30/11/-0001
844
Lukmançylyk diplomatiýasy: tejribe — bilimleri kämilleşdirmegiň netijeli guraly
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda milli saglygy goraýyş ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek hem-de kämilleşdirmek boýunça halkara hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär we bu ugurda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Yzygiderli guralýan halkara forumlaryň we maslahatlaryň çäklerinde ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlary lukmançylyk ugry boýunça ylmy hyzmatdaşlygy ösdürmäge giň şertleri döredýär. Şu meselelerde Türkmenistanyň lukmançylyk diplomatiýasynyň orny barha artýar. Şu ýylyň 26-27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkeziniň mejlisler zalynda teleköpri arkaly geçirilen X türkmen-german forumy hem lukmançylyk diplomatiýasynyň ösüşinde möhüm wakalaryň biri boldy.
Saglygy goraýyş boýunça türkmen-german forumy Türkmenistanyň hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň halkara gatnaşyklardaky möhüm başlangyçlarynyň biridir. Forum birnäçe ýyllaryň dowamynda kämilleşdirilip, onuň iki döwletde yzygiderli, gezekleýin geçirilmegi däbe öwrüldi. Şunlukda, saglygy goraýşyň ählumumy meseleleri öwrenilip, ylmy taýdan esaslandyrylan çözgütleriň işlenilmegi ýola goýuldy. Umuman, forumlaryň gün tertibinde iki döwletiň arasyndaky saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, ýerine ýetirilmeli wezipeler kesgitlenildi.
Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde lukmançylyk diplomatiýasy adamzadyň saglygyny goramakda ählumumy tagallalary birleşdirmegiň netijeli guraly hökmünde çykyş edýär. Hut şonuň esasynda-da, lukmançylyk ylmynda dünýäniň täze, öňdebaryjy tejribeleriniň hem-de ugurlarynyň özleşdirilmeginde düýpli ösüşler gazanyldy.
Halkara hyzmatdaşlyk biziň döwletimiziň hem täzeçil saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biridir. Munuň özi ýokary hünärli lukmanlaryň taýýarlanylmagynda döwrebap çemeleşmeleri talap edýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde we barha giňeýän saglygy goraýyş boýunça türkmen-german hyzmatdaşlygynyň netijesinde, lukmanlaryň hünär kämilligi artdyryldy, amaly lukmançylyga keselleri anyklamagyň we bejermegiň döwrebap usullary ornaşdyryldy.
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Tejribeli hünärmenler gullugynyň bilermenleriniň hem-de bu ýurduň öňdebaryjy klinikalarynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda ylmy-amaly maslahatlar, okuw sapaklary geçirilýär. Hünär kämilleşdiriş işleri barha giňeýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň nemes kompaniýalary bilen köp ýyllaryň dowamyndaky hyzmatdaşlygynyň netijesinde, döwletimizde täze gurulýan we durky täzelenýän bejeriş-öňüni alyş edaralary Germaniýada öndürilen ýokary hilli lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylýar.
Türkmenistanly ýaş hünärmenleriň birnäçesiniň Germaniýa Federatiw Respublikasynda hünär kämilleşdiriş okuwlaryny geçendiklerini we bu işleriň has-da kämilleşýändigini, häzirki wagtda olaryň ýurdumyzyň lukmançylygynda uly işleri durmuşa geçirýändiklerini aýratyn bellemek gerek.
Ýakynda ýurdumyzda üstünlikli geçen nobatdaky X türkmen-german forumyna wideoaragatnaşyk arkaly Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, paýtagtymyzdaky Halkara okuw-ylmy merkeziniň, Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkeziniň, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, Aşgabat şäheriniň 11-nji saglyk öýüniň, Balkanabat şäheriniň 1-nji saglyk öýüniň, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň köpugurly hassahanalarynyň, Mary welaýat çagalar hassahanasynyň lukmanlary gatnaşdylar. Forumda hirurgiýa, akuşerçilik-ginekologiýa, ortopediýa, onkologiýa we derman serişdelerine degişli meseleler giňden ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu forumyň maksady halklaryň arasyndaky dostlugy berkitmekden, bütin dünýäde meşhurlyga eýe bolan nemes lukmançylygynyň gazananlaryny Türkmenistanda hem yzygiderli ornaşdyrmakdan, türkmen lukmanlarynyň hünär kämilligini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.
Saglygy goraýyş ulgamynyň döwrebap ösdürilişi, adamlaryň saglygyny goramak babatda alnyp barylýan işleriň täze derejä göterilmegi iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn netijeleridir. Dünýä lukmançylyk tejribesinde gazanylýan üstünlikleri milli lukmançylyga ornaşdyrmak, abraýly halkara guramalar, daşary ýurtlaryň, şol sanda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň saglygy goraýyş edaralary bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak arkaly bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, saglygy goraýyş hyzmatlarynyň ýokary hilini gazanmaga uly üns berilýär. Lukman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda saglygy goraýyş boýunça Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen halkara hyzmatdaşlygyň berk binýady tutuldy. Häzirki döwürde bu ugurdaky işler Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilip, öz ajaýyp miwelerini berýär.
Aýgözel ÖWEZOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň aspiranty.
Çeşme şu ýerden alnan:
Latest News
23/12/2024
Открывая новые горизонты21/12/2024
«Akylly» şäheriň täze üstünligi