30/11/-0001
3610
MUHAMMET BAÝRAM HANYŇ ÖMÜR ÝOLY
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň hormatly Prezidenti, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk we ykdysadyýet ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň taryhy ähmiýetli ylmy-edebi taglymatlaryna esaslanylyp, geçmişde ýaşap geçen türkmen halkynyň meşhur alymlarynyň, tanymal şahyrlarynyň ylmy, edebi mirasy dünýä ýaýylýar.
Gahryman Arkadagymyz özüniň “Mertler Watany beýgeldýär” atly kitabynda şeýle belleýär: “Milletimizi şöhratlandyran beýik serkerdelerimiziň ömrüni, durmuşyny öwrenmezden, hakyky watançy bolmak mümkin däl. Olaryň ömri-durmuşy ile-ýurda söýgüden hem wepadarlykdan, mertlikden hem gahrymançylykdan, adyllykdan hem parasatlylykdan, ugurtapyjylykdan hem ygrarlylykdan, ynsany bezeýän ähli beýik häsiýetlerden ybarat” [1, 160 s.]. Hakykatdan-da merdana pederlermiziň ýoluny bilmezden, ösüş gazanmak, Watanymyzyň abraýyny arşa götermek mümkin däl. Taryhda 70-den gowrak döwlet guran türkmeniň taryhynda özüniň gaýtalanmajak gahrymançylykly ýoly bilen öçmejek yz galdyran beýik şahslar sanardan kän. Şolaryň arasynda Türkmeniň durmuşynda we döredijiliginde şahyranalyk we çuňňur pelsepewi danalyk, ynsanýetiň gymmaty, adalat ugrunda merdanalyk gylyjyny çalan we göreşen, adam mertebesine hormat goýýan şahsyýet hökmünde özüni tanadan, serkerde, ökde syýasatçy, diplomat, şahyr, hanlaryň hany Muhammet Baýram han hem aýratyn orny eýeleýär.
Baýram han Türkmen beýik döwlet işgäri, akyldar, pelsepeçi we ajaýyp şahyr hökmünde dünýä alymlarynyň ünsüni özüne çekýär. Onuň döredijiligi öz döwründe (XVI asyrda) öwrenilip başlanýar. Ol barada ilkinji iş ýazyp, maglumat goýup giden Mogollar döwletiniň şasy Zahyreddin Babyryň gyzy Gülbeden begimdir (1523–1603). Ol özüniň dogany Humaýuna bagyşlap ýazan “Humaýunnama” atly kitabynda Baýram han we onuň maşgalasy barada hatyralary goýupdyr [4, 21 s.; 5, 105 s.].
Mundan başga-da, Baýram han we onuň bilen bagly wakalar barada türkmen taryhçy alymy Isgender beg Münşi Türkmeniň “Taryh-y älem araýy Abbasy” (“Taryhy bezeýän Abbasyň dünýäsi”) atly eserinde [10, 488 s.], şeýle-de XVI – XVII asyrlarda ýazylan Abul Fazl Allaminiň “Akbarnama” [11], Jahangiriň “Jahangirinama (Tuzuki – Jahangiri)” [12], Muhammet Kasym Periştäniň “Taryhy-Perişte” [4, 22 s.] we başga-da birnäçe eserlerde beýan edilýär.
Baýram han türkmen halkynyň taryhynda görnükli alym, şahyr, döwlet işgäri hökmünde uly orun tutýar. XX asyryň ortalaryndan başlap, Baýram han barada birnäçe ylmy işler ýazyldy we şahyryň şygyrlar ýygyndylary neşir edildi. Mysal üçin, şolardan G. Alyýewiň, M. Kösäýewiň, R. Alyýewiň, B. Ahundowyň alyp baran ylmy-derňew işlerini agzap geçmek bolar.
Türkmenistan Garaşsyzlygyna eýe bolandan soň, Baýram han Türkmeniň edebi mirasyny öwrenmek işi düýpli ýola goýuldy. Şeýlelik bilen, häzirki wagtda Baýram han we onuň döredijiligi Diýarymyzyň ylym-bilim edaralarynda, orta we ýokary mekdeplerinde giňden öwrenilýär.
Muhammet Baýram han Türkmeniň ömri we döredijiligi diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem türki dilli döwletlerde, şeýle hem Hindistan, Pakistan ýaly ýurtlaryň orta we ýokary okuw mekdeplerinde öwrenilýär. Munuň özi, Baýram hana dünýä edebiýatynyň ajaýyp wekilleriniň biri hökmünde baha berilýändiginiň subutnamasydyr.
Baýram han Türkmeniň ömür ýoly we döredijiligi barada daşary ýurt alymlarynyň bitiren işlerini aýratyn belläp geçmek gerek. Olaryň hatarynda bolsa, hindi alymalary Munşi Debi Praşady, Hekmaly Köwser Çandpuryny, Ram Kişora Pandini, Hasan Aziz Jawid Sahib, Abdyl Baky Nehawandini, Sukumar Reýi we beýleki daşary ýurt alymlary: Hüseýn Jafar Halimini, Hasan Aly Begi, M.H.Syddykyny, Şyh Abdylkadyr Badauny, E. Denison Rossy we beýlekileri getirmek bolar. Şeýle-de, hindi taryhçylary Jöwher Aftapçy, Baýezit Baýat, Abdylbaky Nehawendi, Kewal Ram, Sukumar Reý, Ram Kişora Pandi, Munşi Debi Praşat we beýlekiler Mogollar döwletiniň döremeginde berkemeginde we şadöwlete öwrülmeginde, şeýle hem gaýtadan dikeldilmeginde Baýram hanyň hyzmatlarynyň ykbal çözüji derejä ýetendigini degerli maglumatlaryň mysalynda açyp görkezýärler. Aýratyn-da, Baýram hanyň döwlet işgäri hökmünde şalaryň ýakyn hemaýatkäri bolandygy nygtalýar. Baýram han welaýat häkimliginden başlap, Wekil us-soltanat, baş wezir, atalyk ýaly uly döwlet wezipelerinde uzak ýyllar işlemek bilen, birnäçe ýyllap ýurdy özi dolandyrýar [7, 361-364].
Muhammet Baýram han örän täsirli we çylşyrymly ömür ýoluny geçýär. Ol 1497-98-nji ýylda Badahşan welaýatynyň Gala-i Zafar diýen ýerinde, käbir maglumatlara görä, Gaznada ylymly-bilimli maşgalada dogulýar [2, 19 s.; 4, 10 s.; 9, 144 s.]. Ekberiň (Humaýunyň ogly) mürzesi Abul Fazl Allamynyň ýazmagyna görä, 1523-nji ýylda Humaýunyň gullugyna gelende Baýram han 16 ýaşly ýetginjek eken. Şu maglumatdan çen tutsaň, Baýram han 1507-nji ýylda doglan bolup çykýar. Ýöne bu, biziň pikirimizçe, kän bir hakykata ýakyn däl, sebäbi 1523-nji ýylda Babyr şa Baýram hany öz ogly Humaýuna terbiýeçi we janpena edip belleýär [4, 11-12 s.]. Şundan ugur alsak, hiç bir şanyň hem 16 ýaşly ýetginjegi terbiýeçi edip bellemejegi mälim zat. Şonuň üçin hem, 1497-98-nji ýylda doglupdyr diýen maglumat has hakykata ýakyn.
Baýram han türkmenleriň baharly tiresinden bolup, onuň ata-babalary Garagoýunlylar kowmundan hasaplanýar [2, 19 s.]. Baýram hanyň nebereleri Husaýyn Baýkaranyň köşgünde hem hyzmat edipdirler. Şahyryň kakasy Seýfaly beg, ejesi Negine hanym Garagoýunlylar döwletiniň şasy Jahanşa Hakykynyň neberelerinden hasaplanyp, olar Babyr bilen hem garyndaşlyk gatnaşygynda bolupdyrlar. Baýram hanyň ata-babalary baradaky maglumatlar taryhy ýazgylarda şu aşakdaky şeýle yzygiderlilikde beýan edilýär: Gara Muhammet, onuň ogly Gara Müsür, onuň ogly Gaza han, onuň ogly Gara han, onuň ogly Anf Gara han, onuň ogly Baýram Gara beg, onuň ogly Alyşükür beg, onuň ogly Şiraly beg, onuň ogly Ýaraly beg, onuň ogly Seýfaly beg, onuň ogly Muhammet Baýram han türkmen [2, 19 s.; 3, 8 s.; 4, 34 s.].
Şahyr ýaş wagty kakasyndan aýrylýar. Olar Balhdaky barjamly garyndaşlarynyňka göçüp barýar. Bu ýerde oňa şäheriň görnükli alymlary bilim beripdirler we ylma hem-de sungata bolan söýgüni ýaş şahyryň kalbyna ornaşdyrypdyrlar. Ýaş Muhammet Baýram Balhda öz ene dilinden daşary, musulman mekdepleriniň-medreseleriniň okuwçylary üçin hökmany bolan pars diline türgenleşýär, arap dilini ymykly öwrenýär. Baýram han ylahyýet ylymlaryny, edebiýaty gowy öwrenýär. Ol şygyr düzmekde kämil derejä ýetýär. Baýram han harby sungat bilen hem gyzyklanýar [7, 361 s.].
Baýram han Türkmen ýuwaş-ýuwaşdan kämillege ýetip başlýar. Ol Zahyreddin Babyryň hyzmatynda bolýar. Ol şanyň söýgüsine we hormatyna mynasyp bolýar. Babyr Baýram hanyň batyrlygyny we edermenligini görüp, 1523-nji ýylda ogly şazada Humaýuna terbiýeçi hem janpena edip belleýär [4, 11-12 s.]. Käbir çeşmelerde bolsa, Humaýunyň özüniň Baýram hany öz ýakynyna alandygy we kakasy ýogalyp tagta çykandan soňra bolsa janpenasy hem-de iň ýakyn kömekçisi edip alandygy aýdylýar [2, 20 s.]. Biziň pikirimizçe, ýokarda getirilen maglumat has hakykata ýakyn, sebäbi, Humaýun şa tagta çykanda Baýram han eýýäm 34 ýaşlarynda bolýar. Ýöne şu ýerde Baýram hanyň Mogollar şadöwleti döredilýänçä näçe ýyl gulluk edendigi anyk mälim däldigine galýar. Bu taryhy çeşmelere ser salsak, Baýram hanyň diňe Ekber şanyň däl, eýsem Humaýun şanyň hem terbiýeçisi bolandygyny görmek bolýar.
Baýram han Türkmen Humaýunyň ähli harby ýörişlerinde we diplomatik missiýalarynda diýen ýaly onuň bilen bile gidipdir. Serkerde Baýram hanyň ýeňiş bilen gutaran köp sanly göreşleri we ýörişleri Babyryň özüne we onuň mirasdary Humaýuna diňe bir patyşalyk tagtyny gaýtaryp bermek bilen çäklenmändir. Çeşmeleriň hemmesinde birmeňzeş bellenilişi ýaly, Beýik Mogollaryň Hindistany basyp almaklary hem ep-esli derejede Baýram hanyň zehini bilen baglanşykly bolupdyr [7, 362-363 s.].
Humaýun öz ogly Ekberi terbiýelemegi Baýram hana tabşyryp, oňa atalyk adyny berýär. Bu barada Milli Liderimiziň “Baýram hanyň Humaýun şanyň mirasdüşeri diýlip yglan edilen ýaş Ekberiň terbiýeçisi edilip bellenilendigi size taryhdan mälimdir. Soňra bolsa ýaňy on bir ýaşyny dolan Ekber tagta göterilýär. Baýram han şazada hemişe goldaw bermeli bolýar. Oňa “Ekberiň beýnisi” diýler ekeni. Şazada şol döwrüň ylymlaryny öwretmegi, onuň berk bedenli hem-de sagdyn bolup ýetişmegini, kämil söweş endikleriniň kemala gelmegini meşhur serkerde ünsünden düşürmändir. Baýram han Türkmeniň aladasy bilen şalykda adalat dabaralanypdyr” diýip belleýär [1, 229 s.]. Şeýlelikde, Baýram han bu döwürde “Hanlaryň hany” diýen ady eýeleýär. Ekber şa ähli işleriň Baýram hanyň üsti bilen çözülmelidigi hakda ýörite perman çykarýar. Adyny hem “Han baba” diýip tutýar [6, 26 s.; 8, 21 s.]. Hat-da her mynasyp gören zadyny maslahat bermegi we hiç haçan ýüz görmän karara gelmegi tabşyryp, şu lebizden dänmejekdigine söz berýär. Baýram hana ýüzlenip şeýle diýýär: “Dostum diýdim, dostumsyň, älem garşy bolsa-da ...” [6, 32 s.].
Baýram han Humaýun şa aradan çykandan soňra döwleti dolandyrmak işini (1556-1560) öz üstüne alýar. Onuň at-abraýy köşkde we ondan alyslarda beýgelýär. Ekberiň köşgünde baş wezir bolmak bilen Baýram han hökümet işlerini, goşunda tertip-düzgüni berkidýär, esgerleriň harby hünäre ezber bolmaklary üçin ähli çäreleri görýär. Bu uly döwlet ähmiýetli işler bilen birlikde heniz ýaş, tejribesiz Ekberiň berk bedenli, her taraply ösen şahsyýet bolup ýetişmeginiň aladasyny hem edýär, oňa gowy harby tälim berýär. Ýöne Ekberiň ýaşlygyndan, döwleti edara etmek ukybynyň ýeterlik däldiginden peýdalanyp, ejesi Hamyda Banu begim, onuň ýakyn garyndaşlary serkerdelik we döwlete baştutanlyk etmekdäki beýik mertebesine bahylçylyk edýän köşk göripleri dürli myjabatlar, töhmetler atyp, onuň üstünden arz edip başlaýarlar.
Ekberiň köşgünde garyndaşlary tarapyndan gurnalan dildüwşükleriň hem ýalan töhmetleriň atylmagy netijesinde, Baýram hana uly zarba urulýar. Baýram hanyň ygtyýarlyklary ýokarlanyp, şan-şöhraty beýge galdygyça, göripler hakyndaky ýalan töhmetleri köpeldip Ekbere ýetirýärler, olaryň ikisiniň arasyny bulaşdyrmaga jan edýärler. Ýogsam şanyň göwnünde Baýram Hana çyglyk duýgusy we Baýram hanyň göwnünde bolsa, şanyň garşysyna baş galdyrmak duýgusy ýokdy. Ol döwlet işlerinden, goşuny dolandyrmakdan çetleşdirilýär. Baýram han özüniň halallygyny kepillendirmek üçin, Ekber şa hat ýazýar we özüniň gitmek isleýändigini aýdýar [4].
Şondan soň şahyr haja gitmek bahanasy bilen köşkden häkimligi dolandyrmakdan daşlaşmak isleýär. 1561-nji ýylda Mekgä tarap ýola düşýär. Gujaratda birnäçe gün saklanýar. Bu ýerde-de onuň janyna kast edilýär. Bu barada hindi alymy Munşi Debi Praşadyň “Hanhanannama” atly kitabynda şeýle berilýär: “1561-nji ýylda Baýram han Sehserleň talab diýilýän ýerde gaýykly gezelençden soň yzyna gaýdyp gelýärkä, kakasy Maçehiwara söweşinde öldürilen mübarek Han diýen bir puştun, salamlaşmak bahanasy bilen golaýlaşyp, Baýram hany öldürdi. Baýram hanyň ölümi Hindistanyň orta asyr taryhynda iň pajygaly waka hökmünde taryha girdi. Kasym Arslan Meşhedi bu wakany şeýle beýan edipdir:
Baýram Käbe diýip, geýindi yhram
Ýolda öldürildi, iş boldy tamam,
Bimahal eşdildi gussaly owaz:
Şehit boldy – diýip – Muhammet Baýram” [6, 29 s.].
Ilki bilen onuň jesedini ýakyndaky Şyh Hysmuddin gonamçylygynda jaýlaýarlar. Soňra Baýram hanyň jesedini Delä getirip, uly dabara bilen jaýlaýarlar. 1578-nji ýylda onuň jesedi Maşada getirilýär. Şyh Gedaýy onuň üstüne gümmez galdyrypdyr diýen maglumat bar. Şyh Abdylkadyr Badauny hem onuň guburynyň üstüne “Iň oňat gülzarlykdaky gül hem solýar” diýen ýazgyny ýazypdyr [2, 21-22 s.].
Baýram hanyň maşgala ýagdaýy baradaky maglumatlar o diýen köp däl. Ol ilki Hindistanda ýaşaýan owganlaryň neslinden bolan Jemal han Mewatynyň gyzyna öýlenýär. Ol Abdyrahym han hananyň ejesidir [2, 21 s.]. Soňra (1557-nji ýylda) Baýram han Babyryň agtygy Selime Soltana öýlenýär [4, 17 s.]. Selime Soltan päk göwünli, süýji sözli, hemme zadyň ugruny bilýän, adamkärçilikli nurana aýal bolupdyr. Ol şahyrçylyk hem edipdir. Selime Soltan “Mahfy“ lakamy bilen şygyrlar ýazypdyr. Çandpuryň kitabynda Selime Soltanyň şahyrdygy hem gaty owadanlygy üçin “Zibun-nisa (Gözel zenan)” diýen lakam berlendigi aýdylýar [3, 14-16 s.].
Baýram hanyň ogly Abdyrahym 1556-njy ýylda dogulyp, 1626-njy ýylda Delide aradan çykypdyr. Şahyr aradan çykanda Abdyrahym ýaňy dört ýaş dört aýlyk ekeni. Ekber şa atalygynyň hormatyna onuň ogluna mynasyp edep-terbiýe bermek maksady bilen Baýram hanyň maşgalasyny öz köşgüniň ygtyýaryna alýar. Abdyrahym hanhanan hem kakasy ýaly beýik şahsyýet bolup ýetişýer. Ol hem kakasy ýaly türkmen dilini hem-de birnäçe daşary ýurt dillerini bilipdir [3, 21-22 s.].
Jemläp aýdanymyzda, Hanlar hany Muhammet Baýram hanyň ömri we döredijiligi hakynda türkmen we daşary ýurt alymlary birnäçe işler etdiler. Emma şol işlerde şahyryň anyk doglan we dünýäden öten seneleri we ýerleri, döredijilik aýratynlyklary, täsir alan çeşmeleri we beýleki meseleleri tutuşlygyna ýüze çykarmakdan heniz ejizdir. Sebäbi, olarda beýik şahyryň durmuş ýoly we döredijiligi barada birnäçe takyksyzlyklar gabat gelýär. Olarda hat-da berilýän maglumatlaryň biri-birine çapraz gelýänlerine-de duş gelmek bolýar. Bu bolsa, Hanlar hany Baýram han Türkmeniň ömür-döredijiliginiň ýörite we töwerekleýin öwrenilmeginiň zerurlygyny görkezýär.
Latest News
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI