
21/05/2025
66
BIRLEŞME! HYZMATDAŞLYK! ÖSÜŞ!
Bu üç söz halkara bäsleşigiň diňe bir düýp mazmunyny däl, eýsem, Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasatymyzyň, halkara gatnaşyklaryň, ýaşlar hyzmatdaşlygynyň hem özenini düzýär. Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama dünýäde belent ykrara eýe boldy. Şunuň bilen baglylykda, 12 — 14-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly II halkara bäsleşik parahatçylygy, dostlugy, ynanyşmagy, ýaşlar hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda strategik meýdança boldy.
Halkara bäsleşige jemi 140-dan gowrak, şol sanda Russiýadan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Özbegistandan, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan 30-a golaý talyp hem-de magistr gatnaşdy. Şeýle hem Türkmenistanyň 23 sany ýokary okuw mekdeplerinden 115 sany talyp bäsleşige wekilçilik etdiler. Bäsleşik ýekebara görnüşde guralyp, oňa türkmen hem-de daşary ýurtly professor-mugallymlar eminlik etdiler.
Has takygy, halkara bäsleşige Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň Moskwa Döwlet Halkara gatnaşyklary institutyndan, Russiýanyň Patris Lumumba adyndaky Halklaryň dostlugy uniwersitetinden, Russiýa Federasiýasynyň Akademik S.P.Korolýow adyndaky Samara milli barlag uniwersitetinden, Gazagystan Respublikasynyň Ş.Esenow adyndaky tehnologiýalaryň we inžiniringiň Kaspiý uniwersitetinden, Gyrgyz Respublikasynyň Baş prokuraturasynyň Ýuridiki Akademiýasyndan, Täjik milli uniwersitetinden, Hytaý Daşary işler uniwersitetinden, Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Dünýä ykdysadyýeti we diplomatiýa uniwersitetinden, ABŞ-nyň El Paso şäheriniň Tehas uniwersitetinden hem-de ýurdumyzyň abraýly ýokary okuw mekdeplerinden bäsleşige gatnaşyjylar hasaba alyndy.
Bäsleşige gatnaşyjylar matematika, ekologiýa, durnukly ösüş we syýasat ýaly ugurlara degişli sowallara test görnüşinde jogap berdiler. Gatnaşyjylaryň 110-sy bäsleşigiň ýeňijisi diýlip yglan edildi we olaryň 21-si birinji, 35-si ikinji hem-de 54-si üçünji orna mynasyp boldular. Türkmen talyplary hem bäsleşikde üstünlikli çykyş edip, jemi 81 medal gazandylar. Olaryň 10-sy altyn, 26-sy kümüş, 45-si bolsa bürünç medallardyr.
Ýeri gelende bellesek, myhmanlar halkara bäsleşigiň çäklerinde türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi bilen ýakyndan tanyşdylar. Bu abraýly bilim ojagyndaky «Türkmen diplomatiýasynyň taryhy» muzeýi, hereket edýän merkezler, «Ak öý», «Ýaş žurnalistler» ylmy-döredijilik gurnagynyň çägindäki okuw studiýasy, «Ýaş diplomatyň sesi» atly elektron gazetiniň redaksiýasy bilen tanyşlyk myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. Olar bu babatda özara hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň maksadalaýyk boljakdygyny nygtadylar. Institutyň okuw studiýasy tarapyndan ýörite guralan «tegelek stol» gepleşiginde myhmanlar öz ýürek buýsançlaryny, pikir-garaýyşlaryny paýlaşdylar.
Däp bolşy ýaly, daşary ýurtly myhmanlar üçin ýörite medeni maksatnama düzüldi. Olar halkara bäsleşigiň çäklerinde paýtagtymyz Aşgabadyň gözel künjeklerine, paýtagtymyzdaky söwda we dynç alyş merkezlerine gezelenç etdiler.
Halkara bäsleşik hem, adyndan belli bolşy ýaly, parahatçylygy wagyz etmek, halkara dialogy işjeňleşdirmek, medeni diplomatiýany ilerletmek, ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda oňyn netijeleri gazanmakda ähmiýetlidir. Şunda halkara bäsleşigiň çäklerinde her döwlete wekilçilik edýän toparlaryň ýolbaşçy mugallymlary türkmen talyplary bilen duşuşyklary, okuw sapaklaryny geçirip, özleriniň tejribelerini, ylmy garaýyşlaryny paýlaşdylar.
Şeýlelikde, türkmen paýtagty ýene-de ýürekleri birleşdirdi. Bäsleşige gatnaşmak üçin müňlerçe kilometrlik ýollary söküp gelen myhmanlaryň her ädimde diýen ýaly aýak çekip, ajaýyp Aşgabadyň gözellikleriniň hiç birini deňinden geçiresleri gelmän, surata düşüşlerini tolgunman synlamak mümkin däl. Olaryň islendigi bilen söhbetdeş bolanyňda, abraýly döwletde geçirilýän ýaryşa gatnaşyp, dünýägaraýşyňy, gözýetimiňi giňeltmegiň, gözellikleri görmegiň, tejribe alyşmagyň, geljegiň üçin gor ýygnamagyň özüniň uly ýeňişdigini aýdýarlar. Diýmek, olaryň ählisi ýeňiji!
Sülgün NEPESOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy.