Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / Köpetdagyň eteginde galdy bu gün örboýuna, Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy
    Köpetdagyň eteginde galdy bu gün örboýuna, Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy surady
    21/05/2024

    1038

    Köpetdagyň eteginde galdy bu gün örboýuna, Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy

    Daglar — tebigatyň ynsan ogluna peşgeş beren iň täsin gözellikleriniň biri. Daglar ynsan kalbyna rahatlyk çoýýan tämiz howasy, ylhamyňy joşdurýan ajaýyp jülgeleri, jana tenekar sowuk suwly çeşmeleri bilen tebigatyň beýik sungat eseridir. Her gezek Köpetdagyň ajaýyp tebigatyny synlamaga baranyňda, bu daglaryň beýikligini görüp: «Gudrat göreýin diýseň — daglara bar» diýeniňi duýman galýarsyň. Indi bolsa ak şäherimiz Aşgabadyň günortasynda, Köpetdagyň eteginde daglardan hem beýik gudrat döredi. Elbetde, daglardan beýik näme bolup biler diýen soragyň döremegi mümkin. Asyl-ha, beýiklik näme?! Beýikligi fiziki tarapdan metr arkaly ölçäp bolar. Ýöne ynsan mertebesiniň, abraýynyň beýikligini näme bilen ölçemek mümkin? Elbetde, ynsanyň öz il-güni üçin eden ýagşy işleri, bütin adamzada goýup giden eserleri bilen! Gürrüňiň näme hakda barýandygyny eýýäm aňan bolsaňyz gerek?!
    Dünýä ýüzünde «türkmen» diýlende, arşyň nepisligi bolan türkmen halylary, ajaýyp ahalteke bedewleri, wepaly alabaý itleri göz öňüňe gelýän bolsa türkmen edebiýaty barada söz açylanda hem, beýik akyldar şahyr, filosof Magtymguly Pyragynyň nurana keşbi hakydaňda janlanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň agzybirlikde, jebislikde bir döwlete gulluk edip, bagtyýar durmuşda ýaşamaklaryny arzuw edip geçen türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň adyny ebedileşdirmek, onuň pähim-paýhasa ýugrulan dürdäne şygyrlarynyň çuň manysyny ýaş nesillere has çuňňur düşündirmek üçin ägirt uly işler amala aşyrylýar. Şeýle işleriň iň bir aýdyň mysaly hem beýik söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 17-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şagadamy bilen açylan 41 ga ýerde gurlan Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumydyr. Seýilgähiň iň naýbaşy böleginde tebigy baýryň üstünde dikeldilen beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň äpet heýkelini göreniňde, kalbyň heýjana gelýär. Binýadynyň beýikligi 25 metre, öz beýikligi bolsa 60 metre barabar bolan bürünç heýkeliň awtory Türkmenistanyň halk suratkeşi, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy, ussat heýkeltaraş Saragt Babaýewdir. Onuň pikirine görä, Magtymgulynyň keşbinde Gündogaryň tanymal edebiýatçylarynyň hatarynda tanalýan, halkyň arzuw-hyýallaryny ýaýan ynsanperwer dana şahyryň beýikligi beýan edilýär. Beýik şahyryň heýkelini gurmak üçin bir müň tonna golaý bürünç gerek bolupdyr. Heýkeli taýýarlamak üçin Änewiň senagat zolagynda üç müň inedördül metrden gowrak ýerde ýadygärligiň gips gabarasyny taýýarlamak we ony guýmak üçin ýörite seh hem guruldy.
    Seýilgähiň ýodalary bilen seýil edip barşyňa meşhur iňlis ýazyjysy Uilýam Şekspiriň heýkeliniň deňine ýeteniňde, beýleki bir iňlis ýazyjysy Braýan Oldisiň: «Iňlislerde meşhur Uilýam Şekspire deňelýän ýekeje şahyr bar. Ol – Magtymguly» diýen sözleri ýadyňa düşse, meşhur gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň heýkelini göreniňde, onuň «Magtymguly Pyragy — bütindünýä poeziýasynyň genji–hazynasyna giren şahsyýet, goşgy bilen gürlän akyldar» diýen sözleri buýsançly başyňy göge ýetirýär. Bu ýerde ýerleşdirilen Du Fu, Alyşir Nowaýy, Saýat Nowa, Saýido Nasafi, Rabindranat Tagor, Fýodor Dostoýewskiý, Ýunus Emre, Onore de Balzak ýaly dünýä belli 24 sany söz ussadynyň ajaýyp heýkelleri «dünýa edebiýatynyň dialogyny» ýadyňa salýar. Dünýä edebiýatynyň genji–hazynasyna öwrülen birnäçe eserleriň awtorlary bolan bu beýik şahsyýetleriň heýkellerini synlanyňda, Gahryman Arkadagymyzyň halkara gatnaşyklarynda öňe süren «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly taglymatynyň Magtymguly Pyragynyň medeni–seýilgäh toplumynyň içinden eriş-argaç bolup geçýändigine magat göz ýetirýärsiň.

    Yhlas HALLYÝEW,
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.

    Çeşme: “Ýaş diplomatyň sesi” elektron gazeti – 20.05.2024 ý. // https://www.iirmfa.edu.tm/tm/gazet/yas-diplomatyn-sesi-internet-gazeti-14-97_3009

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI