Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / Bitarap Türkmenistan-asudalyk mekany, Bu gün diplomatiýa-parahatlyk mukamy.
    Bitarap Türkmenistan-asudalyk mekany, Bu gün diplomatiýa-parahatlyk mukamy. surady
    30/11/-0001

    2678

    Bitarap Türkmenistan-asudalyk mekany, Bu gün diplomatiýa-parahatlyk mukamy.

    Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow:    

    Biz berkarar döwletimiziň Bitaraplyk

    hukuk ýagdaýyndan ugur alyp,

    Ýer ýüzüniň ýurtlary bilen dost-doganlyk

    gatnaşyklaryny ösdürýäris.   

    Parahatçylyk we ynsanperwerlik

    syýasatyny alyp barýarys.


    Irden oýanýaň. Säheriň tämiz howasy kalbyňa rahatlyk çoýýar. Adamlar işine, çagalar ak mekdebe tarap ynamly gadam urýarlar. Her bir ynsan öz çeken halal zähmetinden bagtyny tapýar. Bu bagtly, bagtyýar durmuşy synlap otyrşyňa biygtyýar oýa batýarsyň. Biziň mukaddes topragymyzda, ata Watanymyzda gülüp-oýnap, ak mekdeplerde ylym-bilim, edep-terbiýe alyp, okap, öwrenip, döredip, bagtly-eşretli döwrüň hözirini görip ýaşamagymyzyň sebäpleri hiç şübhesiz parahat durmuş, asuda asman hem abadan ýurt bolsa gerek. Bu asuda asmana, erkana ulus-ile guwanyp serime gelen setirleriň nädip kagyz ýüzüne geçenini hem duýman galýaryn:

    Men parahat ýurduň bagtyýar nesli,

    Asuda asmanym, ilim abadan. 

    Bitarap Watanyň beýikdir waspy, 

    Eziz Diýar gülläp, ösýär ýaňadan.

    Parahatçylyk! Bu gör nähili uly bagt. Biziň ata-babalarymyz geljekki nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin  nijeme jeňlerde öz şirin janlaryny gurban edip, bize şu parahat, rahat günleri bagyş edipdir. Pederlerimiziň parahat, bagtyýar durmuş baradaky arzuwlary Mähriban Arkadagymyzyň atasy ilhalar ynsan, mugallym we esger Berdimuhammet Annaýewiň: «Dowamat dowam bolsun! Nesiller bagtyýar durmuşda ýaşasyn!» diýen sözlerinde öz beýanyny tapýar. Pederlerimiziň köp asyrlyk arzuwyny «Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk» Gahryman Arkadagymyz wysal eýledi. Ata-babalarymyzyň parahatlyk baradaky arzuw-islegleri, berkarar döwletimiziň ýaşaýjylaryna nesip etdi.

    Parahatçylyk — adamzat durmuşynyň gazananlarynyň içinde iň mukaddes düşünjedir. Parahatçylyk bilen bagly islendik pikir, islendik döredilen sungat eseri adamzady bakylyga äkitjek mukaddeslikden nyşandyr. Uruş diýen ýowuz belanyň ýer ýüzünden ýok bolup ýitmegi, Bütindünýäde parahatçylygyň, asudalygyň höküm sürmegi üçin iň zerur närse bolsa diplomatiýadyr. Diplomatiýa — halkara gatnaşyklarynda ýüze çykýan meseleleri parahatçylykly usullar we ara alyp maslahatlaşmak arkaly çözmekdir. Diplomatiýanyň esasy maksady urşuň öňini alyp, parahatçylygy gorap saklamakdyr. Diplomatiýa-parahatçylyk guralydyr. Diplomatiýa  häzirki wagtda iki manyda aňladylyp bilner:

    1)Dar diplomatiýa;                                                                                                               

    2)Giňişleýin diplomatiýa.  

    Dar diplomatiýa umuman alanyňda bir döwletiň daşary işler ministrligi, ilçileri tarapyndan alnyp barylýan syýasy duşuşyklar, maslahatlar,şertnamalar we ş.m. aňladýar. Giňişleýin diplomatiýa bolsa halkara guramalar tarapyndan alnyp barylýar. Meselem: Birleşen Milletler Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ýewropa bileleşigi we ş.m. Diplomatiýanyň manysy barada birnäçe alymlar öz eserlerinde belläp geçipdirler. Angliýada dünýä inen asly nemes diplomat Ernest Mason Satow: «Döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň parahatçy-lykly ýollar bilen ýöredilmegine diplomatiýa diýilýär» diýip aýdypdyr. Halkara gatnaşyklar professory asly Awstriýaly Headley Bull hem diplomatiýa barada şeýle diýýär: «Resmi politikalar we parahatçylykly ýollar arkaly dünýä syýasatynda orun alan döwletleriň arasynda gatnaşyklaryň alnyp barylmagydyr. Diplomatiýany gadymy döwür we täze döwür hökmünde hem ikä bölüp bolar. Gadymy döwrüň diplomatiýasyna Gadymy Gresiýadaky, Rimdäki, Gadymy Müsür we Hettleriň arasyndaky we Ad-hoc diplomatiýasyny görkezmek bolar. Täze döwrüň diplomatiýasy bolsa XVII-XVIII asyrda ýüze çykypdyr diýip aýdyp bileris. Täze döwür diplomatiýasyna mysal hökmünde Fransuz rewolýusiýasyndan soň dörän diplomatiýany, Wena kongresindäki diplomatiýalary görkezip biler. Diplomatiýa öz içinde başgada birnäçe toparlara bölünýär:araduryjylyk diplomatiýasy, köptaraplaýyn diplomatiýa, ikitaraplaýyn diplomatiýa, konferensiýa diplomatiýasy, öňüni alyş diplomatiýasy, medeni diploma-tiýa, ynsanperwer diplomatiýa we ş.m.                                     

    Türkmen halkynyň taryhy hem parahatçylygy dörediji diplomatiýanyň nusgasydyr. Muňa mysal hökmünde Şükür bagşynyň öz agasyny ýeke damja gan hem dökmän, öz dutary bilen ýesirlikden alyp gaýtmagyny görkezip bolar. Bu wakany Mähriban Arkadagymyz özüniň «Parahatçylyk sazy, dostluk-doganlyk sazy» atly kitabynda örän çeper beýan edýär.   

    Gahryman Arkadagymyz 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda talyp ýaşlar we okuwçylar bilen geçiren duşuşygynda  many-maňyzdan, akyl-paýhasdan püre-pür bolan dürdäne sözlerini, ylyma-bilime, pähim-paýhasa teşne bolan biz ýaşlaryň dykgatyna ýetirdi: «Meniň «Türkmenistan Bitaraplygyň mekany» kitabymda belleýşim ýaly, eger-de milletiň erkana we öz erkli ýaşaýşyny bürgüt hem laçyn guşlarynyň öz dünýäsinde erkana, parahat ýaýnaýşyna meňzetsek, olar şunda öz goşa ganatlaryna daýanýandyrlar. Şeýlelikde, Garaşsyzlyk we Bitaraplyk hem türkmeniň goşa ganatydyr». Bu sözler meniň kalbymda uly hyjuw döretdi we baky orun aldy. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrnda 185 döwletiň goldamagynda Birleşen Milletler Guramasynyň karary netijesinde, Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde 2015-nji ýylda bu guramanyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama ikinji gezek makullandy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň ýokary diplomatiýasy netijesinde Dünýä Bileleşigi tarapyndan 12-nji dekabr «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edildi. Bitarap Watanymyza bolan ýürek buýsanjymy goşgy setirleri arkaly beýan edesim gelýär.


    Bitaraplyk diýmek parahatçylyk,

    Bitaraplyk asuda asmanymdyr.

    Bitaraplyk diýmek abadançylyk,

    Bitaraplyk bagtyýar diýarymdyr.


    Bitaraplyk diýmek dünýäň öňünde,

    Belentde parlaýan ýaşyl tugumdyr.

    Bitaraplyk älem-jahan ýüzünde,

    Ykrar bolan Watanymdyr, ýurdumdyr.


    Bitaraplyk pederleriň arzuwy,

    Nesilleriň bagtyýar geljegidir.

    Bitaraplyk ýürekleriň küýsegi,

    Ol ýurdumyň göwheri, merjenidir.


    Bitaraplyk Arkadagyň yhlasy,

    Düýnüm, şu günüm hem bagtly ertäm.

    Bitaraplyk Gahrymanyň paýhasy,

    Kalplaryň töründe müdimi berkän.


    Yhlas HALLYÝEW,

    Maýa Kulyýewa adyndaky 

    Türkmen Milli Konserwatoriýasynyň 

    ýanyndaky ýörite sazçylyk-mekdep 

     internatynyň 10-njy synp okuwçysy.

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI