30/11/-0001
447
Garaşsyzlyk. 30 ýyllyk tejribe. Türkmen ykdysady gudraty
«Garaşsyzlyk, Bitaraplyk - ösüşiň goşa ganaty» atly
çeper-publisistik makalalar bäsleşigine
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileýi uludan toýlanýan taryhy senä öwrülýär. Özbaşdak ösüşiň 30 ýylyny, 30 ýyllyk tejribesini arka atan, uzak taryhy geçmişde kuwwatly imperiýalary we şalyklary döreden şöhratly halkymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna belent üstünlikler bilen barýar. Bu üstünlikler, şahyr aýtmyşlaýyn, «Müň dokuz ýüz togsan biriň güýzünde» özüniň özbaşdaklygyny yglan eden ata Watanymyzyň milli ykdysadyýetiniň pudaklarynda ýetilen ösüşler bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Garaşsyzlyk. 30 ýyllyk tejribe. Türkmen ykdysady gudraty. Bu düşünjeler döwlet Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylynda türkmen halkynyň saýlap alan milli ösüş ýolunyň dünýä nusgalyk tejribedigine göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. Hawa, mukaddes Garaşsyzlygymyz bize şöhratly geçmişimizi gaýdyp berdi, şanly geljege tarap, ykdysadyýeti ösdürmegiň kämil türkmen nusgasyny döretmäge ýol açdy.
Biz dörediji, döwlet gurujy halkymyzyň taryhy döwürde döwleti dolandyrmak bilen bagly giň syýasy tejribesiniň bardygyny bilýäris. Şol tejribäniň özeninde bolsa, ata-babalarymyzyň döreden, dünýä dolan döwletlilik ýörelgeleri durandyr. 1991-nji ýylyň «altyn güýzünde» özbaşdaklygyna eýe bolan türkmen halky şondan soňky döwürde hem ana şol tejribäniň we döwletliligiň ýörelgeleriniň esasynda milli ösüş ýoluny kesgitledi. Diýmek, mukaddes Garaşsyzlygymyz türkmeniň ösüşli taryhyny dabaralandyrýan täze ösüş ýolunyň başlangyç nokadyna öwrüldi. Munda taryhy ýolumyz we onuň dowamy bolan geljegimiziň bitewüligi, özara sazlaşygy bar.
Hormatly Prezidentimiz: «Biziň halkymyz gaýtadan içerki daýanç sütünine eýe bolup, döwlet Garaşsyzlygynyň şertlerinde öz durmuşynyň many-mazmunyna we taryhy geljegine göz ýetirdi» diýip, aýratyn belleýär. Pederlerimiziň özbaşdak döwletli bolmak arzuwynyň amala aşmagy türkmen halkynyň garaşsyzlyk ruhuny artdyryp, ösüşli geljegi gurmaga özboluşly güýç döretdi. Özbaşdaklygyň ilkinji ýyllarynda dünýä ýurtlarynyň ünsüni özüne çeken Garaşsyz Türkmenistan atly ýaş döwletiň öňünde içeri hem-de daşary syýasaty guramak bilen bagly meseleleriň ör boýuna galmagyna garamazdan öňdengörüjilikli we netijeli çözgütler kabul edildi.
Garaşsyzlyk — kuwwatly türkmen ykdysadyýetiniň taryhy tejribesiniň dabaralanmasy. Mälim bolşy ýaly, SSSR döwründe çig mal çeşmesine öwrülen Türkmenistanyň özbaşdaklygynyň başlangyç ýyllarynda ýurdumyzda ykdysady ösüşi gazanar ýa-da ilaty iş we taýýar önümler bilen üpjün eder ýaly gaýtadan işleýän senagat kärhanalary ýok diýen ýalydy. Diýarymyzda tebigy baýlyklaryň ägirt uly gorlarynyň bolmagyna garamazdan, şeýle kärhanalaryň gurulmagy köp mukdarda maýa goýumlaryň gönükdirilmegini talap edýärdi. Dünýä döwletleriniň bolsa ünsi bizde. Ýaş döwlet bolup daşary ýurt maýasyny öz ykdysadyýetiňe çekmek hem aňsat däl. Şunuň bilen baglylykda, degişli döwürde özbaşdaklygymyzdan öň eýeçilikde has-da duýulan döwletiň monopol agalygyny aradan aýyrmak hem-de döwlet eýeçiligini belli bir derejede hususylaşdyrmak işleri tapgyrlaýyn durmuşa geçirildi, telekeçilige giň ýol açyldy, bu babatda adamlaryň psihologiýa taýdan taýýarlygyna we bazar gatnaşyklarynyň endikleri bilen bagly sowatlylygyny ýokarlandyrmaga aýratyn uly üns berildi. Halkara hyzmatdaşlygynda «Açyk gapylar» syýasaty ýola goýuldy, iri daşary ýurt maýadarlary üçin ýurdumyzyň halk hojalygynyň geljegi uly bolan pudaklarynda hyzmatdaşlyk etmäge giň mümkinçilikler açyldy hem-de täze erkin ykdysady zolaklar döredildi. Ilkinji ädilen ädimleriň kanunçylyk binýadynyň hem düzülmegine — ykdysady özgertmeleriň kanuny jähetden durmuşa geçirilmegine üns ýokary boldy. «Eýeçilik hakynda», «Eýeçiligi döwletiň garamagyndan aýyrmak we hususylaşdyrmak hakynda», «Telekeçilik işi hakynda» we «Erkin telekeçiligiň ykdysady zonasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary hem-de «Türkmenistanda hususylaşdyrmagyň döwlet Maksatnamasy» kabul edildi. Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda agzalan kanunçylyk namalaryň kabul edilmegi ýurdumyzda ykdysady işi döwrebap gurmaga we döwlet eýeçiliginden hususy eýeçilige kem-kemden geçmäge ýardam berdi. Munuň özi, bir tarapdan, içerki maýadarlaryň we işewür toparlaryň, beýleki bir tarapdan bolsa, daşary ýurtly iri maýa goýujylaryň we işewürleriň ýurdumyzda ykdysady işiň subýektleri hökmünde çykyş etmegine hem-de amala aşyrylýan ykdysady işlere gatnaşmaklaryna ýol açdy. «Açyk gapylar» syýasatynyň yglan edilmegi netijesinde daşary ýurtly maýadarlaryň milli ykdysadyýetimiziň geljegi uly bolan pudaklaryna gyzyklanmasynyň has-da artmagy, olar bilen hyzmatdaşlygyň kanuny taýdan berkidilmegi halk hojalygynyň täze pudaklarynyň döremegine we amatly geografik çäkde ýerleşýän hem-de ägirt uly tebigy serişde gorlaryna eýe bolan Diýarymyzyň ykdysady mümkinçilikleriniň ýerlikli peýdalanylmagyna we gaýtadan işlenilmegine oňaýly şertleri döretdi.
Bir zady bellemeli — özbaşdak ösüşimiziň ilkinji ýyllarynda ykdysady iş bilen bagly ençeme kanunlaryň kabul edilmegi ýurdumyzda oýlanyşykly we öňdengörüjilikli ykdysady syýasatyň ýola goýulandygyny görkezýär. Çünki şeýle kanunçylyk namalar milli ykdysadyýetde howpsuzlygy we durnuklylygy berkitmegiň, halkara hyzmatdaşlar bilen düýpli ykdysady gatnaşyklary ýola goýmakda birek-birege bolan ynamy ýokarlandyrmagyň baş şerti. Şu jähetden, öz ösüş ýolumyzyň başlangyç tapgyryna möhüm orun degişli boldy. Dünýä döwletleri Garaşsyz Türkmenistanyň milli ykdysadyýetine maýa goýumlary gönükdirmek we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda tizden-tiz seslendiler. Netijede, daşary ýurtlaryň we iri maýa goýum kompaniýalarynyň ençemesi bilen söwda-ykdysady, maýa goýum hyzmatdaşlygy ýola goýuldy. Garaşsyzlyk ýyllarynda şeýle hyzmatdaşlygy örüsi has-da giňäp, ykdysady gatnaşyklar yklym we bütin dünýä çygrynda ösdürildi. Munuň şeýledigine häzirki wagtda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň 100-den gowrak ýurdy, ençeme halkara guramalary bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy alyp barýandygy hem doly güwä geçýär.
Hususyýetçilik — milli ykdysadyýeti ösdürmegiň hereketlendirijisi. Bu babatda aýdanymyzda, Türkmenistanda hususylaşdyrmak döwlet eýeçiligini ýuwaş-ýuwaşdan, tapgyrlaýyn hususy eýeçilige geçirmek we telekeçilige giň ýola açmak arkaly üstünlikli durmuşa ornaşdyryldy. Ýurdumyzda eýeçiligiň bir bölegini döwletden aýyrmak we hususylaşdyrmak boýunça ýörite döwlet Maksatnamasy hem kabul edildi. Maksatnama döwlet eýeçiligini üýtgetmegiň esasy ýollaryndan, usullaryndan we tertibinden ybarat boldy. Maksatnama esasynda hususylaşdyrmak işi iki tapgyrda durmuşa ornaşdyryldy. Birinji tapgyr söwda we jemgyýetçilik iýmiti, durmuş hyzmaty kärhanalaryny öz içine aldy. Bu tapgyrda kiçi kärhanalar hususylaşdyryldy. 1997-nji ýylda başlan ikinji tapgyrda orta we käbir iri senagat, gurluşyk, ulag hem-de beýleki pudaklarda hususylaşdyrmaklyk amala aşyryldy.
Ykdysadyýeti ösdürmegiň içerki we daşarky faktorlarynyň netijeli peýdalanylmagy ýurdumyzda kuwwatly senagat gurşawyny döretmäge, milli ykdysadyýetimizi bedew bady bilen ösdürmäge, halkyň abadan durmuşyny üpjün etmäge mümkinçilik berdi. Munuň özi häzirki wagtda iri senagat merkezi hökmünde tanalýan Türkmenistan döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşinde äşgär duýulýar.
Milli ykdysadyýetimiziň önümçilik kuwwatlyklarynyň artmagy, oba hojalygy, energetika, ulag, dokma we elektron senagaty, hyzmatlar ýaly ugurlarynyň ösmegi ýurdumyzda ykdysady ösüşiň durnukly ýagdaýynyň saklanmagyna we dünýä hojalygyna üstünlikli goşulyşmagymyza ýardam berýär. Hususan-da, hormatly Prezidentimiziň döwlet başyna geçmegi bilen, milli ykdysadyýetimizde düýpli özgertmeleriň amala aşyrylmagy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy ykdysady taýdan ösen döwlet hökmünde bütin dünýä tanatmaga şert döretdi. Indi ata Watanymyz dünýä ýüzünde durnukly ösýän ýurt, ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ykrar edilýär. Diýarymyzda türkmen we daşary ýurtly maýa goýujy hyzmatdaşlar bilen gurlup, ulanmaga berilýän gaýtadan işleýän senagat desgalary ilatyň iş we harytlar bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmaga, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge täze ajaýyp mümkinçilikleri döredýär.
Türkmen ykdysadyýetiniň aýratynlykly taraplarynyň biri hem onuň durmuşa ulgamyna gönükdirilýändigidir. Durmuş syýasaty üstünlikli amala aşyrylyp, Döwlet býujetiniň serişdeleriniň 70 göteriminden gowragy durmuş hajatlaryna, adamlaryň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilýär. Bu ugurda döwrebap ýaşaýyş jaýlary, mekdepler, çagalar baglary, saglygy goraýyş desgalary yzygiderli gurulýar. Şeýle maksatlar bilen gurluşyk pudagyna jemi 38 milliard amerikan dollaryndan gowrak maýa goýuldy. Bulardan başga-da, her ýyl zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberi 10 göterim ýokarlandyrylýar.
Ykdysadyýetimiziň energetika, ulag, aragatnaşyk, obasenagat toplumy, maliýe-bank ulgamy ýaly strategik ugurlary ösdürilýär. Ýurdumyzda azyk howpsuzlygy üpjün edilýär, kuwwatly dokma senagaty kemala getirilip, bäsdeşlige ukyply milli dokma önümlerimiz dünýä bazarlarynda ýokar islegden peýdalanýar.
Durnukly ykdysady ösüşiň gazanylmagynda Ýeriň ilkinji milli emeli hemrasynyň älem giňişligine çykarylmagynyň, aragatnaşyk-telekommunikasiýa ulgamynyň ösmeginiň, halk hojalygyny sanlylaşdyrmak işiniň çalt depginler bilen amala aşyrylmagynyň ähmiýeti uludyr. Netijede, Garaşsyzlyk ýyllarynda jemi içerki önümiň möçberi 8,4 esse ýokarlandy. Häzirki wagtda ýurdumyz jemi içerki önüminiň ösüş depgini boýunça dünýäniň sazlaşykly ösýän döwletleriniň hataryna girýär. Bütindünýä bankynyň berýän maglumatlaryna görä, Garaşsyz Türkmenistan dünýäniň ortaça ösen ýurtlaryndan ýokary girdejili döwletleriň hataryna çykdy.
Häzirki innowasiýalar eýýamynyň talaplaryndan ugur alnyp, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy kabul edildi. Milli Liderimiziň Karary bilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» tassyklanyldy. Bu resminama esasynda ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary doly sanlylaşdyryldy we häzirki wagtda hem sanly reforma üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmekligi has-da kämilleşdirmek babatda işler netijeli häsiýete eýe bolýar. Muňa mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy toýlanýan üstümizdäki ýylda sanly ulgamy ösdürmekligiň kanunçylyk binýadyny berkitmek babatda kabul edilen täze çözgütler hem güwä geçýär. Munuň şeýledigini döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy doly subut edýär. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» göz öňüne tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek maksady bilen kabul edilen bu maksatnama ençeme resminamalara laýyklykda işlenip düzüldi. Munuň özi sanly özgertmeleriň beýleki ugurlar bilen utgaşykly amala aşyrylýandygyny, netijede bolsa, ýurdumyzda ösen sanly giňişligiň emele gelýändigini aýdyň subut edýär.
Garaşsyzlyk we türkmen ykdysadyýeti — ösüşiň aýdyň ýoly. Bu günki gün Garaşsyz Türkmenistan durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösýän, halky abadan durmuşda ýaşadýan ýurt. Bularyň ählisiniň gözbaşynda bolsa, gysga wagtyň içinde türkmen ykdysady gudratyny dünýä äşgär etmäge mümkinçilik beren mukaddes Garaşsyzlygymyz hem-de hormatly Prezidentimiziň ykdysadyýetimizi ösdürmek babatda amala aşyrýan özgertmeleri we öňe sürýän döwletli başlangyçlary dur.
Beggeldi GUTLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň talyby.
Latest News
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI