
08/08/2025
23
Raýat jemgyýetiniň forumy: umumadamzadyň bähbidine hyzmatdaşlyk rowaçlanýar
Häzirki wagtda bütin dünýäniň nazaryny «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna gönükdiren Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde köpugurly forumlaryň birnäçesi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýär. 4-nji awgustda bu maslahatyň taryhynda ilkinji gezek geçirilýän Raýat jemgyýetiniň forumy öz işine başlady.
Umumadamzat ähmiýetli bu foruma BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik meseleleri boýunça orunbasary, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, halkara guramalaryň, raýat jemgyýetiniň, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdylar.
Ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, abadançylygy berkitmekde, durnukly ösüşi üpjün etmekde raýat jemgyýetiniň teklip edýän netijeli innowasion çözgütleri hem-de pikir-garaýyşlary möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda bu forum raýat jemgyýetine dünýä ýurtlarynyň hem-de BMG-niň ýokary wezipeli wekilleri we esasy gyzyklanma bildirýän taraplar bilen tejribe alyşmak, çözgütleri teklip etmek hem-de DÇBÖBD üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda durnukly ösüş ulgamynda gün tertibini kesgitlemek üçin giň mümkinçilikleri döretdi. Mälim bolşy ýaly, ýerli guramalardan başlap, halkara guramalara çenli raýat jemgyýetiniň subýektleri milli strategiýalary işläp taýýarlamakda we amala aşyrmakda esasy orunlaryň birini eýeleýärler. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy hem hökümetler we hususy pudak bilen bir hatarda, raýat jemgyýetiniň işjeň gatnaşmagyna bagly bolup durýar.
Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynda raýat jemgyýeti möhüm orny eýeleýär. Şunda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi ýaly jemgyýetçilik guramalarynyň, bileleşikleriň we jemgyýetçilik esasdaky birleşikleriň alyp barýan netijeli işleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Forumyň ilkinji gününde geçirilen «Adamlaryň bähbitlerini göz öňünde tutýan düzümleýin özgertmeler we ekologiýa durnuklylygy» atly mejlis özara tejribe alyşmak we DÇBÖBD üçin anyk maslahatlary işläp taýýarlamak babatda ähmiýetli meýdança öwrüldi. 5-nji awgustda forum «Sanly ykdysadyýet, innowasiýalar we durnukly ösüş», «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin maliýe arhitekturasy, maliýe syýasaty hem-de hyzmatdaşlyk» atly mejlislerde öz işini dowam etdirdi.
Yhlas Hallyýew,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby,
«Esger».
Çeşme: "Esger" gazeti - 07.08.2025 ý. // https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/10/articles/203707