18/03/2024
804
OGUZ HAN TÜRKMEN
«Oguznamalarda» Oguz hanyň boýun sunmadyk garşydaşlary bilen agyp-dönüp söweş edişi barada birnäçe mysallar getirilýär. Oguz han Almalyk şäheriniň töwereginiň häkimi Inalhany sylap goýmandyr. «...Iki tarapdan hem köp ýitgä sezewar boldular. Ahyrsoňy, sekiz gün gaty urşup, Oguz han Inalhany tutup öldürdi».
Söweşiň ykbalyny diňe gapma-garşy durup döwüşmegiň däl-de, eýsem duşmanyň asgyn tarapyny bilip, oňa aldyr hile salmagyň hem çözýändigine taryh şaýat. Bu babatda dünýä harby sungatyna türkmenleriň goşan goşandy, girizen täzelikleri az-küş däl. Orta we giçki asyrlarda tutuş dünýäde ulanylan harby tär-tilsimleriň gözbaşynda hut Oguz han Türkmeniň durandygyny tekrarlamakçy bolýarys.
Oguz han bir ýere ýöriş etmekçi bolanda, ol ýeri oňat öwrenmek, duşmanyň tabyny bilmek üçin ogullaryny goşunyň öňünden iberipdir. Ýeňil ýaraglanan bu goşun GARAWUL (dozor) diýlip atlandyrylyp, ol örän çaltlyk bilen hereket edip (Göroglynyň ylgar ýörişini ýada salyň), duşmanyň arasyna aralaşypdyr. Gymmatly aňtawçylyk maglumatlaryny alyp, esasy goşunyň ýanyna dolanypdyr.
«Oguznamanyň» «Oguzyň Yrak tarapa iberen ilçileriniň zikri» boýundan aňtawçylyga giden toparyň öňünde goýlan wezipe hakda gymmatly maglumatlary okaýarys: «...Iki ýüz kişi ilgari iberdi kim onda baryp, ahwal bilip, takyk kylgaýlar kim padeşalary ne ýerde turur. Buýurdy kim eger güýjüňiz ýeterlik ýeri ala bilseňiz uruşub ala görüň we ulug ýerlere degmän, yza dolanyň».
Diýmek, Oguz han atamyz türkmen harby sungatyna aňtawçylyk ulgamyny girizen serkerdedir!
Harby sungatda duşmanyň asgyn tarapyny bilip, onuň gowşak ýerinden urmak köp halatda üstünligiň girewi bolup durýar. Oguz han atamyz şeýle hileleriň ençemesini ussatlyk bilen ulanypdyr. Ak we gara ýelim bilen doldurylan howza girip çykansoň, hiç hili ýarag täsir etmeýän kylbarak kowumyny hile bilen ýeňýär – Kylbarak hatyn öz arasynda gizlenen oguz esgerini görüp, Oguza gaýybana aşyk bolýar. Oňa ilçi ýollap, öz kowumynyň gowşak tarapyny açýar: «Eger bu jemagata üstün bolmak hyýalyň bolsa, demirden tikinler ýasab her kişi her üç ýanlaryga baglagaýlar. Uruş wagty ol [tikenleri] sepsinler. Atlaryň aýaklaryna [sepilen tikenlerden zeper ýetmez ýaly] laýyk nal kaksynlar. Duşmanyň ýüzüne ýelim degmedik [ýerlerini nyşana alyp], tir [ok] baran ýaly ýagdyryň». Garşydaşynyň asgyn tarapyny bilen Oguz han ondan üstün çykýar.
Oguz han jahan ýörişini guran mahalynda boýun egip, il bolan ýerleriň hökümdarlaryny geljekki ýörişlerinde özüne ýaran (muwapyk) tutunypdyr. Olaryň maslahatlaryny diňläpdir. Oguz han Ruma we Franka ýörişinden öň ol etraplaryň ýagdaýyny Antakyýanyň häkimi Tekfurdan soraýar. Tekfur olara özüniň ilçi ýollap, oguz kowumynyň güýçlüdigini, ýurdundan Gün çykýandygyny, hiç kimiň olara garşy durup bilmändigini, gowusy urşup, heläk bolmazdan boýun egmegi teklip etjekdigini aýdýar. Boýun bolmadyk ýagdaýynda, Oguza garşydaşynyň asgyn tarapyny aýdýar – Rumda ýazyna howanyň yssy bolýandygyny, olary ýeňmek üçin ýaýlagyny eýeläp, gyşlagyndan daşary çykarman, heläk etmegi salgy berýär.
Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» kitabynda nygtaýşy ýaly: «Ýer ýüzünde daşary syýasatda ulanylan serişdeleriň arasynda harby kuwwaty görkezmek diýen ýaly usullar hem bar. Olar hem gadym zamanlarda döräpdir. Türkmen halkynyň «Oguznama» eposynda franklaryň ilçileriniň gelýändigini eşidip, Oguz hanyň ilçileriň öňünden goşun iberendigi hakynda habar berilýär. Atly-ýaragly türkmen ýigitleri ilçilere dabaraly ýagdaýda goşulyp, barjak ýerlerine çenli olaryň ýanynda bolupdyrlar. Franklaryň ilçileri Oguz hanyň goşunynyň beýikligi we ägirt uly güýjüniň bardygy barada ýurtlaryna gaýdyp baran badyna öz hökümdaryna aýdýarlar. Şadessanda beýan edilişine görä, franklaryň hökümdary «tabynlyk guşagyny guşanmaly» bolýar».
Türkmeniň haly sungatynyň kökleri hem Oguz han bilen baglydyr. Birnäçe taryhçylar gadymy Pazyryk halysynda, diňe bir kompozisiýa boýunça (merkezi gölleriň ýerleşişi we reňkleriň sazlaşygy babatda) däl, eýsem türkmen halysynyň merkezindäki 24 gölüň oguz-türkmenleriniň 24 taýpasyny aňladýandygyny tassyklaýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň «Janly rowaýat» kitabynda «Pazyryk» halysyndaky atlaryň eýerligini we ondaky taýajyklary türkmen-seljuk miniatýuralarynda-da görmek bolýar. «Pazyryk» halysyndaky bölünýän dörtburçluklarda Seljuk sekizburçlugynyň nusgasyny we häzirki zaman türkmen haly göllerini synlap bolýar. Haly bezeginiň şu görnüşini häzire çenli biziň ussat halyçylarymyz ulanyp gelýärler. Bu türkmen halysynyň ýaýraýşynyň gadymylygynyň köp sanly ugrunyň biridir» diýip ýazýar .
Türkmen halkynyň nesilbaşysy hasaplanýan Oguz hanyň ady Türkmenistanda ebedileşdirilendir. Aşgabatda ýokary derejeli myhmanlary garşylamak üçin «Oguzkent» myhmanhanasy guruldy. Aşgabadyň Halkara howa menzilinden paýtagtymyza gelen myhmanlary «Oguz han we onuň ogullary» atly suw çüwdürimler toplumy garşylaýar. Döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllyk şanly toýy mynasybetli Oguz han köçesiniň ugrunda Aşgabat şäherini ösdürmegiň 13-nji tapgyrynyň binalar toplumy ulanylmaga berildi. Ýapon we iňlis dillerinde okadylýan Türkmenistanyň Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti, «Türkmenfilm» kinostudiýasy Oguz hanyň adyny göterýär. Köpetdagyň gerşinde, deňiz derejesinden 1 müň metrden gowrak belentlikde «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkeziniň esasy böleginiň Oguz hanyň ägirt uly sekiz gyraňly ýyldyzyndan ybaratdygy hem ýöne ýerden däldir. Oguz hanyň sekizburçluk ýyldyzy dünýäde iň uly ýyldyzyň şekili hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi.
Oguz han eýýamyny altyn eýýama öwrüp, ýurt, sebit derejesinde däl-de, dünýä derejesinde pikirlenip, dünýäniň döwletlerini, halklaryny öz derejesine göterip, öz ýoluny, öz dinini – ýörelgesini döreden beýik şahsdyr!
Oguz han ilkinji bolup, türkmen dünýäsini açan hem türkmen dünýäsiniň ykbalyny egnine alan beýik serkerdedir!
Bäş müň ýyl mundan ozal beýik tymsallara, akyl-paýhasa, halkynyň aňyna, ruhuna, ganyna girip, ölmez-ýitmez bolan Oguz han atamyzdan ençeme watançylyk pentleri miras galypdyr. Patyşalaryň döwletiniň we hormatynyň goşun, il we ýurt bilendigini nygtan Oguz han Türkmen goşunyň abraýyny arşa galdyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýaşlary, watan goragçylary türkmen harby sungatyny esaslandyryjy Oguz han Türkmeniň baky wesýetlerine wepaly bolup, şir ýürekli, ärdemli, akylly, paýhasly, ugurtapyjy, çydamly, syýasatdan baş çykarýan diplomatlar, esgerler, serkerdeler bolmalydyrlar!
Jumamyrat Gurbangeldiýew,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory,
taryh ylymlarynyň kandidaty.
Latest News
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI