30/11/-0001
2045
Garaşsyzlyk, Bitaraplyk – goşa buýsanjymyz
«Garaşsyzlyk, Bitaraplyk - ösüşiň goşa ganaty» atly
çeper-publisistik makalalar bäsleşigine
Hormatly Prezidentimiz 1-nji sentýabr Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli talyplar we okuwçylar bilen geçiren duşuşygynda: «Durmuşdaky ähli düşünjedir bilimler Watandan başlanýar. Äpet Ýer togalygynyň Ýewraziýa yklymynda ýerleşýän Türkmenistan biziň eziz Watanymyzdyr, ata-babalarymyzdan miras galan we soňky nesillere galjak bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Bu nurana topragy söýmek, goramak, gülletmek biziň her birimiz üçin parzdyr. Biziň at-abraýymyz, mertebämiz we derejämiz şu topragyň şöhratyny belende göterip bilşimize baglydyr. Ata Watanymyzyň her daban ýeri biziň beýik mukaddesligimizdir» diýip belläp geçmegi .
Hakykatdan hem, milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bize ata-babalarymyzdan galan mirasdyr. Döwletimiziň döräni bäri ýaňy otuz ýyl geçen hem bolsa, ata Watanymyzyň ömri müňýyllyklara uzaýar. Taryhda diňe bir öz mukaddes topragymyzda däl, eýsem dünýäniň çar künjeginde birnäçe ululy-kiçili türkmen döwletleri, hanlyklary, beglikleri döräpdir. Biziň ata-babalarymyz öz topragyny jany-teni bilen söýüpdirler, ony gorapdyrlar. Bu taryhy doly, aýdyň halkymyza tanyşdyrylmagy, Garaşsyzlygymyzyň bize beren hazynalarynyň biri boldy. Bu barada ýazyjy Osman Ödäýew: ,,Garaşsyzlygyň türkmen halkyna beren gaty kän. Ýöne şolaryň içinde iň möhümi näme? Ol biziň taryhymyzy gaýtaryp berdi” diýip, ýerlikli belläpdir.
Hawa, Garaşsyzlyk türkmeniň aslyny berdi. Bagtyna, bagtyýarlygyna, tuguna, tugrasyna eýe etdi. Buýsanç, begenç, guwanç ýaly birnäçe duýgulary oýardy. Milliligine, milli ruhuna eýe getirdi. Baş Kanunymyzy, milli manadymyzy döretdi, ene dilimizi gaýtaryp berdi. Şeýlelik bilen, ýurdumyz dostlugy, parahatçylygy, ynsanperwerligi goldaýan baky Bitarap döwlet boldy.
Taryhy maglumatlardan bilşimiz ýaly, täze türkmen döwletiniň gurlup başlanmagy 1990-njy ýylyň 22-nji awgustyndan başlandy. Bu günde Türkmenistanyň Döwlet özygtyýarlygy hakynda Jarnama kabul edildi. Jarnamada ýurdumyzyň dünýä bileleşiginiň doly hukukly we garaşsyz agzasy bolýandygy beýan edilip, ýurduň bütin çäginde döwlet häkimiýetiniň hökmürowanlygy, özbaşdaklygy, doly ygtyýarlylygy, mizemezligi, halkara gatnaşyklarda özüniň garaşsyzlygy we deňhukuklylygy hökmünde ýurduň döwlet özygtyýarlylygynyň jar edilýändigi kesgitlendi. Şeýlelikde, 1991-nji ýylyň altyn güýzünde dünýäniň kartasynda Türkmenistan atly döwlet peýda boldy. Magtymguly Pyragy ýaly beýik türkmen şahsyýetleriň özbaşdak, garaşsyz, berkarar döwlet gurmak baradaky arzuwlary hasyl boldy.
Özbaşdak döwlet hökmünde Garaşsyz Türkmenistan özüniň mundan soňky ýaşaýşynyň esasy ýörelgesi hökmünde halkymyzyň pähim-paýhasyndan, onuň telim asyrlyk taryhy we medeni däp-dessurlaryndan syzylyp çykýan milli tejribäniň esasynda özüniň milli döwlet bähbitlerine laýyk geljek, halkymyza öz goňşulary, umuman, ähli ýurtlar bilen dostlukly we deňhukukly gatnaşyklary saklamaga we ösdürmäge mümkinçilik berjek syýasaty – hemişelik, oňyn Bitaraplyk syýasatyny saýlap aldy. Şol syýasatyň parahatçylyk söýüjilik, beýleki döwletleriň işlerine goşulmazlyk, olaryň özbaşdaklygyny we çäk bitewiligini hormatlamak, halkara harby guramalara we şertnamalara gatnaşmazlyk, halkara meselelerini syýasy-diplomatik serişdeler arkaly çözmek ýaly düýpli ýörelgeleri hem işlenip taýýarlanyldy.
Türkmenistanyň hemişelik, oňyn Bitaraplyk syýasatyny saýlap alanyndan soň, bu ugurda biziň döwletimiziň indiki ädimi ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň tutuş dünýä bileleşigi tarapyndan resmi taýdan ykrar edilmegini gazanmak boldy.
Ilkinji gezek Türkmenistanyň syýasatda oňyn bitaraplygy we ykdysadyýetde açyklygy 1992-nji ýylyň 10-njy iýulynda Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň Helsinkide (Finlandiýa) bolan maslahatynda goldanyldy. Soňra, Türkmenistanyň Bitaraplyk halkara-hukuk ýagdaýy 1995-nji ýylyň 15-nji martynda Päkistanyň paýtagty Yslamabatda bolan Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna agza döwletleriň baştutanlarynyň 3-nji duşuşygy, 1995-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Kolumbiýanyň Kartahena şäherinde bolup geçen Goşulyşmazlyk hereketine gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet ýolbaşçylarynyň XI maslahaty tarapyndan hem biragyzdan goldanyldy.
Şeýlelikde, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň 185 döwletiniň goldamagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy ykrar edildi. Türkmenistanyň Bitaraplygy BMG tarapyndan ykrar edilen ilkinji döwletdir. Şeýle-de Türkmenistanyň bitaraplygy görnüşi boýunça hemişelik, mazmuny boýunça oňyndyr. Ýagny, hemişelik bolanda wagt boýunça çäklendirilen däldir, oňyn diýmek bolsa, parahatçylygy we durnuklylygy saklamak, döwletleriň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek meselelerinde ýurdumyzyň işjeň hereketini aňladýandyr.
2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň 193 döwletiň biragyzdan makullamagy, şeýle hem 47 döwletiň awtordaş bolup çykyş etmegi netijesinde ,,Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy” hakyndaky Rezolýusiýa täzeden kabul edildi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň hoşniýetli bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan ynsanperwer daşary syýasatynyň, Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, abadançylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge goşýan goşandynyň dünýä bileleşigi tarapyndan nobatdaky ykrar edilmesi boldy. Şeýle hem 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 12-nji dekabry ,,Halkara Bitaraplyk güni” diýip bellemek hakynda Rezolýusiýa hem kabul edildi.
Bitaraplyk bize asuda, parahat, agzybir, abadan, dostlukly durmuşda ýaşamaga giň ýol açdy. Ähli dünýä döwletleri bilen dostlukly, ynsanperwer, medeni, ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge giň mümkinçilik döretdi. Milli Liderimiz özüniň çykyşynda: ,,Bitaraplyk biziň parahatçylygy, dostlugy, ynsanperwerligi, hyzmatdaşlygy, ösüşi dabaralandyrýan taglymatymyzdyr. Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty parahatçylygyň ýoludyr, dünýä halklaryny dost-doganlyga çagyrýan ýoldur” diýip belleýär. Munuň mysalynda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen ,,2021-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Rezolýusiýa kabul edildi. Bu resminama 73 döwlet awtordaş bolup çykyş etdi. Şeýlelikde, ýurdumyz bütin dünýäde ynsanperwerligi, agzybirligi, dost-doganlygy goldaýan ýurt hökmünde ykrar edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň her bir tutumy dünýä halklarynyň bir-biregi bilen ynanyşyp, goldaşyp, parahat durmuşda eşretli ýaşamaklaryna gönükdirilendir. Milletimiziň ruhy mentalitetinden syzylyp çykýan ähli halklar bilen ynanyşyp, parahatçylykda ýaşamak häsiýetlerini dünýä çykaran hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýyly ,,Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip atlandyrmak hakyndaky başlangyjy BMG-da gyzgyn goldawa eýe boldy.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oňyn bitaraplyk syýasaty döwletimiziň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüşini, onuň dünýä bileleşigindäki ähmiýetiniň yzygiderli ýokarlanmagyny üpjün edýär. Bu günki gün dünýäniň 149 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary alyp barýan Türkmenistan BMG-niň konwensiýalaryny we maksatnamalaryny durmuşa geçirmek çäklerinde Ösüş maksatnamasy, Ýewropa ykdysady topary, Global ekologiýa gaznasy, Ýewropa Bileleşigi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Goşulyşmazlyk Hereketi ýaly abraýly halkara guramalarynyň 50-ä golaýynyň agzasy bolup durýar.
Türkmenistan halkara konwensiýalarynyň 150-den gowragyna gatnaşyp, dünýäniň ýüzlerçe döwleti bilen özara bähbitli ykdysady, medeni, gumanitar hyzmatdaşlygy saklaýar. Bu maglumatlar hemişelik Bitarap Watanymyzyň şöhratly ýolunyň müňýyllyklara uzajakdygyna, bütindünýä abraýynyň ýylsaýyn belende galjakdygyna, bedew batly köpugurly ösüşleriniň halkymyzy has-da eşretli durmuşa ýetirjekdigine şaýatlyk edýär.
Hormatly Prezidentimiz: ,,Eger-de milletiň erkana we öz erkli ýaşaýşyny bürgüt hem laçyn guşlaryň öz dünýäsinde erkana, parahat ýaýnaýşyna meňzetsek, olar şunda öz goşa ganatlaryna daýanýandyrlar. Şeýlelikde, çeper dil bilen aýtsam, Garaşsyzlyk hem Bitaraplyk türkmen döwletliliginiň goşa ganatydyr!” diýip belleýär. Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan ynsanperwerlikli, hoşniýetli syýasaty bu durmuş hakykatyny dünýä halklaryna aýan edýär. Goý, dünýä halklary bilen dostluk gatnaşyklaryny, ykdysady, medeni hyzmatdaşlyklary barha ösdürýän, halkymyzyň eşretli ertirlerine gönükdirilýän döwletli tutumlary amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň işleri mydama rowaçlyklara beslensin!
Begenç AŞYROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň
3-nji ýyl talyby.
Latest News
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI