Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / Dünýä syýasatynyň we köptaraplaýyn diplomatiýanyň merkezinde
    Dünýä syýasatynyň we köptaraplaýyn diplomatiýanyň merkezinde surady
    11/04/2024

    1276

    Dünýä syýasatynyň we köptaraplaýyn diplomatiýanyň merkezinde

    Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky ilkinji Hemişelik wekili hökmünde men BMG-ä agza döwletleriň guramanyň ýanyndaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen işewürlik, dostlukly gatnaşyklary ýola goýdum we ösdürdim. Şol gatnaşyklar, ozaly bilen, Eýran Yslam Respublikasynyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Kemal Harrazi, Mustafa Aksin (Türkiýe), Li Daoýuý (Hytaý), Jemşit Marker (Pakistan), G.Detler (Germaniýa), P.Françesko (Italiýa), S.Şihaby (Saud Arabystany), R.Ismail (Malaýziýa), Rawen Farhadi (Owganystan) we başga-da ençeme ýokary derejeli diplomatlar bilen turuwbaşdan işjeň häsiýete eýe boldy.
    BMG-niň ýanyndaky döwletleriň diplomatik wekilhanalarynyň iň ýokary derejeli diplomatlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň mysaly hökmünde Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky ilkinji Hemişelik wekiliniň we Russiýa Federasiýasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, şeýle-de başga käbir döwletleriň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilleriniň arasynda ýola goýlan we ösdürilen dostlukly gatnaşyklara giňişleýin seredip geçeliň.
    Meniň meşhur sowet-rus diplomaty Ý.M.Woronsow bilen tanyşlygymyň başy 80-nji ýyllaryň ikinji ýarymynda, Ýuliý Mihaýlowiç SSSR-iň daşary işler ministriniň birinji orunbasary we SSSR-iň Owganystandaky ilçisiniň wezipelerini utgaşdyryp başlamagy bilen başlandy. 1990 — 1994-nji ýyllarda Ýuliý Mihaýlowiç SSSR-iň, soňra bolsa RF-niň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili wezipesinde işledi.
    Türkmenistanyň Prezidentiniň 1992-nji ýylyň fewralyndaky Permany bilen, men Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky ilkinji Hemişelik wekili wezipesine bellendim. Netijede, Türkmenistanyň we RF-niň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilleriniň arasyndaky dostlukly, işewürlik gatnaşyklar hil taýdan has-da ysnyşykly, netijeli häsiýete eýe boldy.
    1994-nji ýylyň başynda RF-niň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky we BMG-niň Howpsuzlyk geňeşindäki Hemişelik wekili wezipesine tejribeli diplomat S.W.Lawrow bellendi. Şol döwürde men Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili wezipesinde işlemegimi dowam etdirýärdim. Bu bolsa Türkmenistanyň we RF-niň Hemişelik wekilleri bolan bize özara hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga ýardam edipdi.
    Wakalardan öňe gidip aýtsam, 2004-nji ýylyň martynda Sergeý Wiktorowiç Lawrow RF-niň daşary işler ministriniň wezipesine bellendi. Ol özüniň abraýyny has-da artdyrdy. Degişli gurama tarapyndan 2019-njy ýylyň aýagynda geçirilen pikir soraşma laýyklykda, Sergeý Lawrowyň RF-niň Hökümetiniň iň täsirli ministri hökmünde jar edilmegi, soňra bolsa oňa «Russiýanyň Gahrymany» atly belent adyň dakylmagy ýokarda aýdanlarymyň aýdyň subutnamasy boldy.
    2019-njy ýylyň 5-6-njy fewralynda RF-niň daşary işler ministri S.Lawrow Türkmenistanda iş saparynda boldy. Saparyň dowamynda ol TDIM-niň HGI-niň 500 orunlyk zalynda ýurdumyzyň ençeme ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň öňünde leksiýa bilen çykyş etdi. Institutda S.Lawrow öz kärdeşi we köne dosty, belli türkmen alym-diplomaty Amangeldi Rahmanow bilen hem ýörite duşuşdy. Çärä gatnaşyjylar dünýä diplomatiýasynyň wekilleriniň arasynda meşhurlykdan we ýokary abraýdan peýdalanýan RF-niň daşary işler ministriniň köne dosty bilen bu duşuşygyny iki ýurduň meşhur diplomatlarynyň arasynda öňden gelýän dostlugyň nobatdaky tassyklanylmagynyň nyşany, Sergeý Wiktorowiçiň ýokary adamkärçiligi, onuň zehinli türkmen diplomatyna bolan ýokary hormaty hökmünde baha berdiler.
    Maňa gulluk borjum boýunça 16 ýylyň dowamynda (1981 — 1997 ýý.) Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministriniň wezipesinde işlän Ali Akbar Welaýaty bilen hem ençeme gezek duşuşmak miýesser boldy. Hut şu diplomat, meniň pikirimçe, häzirki zaman eýran diplomatik gullugynyň döremeginiň gözbaşynda durdy we wagtyň geçmegi bilen, ol Eýranda diplomatiýa we halkara gatnaşyklary çäginde hemmeler tarapyndan ykrar edilen tanymal adam boldy.
    Soňky gezek tanymal eýran diplomaty bilen duşuşygym 1991-nji ýylyň dekabr aýynyň aýaklarynda boldy. Şonda 12 adamdan — ýurdumyzyň ministrlerinden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylaryndan ybarat bolan Türkmenistanyň hökümet wekiliýeti Eýran Hökümetiniň çagyrmagy boýunça Tähranda, Maşatda boldy. Saparyň çäginde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary A.Rahmanowyň EYR-niň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary hem bolup geçdi we olar netijeli tamamlandy. Hususan-da, şol duşuşyklarda türkmen-eýran gatnaşyklaryny mundan beýläk hem giňeltmegiň we çuňlaşdyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, iki ýurduň diplomatik wekilhanalaryny, olaryň işgärlerini gulluk we ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmegiň meselelerine garaldy.
    Biziň wekiliýetimizi Eýranyň şol wagtky Prezidenti Haşemi Rafsanjany kabul etdi. Saparyň çäginde Eýranyň daşary işler ministri A.A.Welaýaty biziň wekiliýetimiziň hormatyna agşamlyk naharyny berdi. Türkmen tarapyndan oňa Türkmenistanyň Hökümetiniň Başlygynyň birinji orunbasary A.Çaryýew, Türkmenistanyň öňki Premýer-ministri, şol döwürde Türkmenistanyň Demirýol müdirliginiň başlygy wezipesinde işlän Han Ahmedow we Amangeldi Rahmanow gatnaşdy.
    A.A.Welaýatydan soň Eýranyň daşary işler ministriniň wezipesine 1944-nji ýylda Tähranda doglan we ýokary bilimi Tähranyň we Hýustonyň (ABŞ) uniwersitetlerinde alan Kemal Harrazy bellendi. 1989 — 1996-njy ýyllarda K.Harrazy BMG-de Eýrana wekilçilik etdi. BMG-niň ýanynda Türkmenistanyň ilkinji Hemişelik wekili bolup işlän ýyllarym meniň we meniň ýolbaşçylyk eden Hemişelik wekilhanamyň we EYR-niň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Kemal Harrazy we onuň ýolbaşçylyk eden wekilhanasynyň arasynda örän ysnyşykly, dostlukly gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny we olaryň yzygiderli ösdürilendigini, munuň bolsa biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky däp bolan hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgesiniň pugtalanmagyna saldamly ýardam edendigini aýratyn belläp geçesim gelýär.
    BMG-de meniň ysnyşykly, dostlukly we işewürlik gatnaşyklary saklan, şol sanda biziň iki goňşy ýurtlarymyzyň bähbitleri bilen bagly bolan BMG-niň BA-nyň ençeme rezolýusiýalarynyň taslamalaryny bile taýýarlan, ýokary derejeli diplomatlaryň biri hem görnükli owgan diplomaty, Owganystanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili, Ilçi Abdul Gafur Rawan Farhady boldy.
    Farhady rusça gürläp bilenokdy, şonuň üçin hem biz iňlisçe gürleşerdik. Owgan kärdeşim islendik meseläni ara alyp maslahatlaşmak üçin açyk, ünsli we hoşniýetli adamdy. Berilýän sowallara anyk, manyly jogap bererdi. Owgan diplomaty bilen BMG-de her gün diýen ýaly duşuşýardym we biz BMG-niň BA-nyň sessiýasynyň gün tertibindäki, ozaly bilen, biziň ýurtlarymyz üçin has gyzyklanma bildirýän meseleleri ara alyp maslahatlaşardyk. Mundan başga-da, eger men Owganystanyň syýasy durmuşynda bolup geçýän soňky wakalar barada gyzyklanan bolsam, Farhady Türkmenistana gyzyklanma bildirýärdi, diňe bir syýasy we ykdysady temalar däl, eýsem, türkmen halkynyň däp-dessurlary, medeniýeti, hatda Türkmenistanyň tebigaty we haýwanat dünýäsi barada hem köp dürli soraglar bererdi.

    Amangeldi RAHMANOW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň müdiri,
    Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi,
    «Türkmenistanyň ussat diplomaty» nyşanynyň eýesi, professor, taryh ylymlarynyň doktory, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty.

    Çeşme: "Ýaş diplomatyň sesi" elektron gazeti №10 (93) - 10.04.2024 ý. // https://iirmfa.edu.tm/tm/gazet/yas-diplomatyn-sesi-internet-gazeti-10-93_8295

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI