30/11/-0001
860
Hanlar hany Baýram han
Hormatly Prezidentimiziň geçmişde uly yz goýan taryhy şahsyýetlerimiziň ömür ýoluny, olaryň goýup giden ruhy we ündew mirasyny çuňur örwrenip , ýaş nesle ýetirmek baradaky sargytlaryna eýerlip, ýurdumyzda uly işler bitirilýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda baý edebi we ruhy mirasymyzy, taryhda öçmejek yz galdyryp giden meşhur şahsyýetlerimizi öwrenmek, olaryň dünýaniň altyn hazynasyna peşgeş beren eserleri bilen ýakyndan tanyş bolmak üçin ahli şertler döredilýar. Sebabi türkmeniň özi bolup dünýa çykmagynda meşhur şahsyýetlerimiziň orny ummasyz hasaplanylýar. Şol şahsyýetleriň biri hem gelip çykuşy boýunça türkmeniň baharly taýpasynyň wekili, halkyň içinden çykan beýik dölet işgari, serkerde şahyr, meşhur diplomat Baýram han Türkmendir.
Hemmamize malim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, baky Bitaraplygyň 25 ýyllygy, şeýle hem 2021 - nji ýylyň “Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli, dünýade türkmeniň giöden tanalmagynda taryhy wezipani amala aşyran Muhammet Baýram han Türkmene bagyşlanyp halkara forumyň geçirilmegi meýilleşdirilýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle bellap geçýar: “ Garagoýunly türkmenlerden gelip çykan hanlar hany Baýram hanyň, onuň ogly Abdyrahym hanyň Beýik Mogollar şadöwletiniň berkemeginde we güllap ösmeginde bitiren hyzmaty çaksizdir. Halkyň jümmüşinden çykan beýik serkerde şahyr Baýram han Türkmen galamyň we kelamyň güýji bilen uly işleri bitiripdir, halk bahbidiniň hem-de adalatynyň goragçysy bolupdyr. Şahyranalyk we pelsepewi paýhas bitewiligi ynsanyýetiň waspy we adam mertebesini ýokary götermek hakyndaky müň öwüşgünli garaýyşlar şahyryň döredijiliginiň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Ynsanperwerligiň, dostlugyň, ýagşylygyň, gözelligiň waspnamasy hökmünde umumyadamzat şygryýet hazynasyna giren Baýram hanyň edebi mirasy biziň milli buýsanjymyzdyr. Jemgyýetimiziň galkynýan taze taryhy döwründe özüniň öçmez-ýitmez şygyrlary bilen türkmen halkynyň ruhy dünýasini aleme ýaýan serkerde şahyr Baýram hanyň adyny, mertebesini şöhratlandyrmak biziň mukaddes borjumyzdyr.”
Türkmen halkynyň döwlet gurmak, döwletlilik ýörelgeleri, şeýle-de diplomatiýasynyň taryhynda mynasyp yz galdyran beýik taryhy şahs hasaplanýan Muhammet Baýram han Türkmen barada türkmenleriň Hindistandaky taryhy yzlary hakda ençe makalalar ýazan halypa taryhçy J. Hatamow şeýle belleýar:” Köplenç hökümdarlar barada köp ýazylyp, olaryň meşhurlygynda az hyzmatlar bitirmedik ýakyn kömekçiler unudylýar. Ýöne taryh Baýram han Türkmen barada welin, dymmandy. Hindistandaky Beýik Mogollar imperiýasy hakynda bolsa Baýram han Türkmensiz gürrüň etmek asla mümkin dal”. Halypa taryhçynyň bu sözleri hakykatdan hiç hili daş düşmeýar.
Muhammet Baýram hanyň harby hereketleri, meşhur serkerde we döwlet işgari, tejribeli diplomat we döwrüniň meşhur şahyry bolandygy baradaky maglumatlar bilen tanşanyňda, hakyky türkmen gerçegine mahsus bolan batyrlygy, edermenligi wepadarlygy we uçursyz pahim-paýhaslylygy görmek bolýar. Onuň esasy harby hereketleri Muhammet Humaýunuň Güljeradyň hakimi Bahadyr şanyň garşysyna uruş yglan etmegi bilen başlanýar. Bu söweşler barada gysgaça seredip geçeris.
Baýram han türkmen gelip çykyşy boýunça türkmeniň baharly tiresine degişlidir. Bahar, bahar ili baharly tiresi Oguz hanyň başinji ogly Dag handan we onuň ogly Imr boýy, Imr ili, hususanda, onuň baharlyn sahasy taryha Ýunuň Emre, Baýram Hoja, Gara Ýusup, Jahanşa Hakyky, Aly Şükür beg, Baýram han, Abdyrahym han- hanan, Soltanguly Kutubşa, Emirhan Mosully, Magrupy ýaly beýik şahslary we türkmenleriň Garagoýunly, Kutubşalar döwletlerini berdi.
XVI asyrda Mogol imperiýasynyň (owganystanda, Hindistanda, Pakistanda) döran döwründe türkmenler hazirki Türkmenistanyň çaklerinde we onuň serhetlerinde daşarda-da döwlet gurupdyrlar. Baýram han bolsa ata Watanyndan uzakda ýaşan we halkyny meşhur eden türkmenleriň biridir.. ol we onuň bilen bagly Mogol imperiýasynyň üç patyşasy barada ýazuw çeşmelerinde gymmatly maglumatlar. Saklanyp galypdyr. Deli uniwersitetiniň professory Ram Kişori Pandiniň “ Muhammet Baýram han Türkmeniň ömri we edermenlikleri” atly işinde “ Başga serdarlaryň hiç biri-de batyrlykda, döwleti dolandyrmak, ussatlygynda, alymlykda, edebiýaty oňat bilmekde we söweş tejribesinde Baýram han bilen basleşip biljek daldi, çünki ol türkmendi” diýip bellapdir.
1523- nji ýylda Zahyreddin Muhammet Babyr 16 ýaşly ogly Humaýuny terbiýeçi bellap, oňa Baýramyň aňyrsynyň t türkmen beglerindendigini, onuň bilen mylaktly, hormatly bolmalydygyny tabşyrýar.
Babyr ýogalandan soň, Baýram han baş wezirlige bellenilýar. Ol şol bir wagtyň özünde goşunbaşy wezipesini hem ýerine ýetirýar. Şeýle hem döwleti dolandyrmakda Humaýunyň ýakyn kömekçisine öwrülýar.
Beýik Mogollar döwletini imperiýa derejesine ýetirmekde Baýram hanyň aýratyn hyzmaty bolupdyr. 1526- njy ýylda Deli soltanlygynyň goşuny bilen çaknyşykda Babyr üstün çykýar. Şol ýyl Beýik Mogollar döwletiniň düýbü tutulýar.
1530-njy ýylda Babyr patyşa dünýaden ötýar. Şol ýyl onuň ornuna 22 ýaşly ogly Humaýun (1530- 1556ý) soňra agtygy Akbar (1556- 1605ý) tagta çykýar. Bularyň döwründe döwlet Beýik Mogollar imperiýasyna öwrülýar.
Hindistanyň ähli (çet günortasyndaky bir-iki welaýatdan başga) ýerlerini öz içine alyp durmuş- ykdysady we medeni taýdan ösüpdir. Şol ösüşe ürkmenler hem uly goşant goşupdyrlar. Seýfalynyň ogly Baýram hanyň we agtygy Abdyrahym hanyň bitiren işleri onuň aýdyň mysalydyr.
1539-njy ýylda Biharyň hakimi Şir han Humaýuna garşy gozgalaň turuzýar. Şir han Beýik Mogollar döwletiniň tagtyny eýeleýar. Baýram han Humaýuny halas etmek üçin özi Şir hanyň esgerlerine ýesir düşýar. Soňra ol ýesirlikden gaçmak bilen, Beýik Mogollar döwletiniň patyşasy bolmak umydyny ýitiren Humaýunda ynam döredýar.ony türkmenleriň Sefrwiler döwletiniň patyşasy Tahmasp I ýanyna akidip, Şir hana garşy harby kömek soraýar. Iki patyşanyň hökümi esasynda “hanlar hany” derejesini alan Baýram han Şir hanyň garşysyna gitjek iki goşunyň hem serdary edilip bellenilýar. Patyşalar tarapyndan Baýram hana “Ahli türkmenleriň ýaşulysy” diýen hormatly ady bermek pikiri hem orta atylýar.
Baýram hanyň kömegi bilen 1554- nji ýylda Humaýun ikinji gezek Beýik Mogollar döwletiniň tagtyna geçýar. Humaýun berlen kömek üçin Kandagar welaýatyna Sefewilere sowgat beripdir. Baýram han bolsa Kandagara Beýik Mogollar döwletiniň ilçisi edilip iberilipdir. Şol wagtlar Tahmasp şanyň ogly Myrat Kandagaryň hakimi bolupdy. Ol aradan çykandan soňra, hakimlik Baýram hanyň ygtyýaryna geçipdir. Baýram han şol ýere öz tiredeşleri bolan baharlylary göçürçp getiripdir. Sebabi oňa-da daýanara güýç gerekdi. Baýram han Kandagary adalatly dolandyrypdyr. Onuň ýolbaşçylyk eden döwründe Kandagarda asudalyk, bolçulyk höküm sürüpdir.
XVI asyryň 40-njy ýyllarynda Baýram han diňe bir serkerde diýen şöhrata däl, eýsem meşhur şahyr diýen şöhrata hem eýe bolupdyr. Ony Hindistanyň görnükli hökümdary bolan şazada Akbaryň - wagtlaýyn hökümdary edip belläpdirler. Akbar mogol tagtyna çykandan soň, öz hossaryny hökümet başlygy edip goýýar. Oňa ýüz tutanynda hem “wepaly dost” (ýar-e welfadar) ýa-da has hormatlap, “han babam” diýipdir.
1556-njy ýyla çenli ýurtda Baýram hanyň täsiri güýçlenipdir. Köşkdäki emeldarlar, ilkinji nobatda hem hökümdaryň kowumlary, ondan juda heder edipdirler. Emma haýal etmezden, Baýram hanyň garşysyna örän ýiti köşk pitnesi döredilipdir. Baýram han özüniň döwletdäki ýokary wezipesine buýsanyp, ilki başda ol pitneçilere kän bir üns hem bermändir. Baýram handan musulman ruhanylary hem närazy bolupdyrlar.
Baýram hany halamaýanlaryň edýän bu töhmetleri we pitneleri basym döwleti özbaşyna dolandyrýan dikmesinden närazy bolan gujurly Akbar bilen Baýram hanyň arasynda ýaşyryn duşmançylygy döredipdir. Bu duşmançylyk 1560-njy ýylda äşgär bolupdyr. Döwleti we köşgi dolandyrmak işinden Baýram han üzül-kesil mahrum edilipdir. Köşgüň görkezmesi boýunça hereket edýän erkli hökümdarlaryň gysmagy zerarly, Baýram han Bikanar galasynda ýaşaýan bir hindi rajynyň öýünde özüne gaçybatalga tapypdyr. Baýram han bilen bu raj köpden bäri dost eken.
Köp çeşmeleriň tassyklamagyna görä, Baýram han öz töweregine zehinli şahyrlary, alymlary, sazandalary we suratçylary üýşüripdir. Baýramyň özi şahyr bolansoň, hakyky şahyrana söze ýokary baha beripdir we onuň ussatlaryna hemaýat edipdir. Şol döwürde guralan edebi ýygnanyşyklarda – agşamlarda parsy we türki dillerdäki nusgawy edebiýatlaryň görnükli wekilleriniň: Enweriniň we Hakanynyň, Saadynyň we Hafyzyň, Rumynyň we Haýýamyň, Lutfynyň we Nowaýynyň, Ataýynyň we Sakkakynyň, Emiriniň we Husaýynyň iň gowy eserleri okalypdyr hem ara alnyp maslahatlaşylypdyr. Şondan soň şahyryň döwürdeşleriniň eserleri diňlenilipdir. Türki dildäki eserler ara alnyp maslahatlaşylanda, iň soňky söz Baýram hana berlipdir, çünki döwürdeşleriniň ykrar etmeklerine görä, ol türki dildäki edebiýaty örän gowy bilipdir. Baýram han kyssa eserlerini hem ýazypdyr. Şahyryň oglunyň ýaşan döwründe gulluk eden taryhçy Nahawandy şeýle ýazypdyr: “Ol şygryýetiň we kyssanyň aýlawynda ökde çapyksuwar bolupdyr”. Baýram han saza uly hormat goýupdyr, köp üns beripdir. Ol diňe bir türki halklarynyň sazlaryny däl, eýsem hindi halklarynyň sazlaryny hem bilipdir.
Baýram hanyň 1910-njy ýylda Bengalynyň Aziýa jemgyýeti tarapyndan neşir edilen uly bolmadyk diwany bar. Baýram hanyň diwany parsy we türkmen dillerinde ýazylan 1918 setiri öz içine alýar. Bize elýeterli golýazma çeşmelerde şahyryň eserlerinden saklanyp galan şygyrlaryň bu sanyny ýene 100 setir köpeltmek boljak.
Baýram han iki dilde eser ýazan şahyrlaryň toparyna girýär. Onuň diwany parsy we türkmen dillerinde ýazylan uly bolmadyk iki bölekden ybaratdyr. Şahyryň parsy dildäki diwany, möçberi boýunça, türkmen dilindäki diwanyndan tapawutlanýar. Baýram hanyň diwany öz ogly Abdyrahym tarapyndan düzülipdir.
Bu diwanlaryň ikisi hem, däp boýunça, kasydalar bilen başlanýar. Şolaryň arasynda gutarylmadyklary-da bar. Baýram hanyň türkmençe ýazylan bir kasydasyndan beýleki kasydalaryň ählisi adaty häsiýetde düzülipdir. Olaryň bir topary musulman ruhanylaryna, ikinji topary Beýik Mogol hökümdarlary Humaýuna ýa-da Akbara gönükdirilip ýazylypdyr. Baýram hanyň parsy dildäki eserlerine, edil şonuň ýaly hem türkmen dilindäki eserlerine içgin syn edenimizde, olaryň çeperçiligine ýazaryň ägirt uly üns berendigini görýäris. Şahyr göwnejaý utgaşmalary, şygryň aruz ölçegini örän söýüpdir. Başgaça aýdanymyzda, ol ölçegiň ösüşinden ugur alyp, şygryň umumy labyzlylygyny güýçlendirýän rifmalary örän ýerlikli saýlap almagy başarypdyr.
Ýokarda bellap geçenimizde Abýram han diňe bir wezir, diplomat bolman ol eýsem şahyr hem bolupdyr.
Nusgawy şygryýetiň baý dessuryny, sansyz formal tärleri, hususan hem pars-täjik oda ýazyş sungatyny peýdalanmak bilen, Baýram han kasydanyň ünsüni özüne çekiji örän hakyky nusgalaryny döredipdir. Mysal üçin, “gabak” (kädi) oýnuny suratlandyrýan kasydany görkezmek bolar. Bu kasyda suratlandyryş örän ussatlyk bilen berlipdir. “Gabak” (gabakbazy) türkmenleriň arasynda giňden ýaýrapdyr. Onda nyşana ýaýdan ok atypdyrlar. Nyşana üçin hem kädi (gabak) goýupdyrlar [1.1]. Şahyr bu kasyda üçin aruzyň has köp ulanylýan we ýeňil ölçegi bolan emeli saýlap alypdyr. Şol kasydanyň başky iki setiri, ine, şeýle berlipdir:
“Gabak düwüni seniň okuňy kejekden alyp gitdi,
Gazylyp ýazylan ýyldyz täze dogan Aýdan Perwin ýyldyzynyň şekilini etdi” [1. 18 s.].
Latest News
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI