Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / ÇAGRY BEG
    ÇAGRY BEG surady
    29/04/2024

    1196

    ÇAGRY BEG

    Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow:
    — Mälim bolşy ýaly, Çagry begiň we Togrul begiň döreden Beýik Seljuk döwleti gysga döwrüň içinde Günbatara, Kiçi Aziýa tarap ummasyz giňişliklere ýaýrapdyr. Bu döwlet dargandan soň hem özbaşdak türkmen döwletleri döräpdir. Beýik Seljuk döwletinden başlap, bularyň her biriniň türkmeniň şöhratyny dünýä ýaýmakda, yslam dinine arka durmakda bitiren işleriniň gymmaty hakynda pikir edip görüň!
    (Berdimuhamedow G. Ömrümiň manysy. – Aşgabat, TDNG. 2022. – 242 s.).
    Çagry beg — Beýik Seljuk türkmen imperiýasynyň hökümdary (doglan ýyly nämälim – 1060 ý. ýogalýar). Çagry begiň doglan ýylynyň 987 ýa-da 990-njy ýyldygy aýdylýar (Piyadeoğlu Cihan. Selçukluların Kuruluş Hikâyesi. Çağrı Bey, Timaş yay., – İstanbul. 2014. – 39 s.; Cahen C. Caghri-Beg // Encyclopaedia of Islam. – Leiden-New-York, 1933, III, p.4.; Mükrimin Halil Yinanç. Çagri bey // IA, Istanbul, 1997, III, - 324 s.). Ol Seljuk begiň Mikaýyl atly oglundan bolan agtygydyr. Mikaýyl begiň uly ogly Çagry begiň başga eneden doglan bolmagy çaklanýar (Öztuna Y. İslam devletleri. Devletler ve Hanedanlar. Cilt I. – Ankara, 1989. – 477 s.). Hakyky ady Dawut bolup, «Çagry» onuň bürgüt diýmegi aňladýan tahallusydyr. Kakasy söweşde wepat bolan Çagry beg ýaşlygynda inisi Togrul bilen bilelikde atasynyň elinde terbiýelenipdir. Dawut Çagry begiň Çagry ünwany, ýagny derejesi «Kutadgu-Bilikdäki» hökümdaryň hyzmatkärleriniň biri we türki rowaýaty ýyrtyjy guşa berlen atdyr (Piyadeoğlu Cihan. Selçukluların Kuruluş Hikâyesi. Çağrı Bey, Timaş yay., – İstanbul. 2014. – 28 s.). Türki däp-dessurlarda Çagry, Togrul, Beýgu atly üç sany rowaýaty guşuň bardygy aýdylýar (Faruk Sümer. Saltuklular // Selçuklu Araştırmalar Dergisi, sayı:3. – Ankara, 1971. – 404 s.).
    Beýik Seljuk türkmen imperiýasyna öz adyny beren Seljuk beg aradan çykansoň, neberäniň başyna ýabgu derejesini alan Arslan han geçipdir. Bu döwürde, takmynan, 17-20 ýaşlarynda bolandygy çak edilýän Çagry we Togrul oguz döwlet däplerine laýyklykda özlerine tabyn bolan türkmenleriň begi bolupdyrlar. Garahanly hökümdarlary seljuk türkmenleriniň Mawerannahrda galmagyna razy bolmandyrlar. Hatda Garahanly hökümdary Bugra han Togrul begi ýesir hem alypdyr. Çagry beg goşun toplap, Togrul begi ýesirlikden halas etmegi başarypdyr. Buharanyň hökümdary Aly Teginiň sygdyrmazlygy seljuklary täze ýurduň gözlegine çykmaga mejbur edipdir. Taryhçy Ibn Esiriň maglumatlaryndan çen tutsak, Çagry beg 1016–1021-nji ýyllar aralygynda ýanyna ýigitlerini alyp, Wan kölüniň sebitlerine çenli ýerlere barlag ýörişlerini gurapdyr. Seljuklar otlagly-suwlagly bu ýerleriň özleri üçin amatly mekan bolup biljegine magat göz ýetiripdirler.
    Arslan hanyň Mahmyt Gaznaly tarapyndan zyndana taşlanmagy (1025 ý.) netijesinde seljuklaryň Mawerannahrdaky durmuşy has-da agyrlaşypdyr. Aly Tegin Seljugyň ogly Ýusuby öldürdipdir. Şondan soň seljuklar Horasana göçmegi ymykly ýüregine düwüpdirler. Jeýhun derýasyndan geçen seljuklaryň ilkinji baran ýeri Horezm bolupdyr. Özlerini penalan Gaznalylaryň tabynlygyndaky Harun b.Altyndaşyň dildüwşük netijesinde öldürilmegi (1035 ý.) sebäpli seljuklar Horezmi terk edip, yzyna – Mawerannahra gitmeli bolupdyrlar. 1035-nji ýylyň maý aýynda Musa Ýabgunyň, Çagry we Togrul begleriň baştutanlygyndaky seljuklar ikinji gezek Jeýhun derýasyndan geçip, Gaznaly soltany Mesutdan rugsat almazdan, Horasana aralaşypdyrlar. Merwe we Nusaýa tarap barýan seljuklara öň bu töwereklerde ýaşaýan baştutansyz türkmenlerem goşulypdyr. Ilki seljuklaryň maksady Täk gala töweregine gelmek bolýar. Ony gowulyk bilen soltan Mesuda düşündirip hat ýazýarlar. Nusaý we Paraw welaýatynyň özlerine berilmegini haýyş edip, demirgazyk-günbatar tarapdan gaznalylaryň üstüne hiç hili duşmanyň aýagyny sekdirmejegini aýdypdyrlar. Emma Mesut seljuklaryň haýyşyny kanagatlandyrman, gaýtam olaryň garşysyna goşun sürüpdir. 1035-nji ýylyň 29-njy iýunynda Nusaýyň golaýynda bolan söweşde seljuklar ýeňiş gazanypdyr. Soltan Mesut, uzak wagta çeken gepleşiklerden soňra, Dehistany Çagry bege, Nusaýy Togrul bege, Parawy bolsa Musa ýabguwa bermäge razy bolupdyr. Bu seljuklaryň uly syýasy ýeňşidi.
    San taýdan barha artýan seljuklar öňki ýerleriň özlerine darlyk edýändigini, Merw, Sarahs, Abiwert sebitleriniň hem özlerine berilmegini haýyş edipdirler. Seljuklar bu ýerleri urşup almagyň däl-de, onuň özlerine kanuny taýdan berkidilip berilmeginiň tarapdarydy. Emma Mesut soltan seljuklar barada adalatsyz syýasat ýöredipdir. Ençeme sapar üstlerine goşun ýollapdyr. Çagry begiň ýolbaşçylygynda seljuklar Sarahsyň golaýynda bolan söweşde (1038 ý.) ýeňiş gazanypdyrlar.
    Horasanyň Seljuklar tarapyndan zabt edilendigini eşiden soltan Mesut 300 söweş pili bilen ýaraglanan agyr goşuna baş bolup, Balhdan Sarahsa tarap ýöriş edipdir. Bu wagt Çagry beg Owganystanyň demirgazyk etraplaryny (Talikan, Farýap) boýun egdirmek bilen meşgul eken. Togrul beg Nyşapurdan, Musa Ýabgu bolsa Merwden dessine Sarahsa gelipdirler. Harby geňeşde olar bu ýerleri taşlap, Eýranyň Reý, Jebel, Gürgen ýaly günbatar etraplaryna çekilmegi teklip edipdirler. Emma Çagry begiň bu ýerden hiç ýere çekilmezlik, bir ýumruga güýç berip, gaznalylaryň merkini bermek baradaky teklibi kabul edilipdir. Talhab söweşinde (1039-njy ý. 27-nji iýuly) ýeňlen seljuklar gaznaly goşuny bilen gaça uruşlary alyp baryp, olary surnukdyrypdyr.
    1040-njy ýylyň 22-24-nji maýy aralygynda bolan Daňdanakan söweşinde seljuklar ajaýyp ýeňiş gazanmagy başarypdyrlar. Bu ýeňiş olara ata ýurduny ömürlik gaýdyp berýär. Söweşden soň — Merwde bolan uly türkmen gurultaýynda Beýik Seljuk türkmen döwletiniň dörändigi yglan edilýär. Togrul beg soltan diýlip yglan edilip, oňa Nişapur berilýär. Çagry beg serkerde hökmünde bellenilýär. Ol Merwde oturyp, 1040–1060-njy ýyllar aralygynda döwletiň gündogar bölegini edara edipdir.
    Taryhy çeşmeleriň berýän maglumatlaryna görä, seljuklar söweşiň bolan ýerinde çadyr gurup, onuň öňünde tagt goýupdyrlar. Muhammet Gaýmaz Türkmen Dawut Çagry begiň Mesudyň patyşalyk çadyryna girip, onuň kürsüsinde oturandygyny ýazýar (Muhammet Gaýmaz Türkmen. Taryhdaky yslam döwletleri. – A.: Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezi, 2006. – 111 s.). Togrul begi tagtda oturdyp, ony Horasanyň hökümdary hökmünde mübärekläpdirler (Абу-л-Фазл Байхаки. История Мас’уда (1030–1041). Перев., введ., коммент. А.К.Арендса. – М., 1969. – С.763; Агаджанов С.Г. Государство Сельджукидов и Средняя Азия в XI–XII вв. –М., 1991, – С.8-9; Бартольд В.В. Сочинения. Том I. Туркестан в эпоху монгольского нашествия. – Москва, 1963. – С.365).
    Taryhy çeşmelerde täze dörän döwlete Mäne babanyň pata berendigi nygtalyp, şeýle diýilýär: «...yslam dininde iki ýola hyrka geýen beýik alym, pir Abu Seýit Abul Haýyr Mäne baba hem Çagry beg bilen Togrul bege döwlet patasyny berýär» (Gurbanguly Berdimuhamedow. Ömrümiň manysy. – A.:TDNG, 2022. – 318-319 s.).
    Daňdanakan söweş meýdanynda tylla tagt goýýarlar. Emma ilçilik, «Edil bu ýerde tagt goýmaly däl, bu gün sähet däl» diýenem tapylýar. Şonda Mäne baba:
    — Allanyň saýlan ýerinde ýaramaz ýer bolmaz, Allanyň ýaradan günleriniň sähet däli bolmaz! Döwletiňiz halk döwleti bolup, Hakyň — Allatagalanyň ýoly bilen, türkmeniň halallyk, adalatlylyk ýoly bilen gitseňiz, almajak galaňyz bolmaz – diýipdir» (Gurbangeldiýew J. Daňdanakan söweşi // Esger. – 2003. – 29 maý; 5,12 iýun.). Mäne baba Çagry bege Horasanyň, Togrul bege Yragyň häkimliginiň bagyş edilýändigini aýdypdyr (Заходер Б.Н. Хорасан и образование государства сельджуков. // – ВИ. 1945, № 5-6. – С.135.).

    Jumamyrat Gurbangeldiýew,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory,
    taryh ylymlarynyň kandidaty.

    Çeşme: "Biznes reklama" gazet - 29.04.2024 ý. // https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/50/articles/146499

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI