08/07/2024
571
Gadymy Çyn-Maçynyň häzirki ykdysadyýeti
Dünýä döräp, Beýik Ýüpek ýoly döräp özüni Çyn-Maçyn diýip tanadan Hytaý döwleti bu günki gün dünýäniň söwda bazarynda iri «täjirleriň» biridir. Dünýä bakgallarynyň arasynda «Ilkinji edilen söwdanyň nirede bolany belli bolmasa-da, şol satylan haryt hökman Çyn-Maçynda öndürilen bolmaly» diýen aýtgy bar. Bu günki global ykdysadyýetiň agramly «oýunçylarynyň» biri bolan Hytaý Halk Respublikasynyň üstünlige çenli geçen ýoly nusgalykdyr.
Hytaý senagat syýasaty hem-de 5 ýyllyk meýilnamalary öz içine alýan, ösýän, garyşyk, sosialistik bazar ykdysadyýetli ýurt hökmünde bellidir. «Forbes» žurnalynyň ýylyň birinji çärýeginde çap eden sanawyna laýyklykda, ýurt nominal jemi içerki önümi boýunça Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan soň 2-nji, satyn alyş kuwwaty babatda bolsa 2016-njy ýyldan bäri dünýäniň iň uly ykdysadyýetidir. Has dogrusy, häzirki wagtda ýurduň nominal jemi içerki önümi 18 trillion 566 milliard amerikan dollaryna, ilatyň jan başyna düşýän JIÖ 13,16 müň amerikan dollaryna, JIÖ-niň ýyllyk ösüş depgini bolsa, 4,2 göterime deňdir. 2023-nji ýylyň jemleri boýunça ýurduň nominal jemi içerki önümi 5,2 göterim ýokarlanyp, 17 trillion 890 milliard amerikan dollaryna barabar boldy. Ýeri gelende aýtsak, Hytaý 2022-nji ýylda dünýäniň nominal jemi içerki önüminiň 18, satyn alyş güýjüniň 19 göterimini emele getirdi.
Umuman, Hytaý ykdysadyýetiniň ösüşinde uly öwrülişigi başdan geçirýär. Geçen asyryň 60-njy ýylyndaky dünýäniň iň uly 4-nji ykdysadyýeti bolan ýurt 2023-nji ýylda 2-nji basgançaga çenli ýokarlandy. Häzirki wagtda ýurduň ykdysadyýetiniň ösmeginde önümçilik, elektron söwda, tehnologiýa, elektronika, täzelenip bilýän energiýa, telekommunikasiýa, emeli aň ýaly pudaklara aýratyn orun degişlidir.
Hytaýyň Milli statistika býurosynyň hasabatyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde ýurduň jemi içerki önümi 29,63 trillion ýuana (4,1 trillion amerikan dollary) deň boldy. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 5,3 göterim, hemişelik bahalarda hasaplananda bolsa 1,6 göterim ýokarydyr. Ýurduň ykdysadyýetinde iň ýokary ösüş depgini senagat önümçiliginde hasaba alyndy. Has takygy, ady agzalan pudakda ösüş depgini 2023-nji ýylyň degişli döwründäkiden 6 göterim ýokarlanyp, 10,98 trillion ýuana (1,52 trillion amerikan dollary) deň boldy. Mundan başga-da, 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde hyzmatlar pudagynyň goşmaça gymmaty geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 5 göterim ýokarlandy. Şeýle-de goşmaça gymmaty boýunça iň ýokary ösüş ýokarlanan maglumat geçiriş, programma üpjünçiligi we IT hyzmatlarynda hasaba alyndy. Umumylykda, ýokarda görkezilen hyzmatlarda üstümizdäki ýylyň ýanwar — mart aýlarynda 13,7 göterimlik ösüş depgini gazanyldy.
Eksport-import amallary
Häzirki wagtda ýokary hili, elýeterli bahasy bilen tapawutlanýan «Made in China» haryt nyşanly önümler dünýäniň bazar gatnaşyklarynyň, şol sanda ýurduň ykdysady kuwwatynyň ösmegine uly itergi berýär. Çünki Hytaý Halk Respublikasy ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda öndürilýän önümleri eksport we import etmekde dünýäniň iň öňdebaryjy döwleti hasaplanýar. 2022-nji ýylyň netijelerine görä, Hytaý eksportyň umumy mukdary boýunça 1-nji, importyň umumy mukdary babatda dünýäniň 2-nji ýurdy hökmünde hasaba alyndy. Anyk aýtsak, şol ýyl ýurt umumy mukdary 3,73 trillion amerikan dollarlyk harydy daşarky bazarlara çykaryp, bu babatda dünýäniň öňbaşçysy boldy. Ýeri gelende bellesek, 2017 — 2022-nji ýyllar aralygynda ýurduň eksporty 1,17 trillion amerikan dollary möçberinde ýokarlanyp, 2,56-dan 3,73 trillion amerikan dollaryna çenli ýokarlandy.
Ýurduň esasy eksport önümlerine ýaýlyma goýberiş enjamlary (272 milliard amerikan dollary), integrirlenen shemalar (212 milliard amerikan dollary) kompýuterler (181 milliard amerikan dollary), ofis ulaglarynyň ätiýaçlyk şaýlary (111 milliard amerikan dollary), ýarymgeçirijiler (70,2 milliard amerikan dollary), elektrik batareýalary (58,7 milliard amerikan dollary) degişli bolup, olar Gonkonga, Ýaponiýa, Germaniýa, Koreýa Respublikasyna ugradylýar. Ýeri gelende aýtsak, Hytaý 2022-nji ýylda ady agzalan harytlary eksport etmekde dünýäniň iň öňdebaryjy döwleti boldy. Şeýle-de Hytaý şol ýyl çig nebiti, integrirlenen shemalary, demir we mis magdanyny, soýany import etmekde dünýäniň lideri hökmünde öňe saýlandy.
Mundan başga-da, 2024-nji ýylyň maý aýynda Hytaý ykjam telefonlary, kompýuterleri, integrirlenen shemalary, awtoulaglary eksport etmekde, integrirlenen zynjyry, çig nebiti, demir magdany, altyny, nebit gazyny import etmekde dünýäniň öňdebaryjysy boldy. Hasabat döwründe ýurduň eksporty 302 milliard amerikan dollaryna, importy 220 milliard amerikan dollaryna deň boldy. Bu görkezijiler 2023-nji ýylyň maý aýynda degişlilikde, 283 we 218 milliard amerikan dollaryna barabar bolupdy.
Häzirki wagtda Hytaý Halk Respublikasy turbageçiriji arkaly türkmen gazyny iň köp import ediji döwlet hasaplanýar. Hytaýyň gümrük gullugynyň hasabatyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynda türkmen-hytaý özara söwda dolanyşygy 2 milliard 598 million 884 müň amerikan dollaryna deň boldy. Diňe üstümizdäki ýylyň mart aýynda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda 818 million 207 müň amerikan dollarlyk söwda dolanyşygy hasaba alyndy. Ýeri gelende bellesek, ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň esasy bölegi türkmen eksportynyň paýyna düşýär. Has anyk aýtsak, şu ýylyň ilkinji aýynda Türkmenistan Çyn-Maçyna 2 milliard 385 million 944 müň amerikan dollarlyk haryt eksport etdi. Hasabat döwründe ýurdumyz Hytaýdan 212 million 940 müň amerikan dollaryna deň bolan «Made in China» haryt nyşanly önümleri import etdi.
Maglumat üçin, Hytaý Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý ugry boýunça ýyllyk 55 milliard kub metr türkmen gazyny import edýär. 2024-nji ýylyň ýanwar — mart aýlary aralygynda 2,4 milliard amerikan dollarlyk türkmen gazyny satyn aldy.
Transserhet elektron söwdasy
Bu günki gün dünýä ykdysadyýetiniň arka direýän ugurlarynyň biridir. Munuň özi dürli ýurtlaryň arasynda haryt satuwlaryny we hyzmatlary amala aşyrmaklyga ýöriteleşen platformadyr. Global dünýäde söwdanyň bu ugry «e-commerce» diýlip atlandyrylýar. Dünýäniň ykdysady berdaşly döwletleriniň biri bolan Hytaý Halk Respublikasy elektron söwda ulgamynyň öňbaşçysydyr. 2023-nji ýylyň netijeleri boýunça Hytaýyň degişli ugurdaky girdejisi 935,1 milliard amerikan dollaryna barabar boldy. Deňeşdirmek üçin aýtsak, degişli döwürde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň bu bazardaky girdejisi 910,4 milliard amerikan dollaryna deň boldy.
Hytaý Halk Respublikasynda ähli ulgamlarda sanlylaşmagyň ýokary depginde alnyp barylmagy ady agzalýan elektron söwdanyň pajarlap ösmegine getirdi. Jemgyýetde sanlylaşmak medeniýetini ýokary derejede kemala getirmegi Hytaýyň bu ugurdaky ýene bir artykmaçlygydyr. Çünki hytaýly alyjylaryň 81 göterimi islendik bir harydy almazdan ozal, ony elektron söwda platformalarynda baha, hil we elýeterlilik babatda seljerýärler.
Hytaýlylaryň 61 göterimi dolulygyna diýen ýaly, öz söwdalaryny «sanly dünýäde» edýärler. Elektron söwdada Hytaýyň gazanan öňegidişligi dünýäniň iri kompaniýalaryny özüne çekýär. Munuň özi ýurda goýulýan maýa goýumyň möçberini artdyrmakda oňyn ähmiýete eýedir.
«Alibaba» internet dükany
1999-njy ýylda onlaýn B2B lomaý satyjysy hökmünde döredilen «Alibaba» topary soňky onýyllykda Hytaýyň we dünýäniň elektron söwdasynyň şasy boldy. Kompaniýanyň tehnologiýa imperiýasy B2B, B2C we C2C elektron söwdasy, bulut hasaplamasy, logistika we maliýe ýaly hyzmatlary öz içine alýar. 2022-nji ýylda «Alibaba» toparynyň onlaýn bölek satuw söwdasy bilen dünýäniň elektron söwda bazarynyň dörtden bir bölegini emele getirip, degişli bazardaky paýyny iki esse ýokarlandyrdy. ABŞ-nyň global maglumatlar we işewürlik boýunça statistik platformasynyň hasabatyna laýyklykda, 2023-nji ýylda «Alibabanyň» bazar bahasy 216,6 amerikan dollaryna deň boldy.
Häzirki wagtda «Alibabanyň» söwda hyzmatlary dünýäniň 190-dan gowrak ýurdunda elýeterli bolup, ondan halkara derejesinde 300 milliondan gowrak ulanyjy peýdalanýar. 2023-nji maliýe ýylynda elektron dükanyň arassa girdejisi 10 göterim ýokarlanyp, 11 milliard amerikan dollaryna deň boldy. Şeýle-de şol ýylyň 31-nji martynda tamamlanan maliýe ýylynda «Alibaba» toparynyň ýyllyk girdejisi 118,3 milliard amerikan dollaryndan gowrak boldy. Bu görkeziji 10 ýyl ozalky bilen deňeşdirilende, 16 esse ýokarydyr.
Ýeri gelende aýtsak, «Alibaba» toparynyň adaty müşderiler bilen iş alyp barýan «AliExpress» şahamçasy Ýewropada müşderi auditoriýasyny giňeltmek maksady bilen, iri sport çärelerine hemaýatkärlik edýär. Şunda üstümizdäki ýylyň 14-nji iýunynda badalga alan we häzirki wagtda hem dowam edýän futbol boýunça Ýewropa çempionatyna hemaýatkärlik edýändigini bellemelidiris.
Sahypany taýýarlan:
Jahantäç ÖWEZOWA,
TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň
halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby,