna ýene bir sebäp.
    Sözümiziň şu ýerinde finala gatnaşan we ýatda galan şol mekdep okuwçylarynyň sanawyny eýelän orunlary bilen bilelikde size ýetirýäris:
    Baş baýraga hem-de Göçme kuboga Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Yhlas Hallyýew;
    1-nji orna Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyndaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 35-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Aýgül Sähedowa;
    2-nji orna Mary welaýatynyň Mary şäherindäki iňlis dili we ynsançylyk ugurly okuw derslerini çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen welaýat mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Dawut Gezerow, Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Döwletmyrat Arazow;
    3-nji orna Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 16-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Mekan Agahanow, Mary welaýatynyň Mary şäherindäki iňlis dili we ynsançylyk ugurly okuw derslerini çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen welaýat mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Güljan Serdarowa, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki 24-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Anwar Bekmedow, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Şatlyk şäherindäki takyk we tebigy ugurlardan ýöriteleşdirilen 43-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Azat Amansähedow mynasyp boldy.
    Ýeňijileri sylaglamak dabarasy jemlenenden soňra, geçirilen bäsleşigiň dessury boýunça ýeňiji bolan ýaş çaparlar parahatçylygyň nyşany hasaplanylýan ak kepderileri institutyň baş binasynyň öňünde asuda asmana uçurdylar. Biz ýeňiji bolan ýaş ykballaryň diplomatiýa dünýäsindäki perwazlarynyň hem şol ak kepderiler kimin belent hem owadan bolmagyny, ädimleriniň Ýer ýüzündäki iň belent münberlere çenli uzamagyny arzuw edýäris. Çünki olar — parahatçylygyň ýaş çaparlary.
    Ýaş çaparlar bu gezek hem duşuşyk ýerlerini üýtgetmediler, emma duşuşyk ýerleri olaryň ykballaryny düýpgöter üýtgetdi.

    Gurbansähet GURBANSÄHEDOW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

    Çeşme şu ýerden alnan:

    https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/13/articles/106576

    Latest News

    The Winners of the 4th Season of the Intellectual Competition "Young Messengers of Peace" Were Announced surady

    07/05/2025

    The Winners of the 4th Season of the Intellectual Competition "Young Messengers of Peace" Were Announced
    THE FINAL GAME OF THE 4TH SEASON OF THE INTELLIGENCE COMPETITION “YOUNG MESSENGERS OF PEACE” ON THE TOPIC “TRIUMPH OF THE PEACE-KEEPING  POTENTIAL OF NEUTRAL TURKMENISTAN” surady

    25/04/2025

    THE FINAL GAME OF THE 4TH SEASON OF THE INTELLIGENCE COMPETITION “YOUNG MESSENGERS OF PEACE” ON THE TOPIC “TRIUMPH OF THE PEACE-KEEPING POTENTIAL OF NEUTRAL TURKMENISTAN”
    Finalists of the Intellectual Competition Announced surady

    25/04/2025

    Finalists of the Intellectual Competition Announced
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI