25/07/2024
1134
Diplomatiýa baglanan ykbal
Taryhyň we durmuşyň görkezişi ýaly, islendik döwletiň ýagdaýy, kähalatlarda bolsa, onuň taryhy ykbaly hem köp derejede daşarky işiň alnyp barlyşy, diplomatik ussatlygyň derejesi bilen bagly bolýar. Dünýäde syýasy ýagdaýlaryň durnuksyzlaşmagy sungat derejesine çykan diplomatiýanyň, dialogyň ornuny has-da berkitdi. Diýmek, diplomatiýa ylalaşmagyň sungaty bolsa, diplomatlar — parahatçylygy dabaralandyryjylar. Şunuň bilen baglylykda, Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen diplomatiýasynyň ilkinji «kerpiçlerini» goýan halypalar barada söz açmak has-da ýakymly. Milli diplomatiýa ulgamynyň ösmegine ägirt uly goşandyny goşan, ömrüniň manyly we ýokary netijeli zähmet ýoluny diplomatik gullugyna bagyşlan meşhur diplomatlaryň biri-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň müdiri, taryh ylymlarynyň doktory, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty, professor, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň ussat diplomaty Amangeldi Rahmanowdyr.
Turuwbaşdan bellesek, Amangeldi Rahmanow ýörite diplomatik gulluga taýýarlanmady. Ýöne onuň iş tejribesiniň gory, halypanyň özüniň hem aýdyşy ýaly, ata-enesiniň hem-de halkymyzyň milli häsiýetlerinden susulyp alyndy. Sebäbi türkmen halkynyň häsiýetinde, ýol-ýörelgelerinde diplomatlar üçin zerur bolan endikler we başarnyklar sanardan köp.
1967-nji ýylda Amangeldi Rahmanow Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Daşary ýurt dilleri fakultetini tamamlady. Şondan soň şol wagtky SSSR-iň «Sputnik» atly halkara ýaşlar syýahatçylyk guramasynyň Türkmenistan boýunça wekili wezipesinde işledi. 1975-nji ýyldan başlap bolsa, onuň ykbaly diplomatiýa bilen baglandy. 1992-nji ýyla çenli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň baş sekretary, ministriň orunbasary wezipelerinde işledi, öňki Sowet Soýuzynyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiýa akademiýasynda daşary syýasatyň meseleleri boýunça doktorlyk ylmy işini gorady.
1992-nji ýylyň martynda oňa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 46-njy sessiýasyna Garaşsyz Türkmenistanyň wekiliýetine ýolbaşçy bolup gatnaşmak we BMG-niň belent münberinden ýaş türkmen döwletiniň we hökümetiniň adyndan çykyş etmek bagty miýesser etdi. Şol taryhy sessiýada Garaşsyz Türkmenistan dünýäde iri halkara gurama bolan BMG-niň agzalygyna kabul edildi. Ýaş türkmen diplomatiýasy üçin aýratyn jogapkärli bolan şol döwürde Amangeldi Rahmanow Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi derejesinde Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky ilkinji Hemişelik wekili wezipesine bellendi. Diplomatiýanyň wezipe basgançagynda örän jogapkärli wezipe bolan bu iş onuň iň naýbaşy tejribe mekdebidir.
Halypa diplomat 80 ýaşa ýeten ömrüniň ýarym asyrdan gowragyny halkara gatnaşyklara, daşary syýasata we diplomatik işe bagyşlady. 16 ýyllap Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýolbaşçy wezipelerde işläp, 14 ýylyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynda, Hytaý Halk Respublikasynda, Koreýa Respublikasynda Watanymyza wekilçilik etdi. Häzirki wagtda bolsa 2008-nji ýylda Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda açylan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geljekki diplomatlara, halkara hukukçylardyr ykdysatçylara, žurnalistlere sapak berýär.
Her hünäriň öz kynçylygy, şol bir wagtda özboluşly gyzykly taraplary bar. Haçan-da adam nämä ukybynyň bardygyny kesgitlände, zähmet onuň üçin şatlyga öwrülýär. Ynsana eý görýän käri bilen meşgullanmakdan ileri lezzetli zat ýok bolsa gerek?! Türkmen diplomatlarynyň halypasy hökmünde ykrar edilen Amangeldi Rahmanow hem bu gün iň ýokary diplomatik wezipä we derejä eýe bolan ilçilerdir ylymlaryň kandidatlary, doktorlary, döwlet işgärleri bolup ýetişen şägirtleriniň ýüzlerçesine çyn ýüreginden guwanyp ýaşaýar. Olar özleriniň hünär başarnyklary, akyl-parasatlary bilen hormatly Prezidentimiziň tutanýerli daşary syýasat strategiýasynyň amala aşyrylmagyna, ýurdumyzyň maddy, ruhy we intellektual kuwwatynyň baýlaşdyrylmagyna goşant goşmak ugrunda halal zähmet çekýärler. Çünki hakyky watançylar, diplomatlar üçin dünýäde öz Watanynyň bähbitlerini goramakdan gymmatly zat ýok.
Özüňe berlen ömrüň dowamynda il-ulsuň üçin bitirjek haýyrly işleriň durmuşyň mazmunyny düzýär. Her kişi başarýan işini birkemsiz amal edende, hem jemgyýete peýdaly, hem bagtyýar ynsana öwrülýär. Muňa hünärini ykbala öwren halypa diplomat Amangeldi Rahmanowyň iş we durmuş ýoluna ser salanyňda, has-da aýdyň göz ýetirýärsiň. Pursatdan peýdalanyp, biz hem halypa diplomaty 80 ýaş ýubileýi bilen gutlap, oňa uzak ömür, berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny arzuw edýäris. Elmydama üstünlikler ýaranyňyz bolsun, hormatly mugallym!
Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.