30/11/-0001
859
Hanlar hany Baýram han
Hormatly Prezidentimiziň geçmişde uly yz goýan taryhy şahsyýetlerimiziň ömür ýoluny, olaryň goýup giden ruhy we ündew mirasyny çuňur örwrenip , ýaş nesle ýetirmek baradaky sargytlaryna eýerlip, ýurdumyzda uly işler bitirilýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda baý edebi we ruhy mirasymyzy, taryhda öçmejek yz galdyryp giden meşhur şahsyýetlerimizi öwrenmek, olaryň dünýaniň altyn hazynasyna peşgeş beren eserleri bilen ýakyndan tanyş bolmak üçin ahli şertler döredilýar. Sebabi türkmeniň özi bolup dünýa çykmagynda meşhur şahsyýetlerimiziň orny ummasyz hasaplanylýar. Şol şahsyýetleriň biri hem gelip çykuşy boýunça türkmeniň baharly taýpasynyň wekili, halkyň içinden çykan beýik dölet işgari, serkerde şahyr, meşhur diplomat Baýram han Türkmendir.
Hemmamize malim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, baky Bitaraplygyň 25 ýyllygy, şeýle hem 2021 - nji ýylyň “Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli, dünýade türkmeniň giöden tanalmagynda taryhy wezipani amala aşyran Muhammet Baýram han Türkmene bagyşlanyp halkara forumyň geçirilmegi meýilleşdirilýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle bellap geçýar: “ Garagoýunly türkmenlerden gelip çykan hanlar hany Baýram hanyň, onuň ogly Abdyrahym hanyň Beýik Mogollar şadöwletiniň berkemeginde we güllap ösmeginde bitiren hyzmaty çaksizdir. Halkyň jümmüşinden çykan beýik serkerde şahyr Baýram han Türkmen galamyň we kelamyň güýji bilen uly işleri bitiripdir, halk bahbidiniň hem-de adalatynyň goragçysy bolupdyr. Şahyranalyk we pelsepewi paýhas bitewiligi ynsanyýetiň waspy we adam mertebesini ýokary götermek hakyndaky müň öwüşgünli garaýyşlar şahyryň döredijiliginiň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Ynsanperwerligiň, dostlugyň, ýagşylygyň, gözelligiň waspnamasy hökmünde umumyadamzat şygryýet hazynasyna giren Baýram hanyň edebi mirasy biziň milli buýsanjymyzdyr. Jemgyýetimiziň galkynýan taze taryhy döwründe özüniň öçmez-ýitmez şygyrlary bilen türkmen halkynyň ruhy dünýasini aleme ýaýan serkerde şahyr Baýram hanyň adyny, mertebesini şöhratlandyrmak biziň mukaddes borjumyzdyr.”
Türkmen halkynyň döwlet gurmak, döwletlilik ýörelgeleri, şeýle-de diplomatiýasynyň taryhynda mynasyp yz galdyran beýik taryhy şahs hasaplanýan Muhammet Baýram han Türkmen barada türkmenleriň Hindistandaky taryhy yzlary hakda ençe makalalar ýazan halypa taryhçy J. Hatamow şeýle belleýar:” Köplenç hökümdarlar barada köp ýazylyp, olaryň meşhurlygynda az hyzmatlar bitirmedik ýakyn kömekçiler unudylýar. Ýöne taryh Baýram han Türkmen barada welin, dymmandy. Hindistandaky Beýik Mogollar imperiýasy hakynda bolsa Baýram han Türkmensiz gürrüň etmek asla mümkin dal”. Halypa taryhçynyň bu sözleri hakykatdan hiç hili daş düşmeýar.
Muhammet Baýram hanyň harby hereketleri, meşhur serkerde we döwlet işgari, tejribeli diplomat we döwrüniň meşhur şahyry bolandygy baradaky maglumatlar bilen tanşanyňda, hakyky türkmen gerçegine mahsus bolan batyrlygy, edermenligi wepadarlygy we uçursyz pahim-paýhaslylygy görmek bolýar. Onuň esasy harby hereketleri Muhammet Humaýunuň Güljeradyň hakimi Bahadyr şanyň garşysyna uruş yglan etmegi bilen başlanýar. Bu söweşler barada gysgaça seredip geçeris.
Baýram han türkmen gelip çykyşy boýunça türkmeniň baharly tiresine degişlidir. Bahar, bahar ili baharly tiresi Oguz hanyň başinji ogly Dag handan we onuň ogly Imr boýy, Imr ili, hususanda, onuň baharlyn sahasy taryha Ýunuň Emre, Baýram Hoja, Gara Ýusup, Jahanşa Hakyky, Aly Şükür beg, Baýram han, Abdyrahym han- hanan, Soltanguly Kutubşa, Emirhan Mosully, Magrupy ýaly beýik şahslary we türkmenleriň Garagoýunly, Kutubşalar döwletlerini berdi.
XVI asyrda Mogol imperiýasynyň (owganystanda, Hindistanda, Pakistanda) döran döwründe türkmenler hazirki Türkmenistanyň çaklerinde we onuň serhetlerinde daşarda-da döwlet gurupdyrlar. Baýram han bolsa ata Watanyndan uzakda ýaşan we halkyny meşhur eden türkmenleriň biridir.. ol we onuň bilen bagly Mogol imperiýasynyň üç patyşasy barada ýazuw çeşmelerinde gymmatly maglumatlar. Saklanyp galypdyr. Deli uniwersitetiniň professory Ram Kişori Pandiniň “ Muhammet Baýram han Türkmeniň ömri we edermenlikleri” atly işinde “ Başga serdarlaryň hiç biri-de batyrlykda, döwleti dolandyrmak, ussatlygynda, alymlykda, edebiýaty oňat bilmekde we söweş tejribesinde Baýram han bilen basleşip biljek daldi, çünki ol türkmendi” diýip bellapdir.
1523- nji ýylda Zahyreddin Muhammet Babyr 16 ýaşly ogly Humaýuny terbiýeçi bellap, oňa Baýramyň aňyrsynyň t türkmen beglerindendigini, onuň bilen mylaktly, hormatly bolmalydygyny tabşyrýar.
Babyr ýogalandan soň, Baýram han baş wezirlige bellenilýar. Ol şol bir wagtyň özünde goşunbaşy wezipesini hem ýerine ýetirýar. Şeýle hem döwleti dolandyrmakda Humaýunyň ýakyn kömekçisine öwrülýar.
Beýik Mogollar döwletini imperiýa derejesine ýetirmekde Baýram hanyň aýratyn hyzmaty bolupdyr. 1526- njy ýylda Deli soltanlygynyň goşuny bilen çaknyşykda Babyr üstün çykýar. Şol ýyl Beýik Mogollar döwletiniň düýbü tutulýar.
1530-njy ýylda Babyr patyşa dünýaden ötýar. Şol ýyl onuň ornuna 22 ýaşly ogly Humaýun (1530- 1556ý) soňra agtygy Akbar (1556- 1605ý) tagta çykýar. Bularyň döwründe döwlet Beýik Mogollar imperiýasyna öwrülýar.
Hindistanyň ähli (çet günortasyndaky bir-iki welaýatdan başga) ýerlerini öz içine alyp durmuş- ykdysady we medeni taýdan ösüpdir. Şol ösüşe ürkmenler hem uly goşant goşupdyrlar. Seýfalynyň ogly Baýram hanyň we agtygy Abdyrahym hanyň bitiren işleri onuň aýdyň mysalydyr.
1539-njy ýylda Biharyň hakimi Şir han Humaýuna garşy gozgalaň turuzýar. Şir han Beýik Mogollar döwletiniň tagtyny eýeleýar. Baýram han Humaýuny halas etmek üçin özi Şir hanyň esgerlerine ýesir düşýar. Soňra ol ýesirlikden gaçmak bilen, Beýik Mogollar döwletiniň patyşasy bolmak umydyny ýitiren Humaýunda ynam döredýar.ony türkmenleriň Sefrwiler döwletiniň patyşasy Tahmasp I ýanyna akidip, Şir hana garşy harby kömek soraýar. Iki patyşanyň hökümi esasynda “hanlar hany” derejesini alan Baýram han Şir hanyň garşysyna gitjek iki goşunyň hem serdary edilip bellenilýar. Patyşalar tarapyndan Baýram hana “Ahli türkmenleriň ýaşulysy” diýen hormatly ady bermek pikiri hem orta atylýar.
Baýram hanyň kömegi bilen 1554- nji ýylda Humaýun ikinji gezek Beýik Mogollar döwletiniň tagtyna geçýar. Humaýun berlen kömek üçin Kandagar welaýatyna Sefewilere sowgat beripdir. Baýram han bolsa Kandagara Beýik Mogollar döwletiniň ilçisi edilip iberilipdir. Şol wagtlar Tahmasp şanyň ogly Myrat Kandagaryň hakimi bolupdy. Ol aradan çykandan soňra, hakimlik Baýram hanyň ygtyýaryna geçipdir. Baýram han şol ýere öz tiredeşleri bolan baharlylary göçürçp getiripdir. Sebabi oňa-da daýanara güýç gerekdi. Baýram han Kandagary adalatly dolandyrypdyr. Onuň ýolbaşçylyk eden döwründe Kandagarda asudalyk, bolçulyk höküm sürüpdir.
XVI asyryň 40-njy ýyllarynda Baýram han diňe bir serkerde diýen şöhrata däl, eýsem meşhur şahyr diýen şöhrata hem eýe bolupdyr. Ony Hindistanyň görnükli hökümdary bolan şazada Akbaryň - wagtlaýyn hökümdary edip belläpdirler. Akbar mogol tagtyna çykandan soň, öz hossaryny hökümet başlygy edip goýýar. Oňa ýüz tutanynda hem “wepaly dost” (ýar-e welfadar) ýa-da has hormatlap, “han babam” diýipdir.
1556-njy ýyla çenli ýurtda Baýram hanyň täsiri güýçlenipdir. Köşkdäki emeldarlar, ilkinji nobatda hem hökümdaryň kowumlary, ondan juda heder edipdirler. Emma haýal etmezden, Baýram hanyň garşysyna örän ýiti köşk pitnesi döredilipdir. Baýram han özüniň döwletdäki ýokary wezipesine buýsanyp, ilki başda ol pitneçilere kän bir üns hem bermändir. Baýram handan musulman ruhanylary hem närazy bolupdyrlar.
Baýram hany halamaýanlaryň edýän bu töhmetleri we pitneleri basym döwleti özbaşyna dolandyrýan dikmesinden närazy bolan gujurly Akbar bilen Baýram hanyň arasynda ýaşyryn duşmançylygy döredipdir. Bu duşmançylyk 1560-njy ýylda äşgär bolupdyr. Döwleti we köşgi dolandyrmak işinden Baýram han üzül-kesil mahrum edilipdir. Köşgüň görkezmesi boýunça hereket edýän erkli hökümdarlaryň gysmagy zerarly, Baýram han Bikanar galasynda ýaşaýan bir hindi rajynyň öýünde özüne gaçybatalga tapypdyr. Baýram han bilen bu raj köpden bäri dost eken.
Köp çeşmeleriň tassyklamagyna görä, Baýram han öz töweregine zehinli şahyrlary, alymlary, sazandalary we suratçylary üýşüripdir. Baýramyň özi şahyr bolansoň, hakyky şahyrana söze ýokary baha beripdir we onuň ussatlaryna hemaýat edipdir. Şol döwürde guralan edebi ýygnanyşyklarda – agşamlarda parsy we türki dillerdäki nusgawy edebiýatlaryň görnükli wekilleriniň: Enweriniň we Hakanynyň, Saadynyň we Hafyzyň, Rumynyň we Haýýamyň, Lutfynyň we Nowaýynyň, Ataýynyň we Sakkakynyň, Emiriniň we Husaýynyň iň gowy eserleri okalypdyr hem ara alnyp maslahatlaşylypdyr. Şondan soň şahyryň döwürdeşleriniň eserleri diňlenilipdir. Türki dildäki eserler ara alnyp maslahatlaşylanda, iň soňky söz Baýram hana berlipdir, çünki döwürdeşleriniň ykrar etmeklerine görä, ol türki dildäki edebiýaty örän gowy bilipdir. Baýram han kyssa eserlerini hem ýazypdyr. Şahyryň oglunyň ýaşan döwründe gulluk eden taryhçy Nahawandy şeýle ýazypdyr: “Ol şygryýetiň we kyssanyň aýlawynda ökde çapyksuwar bolupdyr”. Baýram han saza uly hormat goýupdyr, köp üns beripdir. Ol diňe bir türki halklarynyň sazlaryny däl, eýsem hindi halklarynyň sazlaryny hem bilipdir.
Baýram hanyň 1910-njy ýylda Bengalynyň Aziýa jemgyýeti tarapyndan neşir edilen uly bolmadyk diwany bar. Baýram hanyň diwany parsy we türkmen dillerinde ýazylan 1918 setiri öz içine alýar. Bize elýeterli golýazma çeşmelerde şahyryň eserlerinden saklanyp galan şygyrlaryň bu sanyny ýene 100 setir köpeltmek boljak.
Baýram han iki dilde eser ýazan şahyrlaryň toparyna girýär. Onuň diwany parsy we türkmen dillerinde ýazylan uly bolmadyk iki bölekden ybaratdyr. Şahyryň parsy dildäki diwany, möçberi boýunça, türkmen dilindäki diwanyndan tapawutlanýar. Baýram hanyň diwany öz ogly Abdyrahym tarapyndan düzülipdir.
Bu diwanlaryň ikisi hem, däp boýunça, kasydalar bilen başlanýar. Şolaryň arasynda gutarylmadyklary-da bar. Baýram hanyň türkmençe ýazylan bir kasydasyndan beýleki kasydalaryň ählisi adaty häsiýetde düzülipdir. Olaryň bir topary musulman ruhanylaryna, ikinji topary Beýik Mogol hökümdarlary Humaýuna ýa-da Akbara gönükdirilip ýazylypdyr. Baýram hanyň parsy dildäki eserlerine, edil şonuň ýaly hem türkmen dilindäki eserlerine içgin syn edenimizde, olaryň çeperçiligine ýazaryň ägirt uly üns berendigini görýäris. Şahyr göwnejaý utgaşmalary, şygryň aruz ölçegini örän söýüpdir. Başgaça aýdanymyzda, ol ölçegiň ösüşinden ugur alyp, şygryň umumy labyzlylygyny güýçlendirýän rifmalary örän ýerlikli saýlap almagy başarypdyr.
Ýokarda bellap geçenimizde Abýram han diňe bir wezir, diplomat bolman ol eýsem şahyr hem bolupdyr.
Nusgawy şygryýetiň baý dessuryny, sansyz formal tärleri, hususan hem pars-täjik oda ýazyş sungatyny peýdalanmak bilen, Baýram han kasydanyň ünsüni özüne çekiji örän hakyky nusgalaryny döredipdir. Mysal üçin, “gabak” (kädi) oýnuny suratlandyrýan kasydany görkezmek bolar. Bu kasyda suratlandyryş örän ussatlyk bilen berlipdir. “Gabak” (gabakbazy) türkmenleriň arasynda giňden ýaýrapdyr. Onda nyşana ýaýdan ok atypdyrlar. Nyşana üçin hem kädi (gabak) goýupdyrlar [1.1]. Şahyr bu kasyda üçin aruzyň has köp ulanylýan we ýeňil ölçegi bolan emeli saýlap alypdyr. Şol kasydanyň başky iki setiri, ine, şeýle berlipdir:
“Gabak düwüni seniň okuňy kejekden alyp gitdi,
Gazylyp ýazylan ýyldyz täze dogan Aýdan Perwin ýyldyzynyň şekilini etdi” [1. 18 s.].
Öňde bellenişi ýaly, kasydanyň esasy temasy “Gabak” oýnuny suratlandyryp görkezmekden ybaratdyr. Bu söz birinji setirde görnüp dur. Şahyr eseriň duýgulaýyn täsirini, şeýle hem ritmik labyzlylygyny güýçlendirmek üçin rifma hökmünde “kejegi” (bu ýerde gaňyrçak), heka (çapmak), ýagny esasy mowzugy öz içine alýan “gabak” bilen sazlaşykly gelýän sözi ulanypdyr. Emma şahyrda rifma saýlanyşy diňe şu aňlatmalar bilen şertleşmeýär. Onda duýgulaýyn ses ýazuwyny berýän rifmalara ýüzlenmegi oýandyrýan has möhüm sebäpleri hem görmek bolýar. Şu kasydanyň her iki setirini okanyňda, hakykatdan hem olardan ok kädä degende gelýän seslere (hek, mehek, pelek, tepek, gadak we başgalary) örän açyk eşidýärsiň.
Nowaýy “Mizanul-awzan” atly meşhur eserinde müstezat şekilinde düzen ilkinji şygyrlaryny getiripdir. Beýik Nowaýynyň şol şygyrlary Baýram hany şu kasydasyny düzmäge ruhlandyrypdyr. Pars-täjik we türki dildäki edebiýatlary iň gowy bilýänleriň biri Ý.E.Bertelsiň belleýşi ýaly, Nowaýy emanasiýa teoriýasyny peýdalanmak bilen, şu teoriýa gös-göni dogry gelýän “tajalla” (gözellik, ýalkym) adalgalaryna ýüzlenipdir [3. 53 s.]. Bu Gurhanyň adalgasyny – “tajallany” Baýram öz kasydasynda bir gezegem ulanmandyr. Şahyryň bu kasydasy onuň gazallaryndan tapawutlanýar, çünki ol munda parsy çeper çeşmelere ýygy-ýygydan ýüzlenipdir. Onuň kasyda, keşp we düşünje döretmek barada uzak ýyllaryň dowamynda işlenip taýýarlanan tejribesinden peýdalanypdyr. Eserlerinde parsy dildäki sözleriň we söz düzümleriniň barlygyna garamazdan, Baýram han öz esasy döredijilik ýörelgelerine – mümkin boldugyça, düşnükli we başarjaňlyk bilen ýazmak ýoluna wepaly bolup galýar.
“Emtarda her katra gözu-husnuna,
Eşjarda her berg dili hamdyna gul.
Bilbil boluban gül kibi ruhsaryna wam,
Perwana bolup şam sypat husnuna şeýda.
Rindana kadyň jilwesinden pitnede Wamyk,
Mestana gözüň yşwasydan gamzede Uzra” [1. 51 s.].
Baýram hanyň türkmen dilindäki gazallary onuň döredijiliginiň täjidir. Şahyr bu gazallarynda özüni hakyky, ýakymly lirik hökmünde görkezipdir. Onuň türkmen dilindäki gazallarynyň çeperçiligi hatda parsy dildäki gazallarynyň çeperçiliginden hem ýokarydyr. Bu ýerde şahyr hökmünde Baýramyň ussatlygynyň uly çeperçilik güýjünden başga ýene-de onuň ene dil töweregini, özünden ozal döredilen türki dildäki şygryýet bilen ysnyşykly baglanyşygyny, elbetde, döredijilikli planda nazara almak gerek.
Baýramyň kasydalarynda öz öňünde goýan wezipelerinden onuň çeper žanr hökmünde gazala bolan garaýşynyň has tapawutlanýandygyny ozal aýdypdyk. Öz döwürdeşi beýik Fuzuly ýaly, Baýram han gazal žanryna giň halk köpçüligine düşünmesi ýeňil bolan çeper eseriň görnüşi hökmünde garapdyr. “Gazal ýeňil okalýan we düşünmek üçin ýönekeý bolmalydyr”, XVI asyryň birinji ýarymynda türki dilde ýazan öňdebaryjy şahyrlar şol wezipäni berjaý etmäge çalşyrypdyrlar. Şu ugurdan XV- XVI asyrlarda, ýagny Baýram hanyň ýaşan we döreden döwründe, türki dildäki edebiýatlarda güýçli ösüşi başdan geçiren gazal žanryna birnäçe talap bolupdyr.
Baýram han bu wezipäni parsy dildäki gazallarynda kem-käsleýin amala aşyrypdyr, çünki ol ene dilindäki gazallaryny ýazanynda bolşy ýaly, parsy dildäki gazallaryny ýazanynda hem özüni erkin duýup bilmändir. Şonuň üçin ol wezipe kem-käsleýin ýerine ýetirilmändir. Baýramyň gysga sözli we örän labyzly türkmen dilindäki gazallary beýik Fuzulynyň çagyryşlarynyň şygryýetdäki anyk jebisleşiginiň ýene-de biridir, çünki Fuzuly şahyryň hakyky ähmiýetini onuň şygyrlarynyň halka düşnükli bolmagynda görüpdir. Baýramyň gazallary ýokary çeperçiligi sebäpli, ilkinji setirlerden başlap, okyjylaryň ünsüni özüne dartyp alýar:
“Gaşyňga düşgeli eý, serwi-gülgüzar, saçyň,
Meni ýel ösgeli dek kyldy bikarar saçyň.
Pyraky – ýar tüni boldy subhy-röwşeni-wasl,
Dararda düşgeli ýüzüňe tar-tar saçyň.
Açylsa nafa ýüki müşk ysy dagalgan dek,
Muatter eýledi älemni müşkbar saçyň.
Ýesiri-yşkyň imes, özlügi bilen Baýram,
Salypdyr any bu söwdaga, eý nigär, saçyň” [1. 78 s.].
Bu çuň liriki gazal onuň ýazarynyň uly çeperçilik ussatlygyna şaýatlyk edýär. Ol temasy boýunça asla täze däl. Bu pars-täjik şygryýetinde sansyz köp gezek gaýtalanan we şöhratlandyrylan has köne temadyr. Emma zehinli şahyr şol köne temany özüniň däp bolan keşpleri bilen täzeçe ýaňlanmagyna mejbur edipdir. Onda her iki setirde gaýtalanýan we türki dildäki gazallara mahsus bolan ajaýyp labyzlylygy döredýän “saçyň” diýen redif ünsüni özüne çekýär.
Baýram hanyň türkmen dilindäki gazallarynyň hemmesine diýen ýaly şu häsiýet degişlidir. Ýokarda getirilen kasydanyň tersine, Baýram han öz gazallarynda sopuçylyk lirikanyň ýa-da sopuçylyk simwolika hökmünde kabul edilip bilnäýjek lirikanyň keşplerini ulanmakdan gaça durmaga çalyşýar. Bu delil, Baýram hanyň sopuçylyk panteizm ideýasynyň meýlinde bize belli bir kasydany ýazan bolsa-da, onuň lirikasynyň döwürdeş şahyrlarynyň köpüsiniň döredijiligine täsirini ýetiren sopuçylykdan daşdalygyna ýene bir gezek görkezýär. Öz mazmunlarynyň täzeden sopuçylyk äheňde aňladylmagyna Baýram hanyň gazallary asla ýol bermeýär. Şahyr türkmen dilindäki gazallarynda olaryň şadyýan häsiýetini aýratyn nygtaýar. Mysal hökmünde şu gazaly görkezmek bolar:
“Her niçe, eý biwepa, waslyňa laýyk bolmasam,
Yşk ähli bolmaýyn, yşkynda sadyk bolmasam.
Tapmaýyn senden myrady ygtykadym bolmasa,
Sen mana bolgul muhalyp ger muwapyk bolmasam.
Yşk älem kaýdydan boldy halasymga sebäp,
Netgeý erdim munça mähnet mirm aşyk bolmasam.
Goý, ki Baýram dek yrakdan jilweýi-husnuň göreý,
Her niçe, eý biwepa, waslyňga laýyk bolmasam” [1. 59 s.].
Bu şygyrdan görnüşi ýaly, Baýram han hakykatdan hem ýer ýüzündäki hakyky söýgini wasp edipdir, öz eserleriniň sopuçylyk, simwolik söýgi meýlinde düşündirilmegi üçin hiç hili ýoda goýmandyr.
Baýram hanyň türkmen dilindäki lirikasyna halk şygryýetiniň täsiri örän güýçli. Bu täsiri ýokarda mysal alnan gazalyň “Bolmasam” redifinden, onuň umumy gurluşyndan (aýdaly, ilkinji setiriň ikinji ýarymyny gaýlatamak bilen, gazaly tamamlamakdan), ahyrda hem käbir ýumoristik äheňlerden görmek bolýar.
Baýram hanyň türkmen dilindäki gazallarynyň, hatda rubagylarynyň hem ählisi diýen ýaly türkmen halk aýdymlarynyň ruhunda ýazylypdyr. Şahyryň gazallarynyň, şol sanda ýokarda mysal getirilen gazalynyň-da içinden geçýän oky olaryň halk şygyrýetiniň stiline ussatlyk bilen ýakynlaşdyrylan labyzly stilidir.
Halk aýdymlarynyň gaýtalap bolmajak nepis we çuň labyzlylygyny ýazaryň öz gazallarynda berip bilendigini aşakdaky mysal açyk görkezýär:
“Eý çemeni janara, serwi-hurman giňem,
Ömür gülüstanyda gunçaýy-handan ginem.
Gözi meni almagan, bir nazary kylmagan,
Köňlüm alyp bilmegen, dilberi-nadan ginem.
Hem özüm ýagşy gine, hem gözi ýagşy gine,
Hem sözi ýagşy gine, bolma puşeýman ginem.
Eý kaddy çäbik gine, weý lebi näzik gine,
Weý sözi ötrük gine, wadasy ýalgan ginem.
Wasygeýi döwleti waslyň eger bolmasa,
Mähneti hijran era çykgusydyr jan ginem” [1. 60 s.].
Mysal getirilen gazalyň halk aýdymlaryna ýakynlygy görnüp dur. Bu aýratynlygyň neneňsi we nähili aňladylanlygyna ser salalyň.
Baýramyň eserleriniň ählisi şahyryň ýaşan döwründäki edebiýatda agalyk süren nusgawy aruz ölçegi bilen ýazylypdyr. Emma türkmen şahyrynyň öz gazallarynda owazy boýunça aruzyň türki halklarynyň aýdymlary bilen örän ýakyn bolan ölçegine köp ýüzlenýändigi tötänden däldir.
Alyşir Nowaýynyň çeper edebiýat boýunça ýazan “Mizanul-awzan” atly traktatynda aruzyň birnäçe ölçeginiň türki halk aýdymlarynyň ruhundadygy baradaky garaýşy bilen Baýram hanyň örän oňat tanyş bolanlygyna şübhe ýokdur. Nowaýynyň kesgitlemegine görä, mysal getirilen munsereh ölçegindäki (-u-i-u-i-u-i-u) gazal gülküli degişmä mahsus bolan halk aýdymy çanginiň gurluşyna laýyk gelýär. Bu häsiýet Baýram hanyň gazallarynda hem duşýar. Baýram hanyň gazallarynyň halky ruhy diňe bir olaryň ölçegleriniň degişme häsiýetli türki halk aýdymlary bilen meňzeşliginde aňladylmandyr.
Halk aýdymynyň ruhuny güýçlendirmek üçin ýazar şu ýagdaýda içki rifmadan hem peýdalanýar. Ol şu maksat bilen halk gepleşik dilinden kiçeldijilik-söýgülilik suffiksi “ginäni” redif hökmünde peýdalanypdyr. Şahyr türki halk aýdymlaryna dogry gelýän remel ölçeginde ýazylan şu gazalynda bu wezipäniň hötdesinden örän oňat gelipdir.
“Kylmagyl, eý şowky-serkeş munça biperwaýlyk,
Bir meniň raýym bile bol, tabekeý hudraýlyk.
Gam tüni gan ýyglarymnyň mähnetli köňlüm bilur,
Gerçi gözüme görünmes munça hunpalaýlyk.
Täki dogry ahtary-döwlet sagadat burgudan,
Kylmady bir köwkep ol aý dek jahanraýlyk.
Çün tapylmas bir güli-bahar älem bagyda,
Bagbanlar ta keý etgeýler çemenpiraýlyk.
Diýmegil, Baýram ki biperwaýdyr ol soltany,
Patyşadyr, ne ajap ger kylsa biperwaýlyk” [1. 69-70 s.].
Şahyryň türkmen dilindäki gazallarynyň çeper žanryndan, kompozision esasyndan başga, olaryň dilinde hem halk döredijiliginiň täsiri güýçli bolupdyr. Eger-de, mysal getirilen gazala syn etsek, ondaky rifmalaşýan sözleriň we söz düzümleriniň (perwa-alada, hudraý-öz erkli, hunpalaý-gan akýan, ruhefzaý-göwün göteriji, jahanraý-dünýäni bezeýji, piraý-bezeýji) ählisiniň parsy dilden alnandygyny göreris.
XVI asyryň birinji ýarymynyň şahyrlary nusgawy şygryýetiň meşhur eserlerine jogap-öýkünme düzmek bilen köp meşgul bolupdyrlar. Bu jogaplaryň-öýkünmeleriň köpüsi emelsiz ýasalan zat sypatynda bellenipdir. Şonuň üçin olara özbaşdak, hakyky edebi eser hökmünde seredilip bilinäýjegi gümanadyr. Emma gazal hem kasyda žanrlarynyň nusgawy nusgalaryna öýkünmek ruhunda ençeme jogap-nezire döreden halaty we Baýram han ýaly şahyrlar bu meselä ýüzugra däl-de, döredijilikli çemeleşipdirler. Baýram hanyň parsy dildäki gazallarynyň bir toparynda Hafyzyň we Saadynyň lirikasynyň täsirini görmek kyn däl. Türkmen şahyry beýik ussatlar hökmünde olara tagzym edipdir. Ine, şundan hem onuň Hafyz we Saada, aýratyn-da olaryň döredijiligindäki duýguçyl ses we ýazyş ýoly bilen täsiri güýçlendirmek tärine, gazalyň özboluşly sazlaşdyrylmagyna öýkünmäge çalyşmagy başlanýar. Kasyda žanry boýunça onuň ruhlandyryjylary meşhur şahyrlar Enweri we Hakany bolupdyr. Parsy dildäki edebiýatyň kasyda şekiliniň bu iki halypasynyň döredijilik usulyny Baýram han öz kasydalarynda hatda sintezleýär. Ine, şoňa görä nusgawy poetikanyň kasyda ýazmak düzgünlerinden edýän talabyny hiç bir ýagdaýda aşak düşürmezden, Baýram hana manysyz ritoriki çylşyrymlylaşmakdan gaça durmak başardypdyr. Awtoryň türkmenleriň gabak oýnuny suratlandyrmaga bagyşlap ýazan parsy dildäki kasydasy muňa mysal bolup biler. Bu barada ozal durup geçipdik.
1555-nji ýylda Baýram han ýene-de Humaýun tarapyndan goşun başlygy wezipesine bellenilýar. Şol ýylda ol Penjabyň hökümdary Isgenderiň 80 müňlik goşunyny Mahçiwar diýen ýerde ýeňlişe sezewar edýar. 1555- nji ýylyň ahyrynda Baýram han Isgenderiň üstüne ýörişe çykanda, ýanynda Akbar hem bardy. 1556-njy ýylyň 28-nji ýanwarynda Penjabyň Kalanur diýlen ýerinde Baýram hana Humaýunyň tarpa taýyn aradan çykandygy baradaky habary gowuşýar. Ýaňy 13 ýaşyny dolduran Akbar şol ýerde “imperator” diýlip yglan edilýar.
Humaýun patyşa ölenden soňra, 1556-1560- njy ýyllarda Beýik Mogollar döwletini Baýram han dolandyrýar.
Baýram han Kandagardan Hindistana gidenden soňra, şol ýerde 1557- njy ýylda uly gozgalaň turýar. Kandagar Baýram hanyň mülki bolandansoň, Tahmasp şa dostuna kömek etmek üçin, gozgalaňy basyp ýatyrmaga goşun iberipdir. Baýram hanyň mekir duşmanlary ýagdaýdan peýdalanyp, “Beýik Mogollar döwletini eýelemage synanyşýar” diýip, Baýram hany ýamanlapdyrlar. Şol sebapli hem 1560- njy ýylda Baýram han köşkden daşlaşdyrylypdyr. Şöne Akbar Baýram hanyň günasizdigini göz ýetirip, oňa taze wezipe hödürlapdir. Baýram han hödürlenen wezipelerden ýüz dönderip, özüne Mekga haja gitmage rugsat sorapdyr. Ol Mekga sapara çykýar. Pantan diýen ýerde birnaçe günlap dybç alýar. Şol ýerde hem Baýram hanyň ganym duşmany, haýyn Mübarek Loha diýen adamyň ýolbaşçylygyndaky topar 1561- nji ýylyň 31- nji ýanwarynda gapyllykda onuň üstüni basýar. Ol şol ýerde wepat bolýar. Baýram han ilki Şyh Hysamuddin gonamçylygynda jaýlanylýar. Soňra bolsa Dela getirilýar. Baýram hanyň ýegeni Hüseýinguly han 17 ýyldan soň, daýysynyň jesedini Maşada getirip, Şyh Gedaý metjidiniň ýanynda jaýlaýar.
Mürrikow Daýançmyrat
TOHU-nyň mugallymy
Soňky täzelikler
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI