Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / Milli diplomatiýanyň ylmy binýadynyň täze gözýetimleri
    Milli diplomatiýanyň ylmy binýadynyň täze gözýetimleri surady
    30/11/-0001

    905

    Milli diplomatiýanyň ylmy binýadynyň täze gözýetimleri

    Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 8-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny» tassyklamak bilen, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň öňünde duran täze wezipeleri kesgitledi. Konsepsiýada sanly diplomatiýanyň ösdürilmegi, maglumat howpsuzlygynyň we kiberhowpsuzlygyň üpjün edilmegi bilen bagly göz öňünde tutulan wezipeleri durmuşa geçirmegiň ylmy esaslaryny işläp taýýarlamakda türkmen diplomatiýasynyň milli ýokary okuw mekdebine hem möhüm orun degişlidir.
    Täze Konsepsiýada bellenen degişli işleridir teklipleri, şol sanda halkara ugurdaş düzümler bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça çäreleri amala aşyrmakda ylmy-seljeriş we çaklaýyş esaslandyrmalaryna aýratyn ähmiýet berilýär. Şoňa görä-de, öňde goýlan wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň gurluş düzümidir okuw maksatnamalary yzygiderli kämilleşdirilýär. Institutda bakalawr we magistr ugurlarynyň açylmagy bolsa geljekki diplomatlary taýýarlamak işiniň kämilleşmeginde täze tapgyry alamatlandyrdy. Şunda dünýäniň öňdebaryjy bilim ulgamlarynyň wajyp düzüm bölegi bolan magistraturanyň açylmagy aýratyn üns çekilmeli ýagdaýdyr.
    «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 28-nji maddasynyň 4-nji bendinde bellenilişi ýaly, taýýarlygyň ugurlary boýunça okatmak amala aşyrylýan iki derejeli gurluş düzümi bolan ýokary hünär biliminiň ikinji derejesi (magistr maksatnamasy) hünär we (ýa-da) dolandyryş wezipeleriniň birnäçesini özbaşdak çözmäge, pedagogik işiň dürli görnüşlerini geçirmäge we ylmy-barlag işlerini alyp barmaga taýýarlygy üpjün edýän ýokary bilim hökmünde kesgitlenilýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde 2022-2023-nji okuw ýyly üçin magistr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň syýasat ylymlary we sebit öwreniş (taýýarlygyň ugurlary: sanly diplomatiýa; Gündogary öwreniş; seljeriş we strategik meýilleşdiriş); hukuk işi (taýýarlygyň ugurlary: halkara hususy hukugy; halkara jemagat hukugy); köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we maglumat-kitaphana işi (taýýarlygyň ugry: syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasy) ýaly derwaýys ugurlarynyň açylandygyny nygtamak gerek.
    Agzalan ugurlar boýunça okamak isleýän dalaşgärlerden “Sanly diplomatiýa” ugry boýunça halkara gatnaşyklar, dünýä syýasaty, syýasat ylymlary we sebit öwreniş, taryh, sanly ulgamlar we maglumat-kommunikasiýa, informatika we hasaplaýyş tehnikasy, maglumat ulgamlary we tehnologiýalary, ykdysady kibernetika, maglumat howpsuzlygy, sosiologiýa; “Seljeriş we strategik meýilleşdiriş” ugry boýunça halkara gatnaşyklar, dünýä syýasaty, syýasat ylymlary we sebit öwreniş, taryh, sanly ulgamlar we maglumat-kommunikasiýa; “Gündogary öwreniş” ugry boýunça halkara gatnaşyklar, dünýä syýasaty, syýasat ylymlary we sebit öwreniş, taryh, geografiýa, sanly ulgamlar we maglumat-kommunikasiýa, Gündogar dilleri we edebiýaty (türkmen, türk, arap, pars, hytaý, ýapon, koreý, hindi); “Halkara hususy hukugy” we “Halkara jemagat hukugy” ugurlary boýunça halkara hukuk, halkara hususy hukugy, halkara jemagat hukugy, hukuk öwreniş, ykdysady hukuk, maliýe hukugy, ykdysadyýet we hojalyk hukugy; “Syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasy” ugry boýunça žurnalistika, halkara žurnalistikasy, internet žurnalistikasy çygyrlarynda ýokary bilim alandygyny tassyklaýan degişli diplomlar hem talap edilýär. Dünýäniň ýokary bilim standartlaryna görä, magistrlik taýýarlygy mazmun taýdan, ilkinji nobatda, ylmy ugry aňladýar. Şoňa görä-de, magistrlik okuw meýilnamalarynda we maksatnamalarynda ylmy-teoretik taýdan taýýarlyk, amaly-tejribe işlerini geçirmek, seljeriş-çaklaýyş başarnyklaryna eýe bolmak wezipeleri ileri tutulýar.
    Döwlet derejesinde edilýän tagallalar we berilýän goldawlar netijesinde ýurdumyzyň ýokary bilim ojaklarynda okap, arzuw edýän hünärlerine eýe bolmak isleýän ýaşlaryň taýýarlyk derejesiniň ýylyň-ýylyna hil taýdan has kämilleşýändigini görmek bolýar. Bu bolsa ähli ugurlarda, şol sanda halkara gatnaşyklar ulgamynda-da Watanymyzyň milli bähbitlerini gorap biljek mynasyp nesilleriň kemala gelýändigine şaýatlyk edýär.

    Begenç KARAÝEW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary instituty.

    Makala https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk saýtyndan göçürilen.
    https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/72253

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI