Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / BITARAP TÜRKMENISTANYŇ SAÝLAW ULGAMYNYŇ KÄMILLEŞDIRILMEGI
    BITARAP TÜRKMENISTANYŇ SAÝLAW ULGAMYNYŇ KÄMILLEŞDIRILMEGI surady
    28/03/2024

    1201

    BITARAP TÜRKMENISTANYŇ SAÝLAW ULGAMYNYŇ KÄMILLEŞDIRILMEGI

    Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň 2022-2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy” Türkmenistanyň parahatsöýüjilik we naýbaşy gymmatlyklaryň ileri tutulmagy ýaly maksatlardan ugur alýan bu Konsepsiýa parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny halkara giňişligine ýaýmak, daşary ykdysady gatnaşyklary giňeltmek we diwersifikasiýalaşdyrmak, durnukly ösüşe hemmetaraplaýyn ýardam bermek, halkara gatnaşyklaryny ynsanperwerleşdirmäge gönükdirilen. Konsepsiýanyň maksadyna we wezipelerine laýyklykda ýurdumyz abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek işini alyp barýar.
    Parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk, giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyna eýerýän Türkmenistan döwletara derejede bolşy ýaly, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde-de netijeli gatnaşyklary işjeň ösdürýär. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýär.
    Ýakynda Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topary bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (UNDP) Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda “Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mümkinçiliklerini artdyrmakda ýardam etmek” atly 2024-2025-nji ýyllar üçin Taslama resminamasynyň kabul edilmegi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan özüniň daşary syýasatynda halkara guramalar bilen toplumlaýyn özara gatnaşyklary ösdürmekde alyp barýan işleriniň dünýä nusgalykdygynyň aýdyň subutnamasy boldy.
    BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň taslamadaky esasy maksady öňdebaryjy halkara tejribelerini ýurdumyzda hereket edýän Saýlaw kanunçylygy bilen baglanyşdyryp, ýörite okuwlary guramak we mundan beýläk-de Türkmenistanyň saýlaw ulgamynyň mümkinçiliklerini kämilleşdirmekden ybarat bolup durýar.
    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda köpugurly özgertmeler amala aşyrylýar we syýasy jebislik, durnukly ösüş, durmuş-ýaşaýyş ulgamda belent derejeler gazanylýar, ruhy hem-de medeni galkynyş ýoly bilen, belent sepgitlere ýetmek üçin ylmy taýdan esaslandyrylan maksatnamalar kabul edilýär.
    Ata-babalarymyzyň müňlerçe ýyl mundan ozal binýadyny berkden tutan demokratiýanyň milli esaslary häzirki wagtda saýlaw ulgamynyň hukuk binýadyny kämilleşdirmekde gymmatly hazyna bolup durýar.
    Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzda adamyň we raýatyň hukuklary, azatlyklary we borçlary halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda ykrar edilýär we Türkmenistanyň Konstitusiýasy we kanunlar bilen kepillendirilýär. Jemgyýetde her bir raýatyň öz hukuklaryna we kanunyň öňündäki borçlaryna doly hem-de dogry düşünmegini gazanmak, hukuk medeniýetini ösdürmek ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.
    Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň bäşinji bölümi “Saýlaw ulgamy, sala salşyk” diýip atlandyrylan we on sany maddasynda saýlaw hukugynyň esaslary beýan edilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 119-njy maddasyna laýyklykda Türkmenistanyň Prezidentiniň, Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary ählumumy we deň saýlaw hukugynyň esasynda geçirilýär diýip bellenilen. Türkmenistanda hereket edýän kanunçylyga, umumy ykrar edilen halkara kadalaryna laýyklykda, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, demokratik ýörelgelerden ugur alyp, aýanlykda we bäsleşik esasynda ýokary derejede guramaçylykly geçirmek saýlaw toparynyň öňünde durýan wajyp wezipedir.
    Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi saýlaw toparyny, welaýat, welaýat hukukly şäher, etrap, etrap hukukly şäher, okrug, etrapdaky şäherleriň, şäherçeleriň, geňeşleriň we uçastok saýlaw toparlaryny döretmegiň tertibi, saýlaw möwsüminiň dowamynda dalaşgärleri hödürlemek we hasaba almak, olara bildirilýän talaplar bilen bagly işleriň kadalary “Türkmenistanyň Saýlaw kodeksinde” beýan edilendir.
    Türkmenistanyň Konstitusiýasy we saýlaw kanunçylygy raýatlara öz ýurdunyň döwlet häkimiýet edaralarynyň ählisine saýlamaga we saýlanmaga mümkinçilikleri üpjün edýär, ählumumy, deň, göni we gizlin saýlaw hukugyny kepillendirýär.
    Aýanlyk şertlerinde göni saýlawlarynyň geçirilmegi, Türkmenistanyň on sekiz ýaşy dolan raýatlarynyň saýlamaga hukugynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynda kepillendirilmegi saýlaw ulgamynyň hukuk binýadynyň berkdigine şaýatlyk edýär.
    Halkara talaplaryna laýyk gelýän, demokratik esasda, agzybirlik hem asudalyk, ýokary işjeňlik hem jebislik ýagdaýynda geçirilýän saýlawlar jemgyýetiň syýasy gatnaşyklar ulgamynyň kämilleşýändigini, raýatlaryň jemgyýetiň we döwletiň işlerini dolandyrmaga bolan hukuklarynyň kanun taýdan berkidilendigini bellärliklidir.
    Saýlawlaryň aç-açanlyk, aýdyňlyk ýagdaýda geçirilmegi her bir ynsana mukaddes raýatlyk borjuny ýerine ýetirip, mynasypdan, mynasyp dalaşgäri saýlamaga mümkinçilik berýär. Watanymyzyň at-abraýyny has-da belende galdyrjak ýaşlaryň saýlawlara gatnaşmagy, olaryň arasynda ilkinji gezek ses berjekleriň bolmagy, ýaşlaryň syýasy we hukuk düşünjeliliginiň hem-de medeniýetiniň ýokarlanmagyna mümkinçilik döreýändigini tejribe görkezýär. Türkmenistanyň saýlaw ulgamynyň kämilleşdirilmegi bu ugurda ýurdumyzda dünýä nusgalyk işleriň hukuk binýadynyň döredilendigini anyk görkezýär.

    Ogulgurban EZIMOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI