
21/05/2025
74
BIRLEŞME! HYZMATDAŞLYK! ÖSÜŞ!
Bu üç söz halkara bäsleşigiň diňe bir düýp mazmunyny däl, eýsem,
Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen hem-de Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary
syýasatymyzyň, halkara gatnaşyklaryň, ýaşlar hyzmatdaşlygynyň hem özenini
düzýär. Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde
Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen «2025-nji ýyl — Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama dünýäde belent ykrara eýe
boldy. Şunuň bilen baglylykda, 12 — 14-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler
ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen «Halkara gatnaşyklary:
parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly II halkara bäsleşik parahatçylygy,
dostlugy, ynanyşmagy, ýaşlar hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda strategik
meýdança boldy.
Halkara bäsleşige jemi 140-dan gowrak, şol sanda Russiýadan,
Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Hytaý Halk Respublikasyndan,
Özbegistandan, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan 30-a golaý talyp hem-de
magistr gatnaşdy. Şeýle hem Türkmenistanyň 23 sany ýokary okuw
mekdeplerinden 115 sany talyp bäsleşige wekilçilik etdiler. Bäsleşik ýekebara
görnüşde guralyp, oňa türkmen hem-de daşary ýurtly professor-mugallymlar
eminlik etdiler.
Has takygy, halkara bäsleşige Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň Moskwa
Döwlet Halkara gatnaşyklary institutyndan, Russiýanyň Patris Lumumba adyndaky
Halklaryň dostlugy uniwersitetinden, Russiýa Federasiýasynyň Akademik
S.P.Korolýow adyndaky Samara milli barlag uniwersitetinden, Gazagystan
Respublikasynyň Ş.Esenow adyndaky tehnologiýalaryň we inžiniringiň Kaspiý
uniwersitetinden, Gyrgyz Respublikasynyň Baş prokuraturasynyň Ýuridiki
Akademiýasyndan, Täjik milli uniwersitetinden, Hytaý Daşary işler
uniwersitetinden, Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Dünýä
ykdysadyýeti we diplomatiýa uniwersitetinden, ABŞ-nyň El Paso şäheriniň Tehas
uniwersitetinden hem-de ýurdumyzyň abraýly ýokary okuw mekdeplerinden
bäsleşige gatnaşyjylar hasaba alyndy.
Bäsleşige gatnaşyjylar matematika, ekologiýa, durnukly ösüş we syýasat ýaly
ugurlara degişli sowallara test görnüşinde jogap berdiler. Gatnaşyjylaryň 110-sy
bäsleşigiň ýeňijisi diýlip yglan edildi we olaryň 21-si birinji, 35-si ikinji hem-de
54-si üçünji orna mynasyp boldular. Türkmen talyplary hem bäsleşikde üstünlikli
çykyş edip, jemi 81 medal gazandylar. Olaryň 10-sy altyn, 26-sy kümüş, 45-si
bolsa bürünç medallardyr.
Ýeri gelende bellesek, myhmanlar halkara bäsleşigiň çäklerinde türkmen
diplomatiýasynyň milli mekdebi bilen ýakyndan tanyşdylar. Bu abraýly bilim
ojagyndaky «Türkmen diplomatiýasynyň taryhy» muzeýi, hereket edýän
merkezler, «Ak öý», «Ýaş žurnalistler» ylmy-döredijilik gurnagynyň çägindäki
okuw studiýasy, «Ýaş diplomatyň sesi» atly elektron gazetiniň redaksiýasy bilen
tanyşlyk myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. Olar bu babatda özara
hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň maksadalaýyk boljakdygyny nygtadylar. Institutyň
okuw studiýasy tarapyndan ýörite guralan «tegelek stol» gepleşiginde myhmanlar
öz ýürek buýsançlaryny, pikir-garaýyşlaryny paýlaşdylar.
Däp bolşy ýaly, daşary ýurtly myhmanlar üçin ýörite medeni maksatnama
düzüldi. Olar halkara bäsleşigiň çäklerinde paýtagtymyz Aşgabadyň gözel
künjeklerine, paýtagtymyzdaky söwda we dynç alyş merkezlerine gezelenç etdiler.
Halkara bäsleşik hem, adyndan belli bolşy ýaly, parahatçylygy wagyz etmek,
halkara dialogy işjeňleşdirmek, medeni diplomatiýany ilerletmek, ýaşlaryň halkara
hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda oňyn netijeleri gazanmakda ähmiýetlidir.
Şunda halkara bäsleşigiň çäklerinde her döwlete wekilçilik edýän toparlaryň
ýolbaşçy mugallymlary türkmen talyplary bilen duşuşyklary, okuw sapaklaryny
geçirip, özleriniň tejribelerini, ylmy garaýyşlaryny paýlaşdylar.
Şeýlelikde, türkmen paýtagty ýene-de ýürekleri birleşdirdi. Bäsleşige
gatnaşmak üçin müňlerçe kilometrlik ýollary söküp gelen myhmanlaryň her
ädimde diýen ýaly aýak çekip, ajaýyp Aşgabadyň gözellikleriniň hiç birini
deňinden geçiresleri gelmän, surata düşüşlerini tolgunman synlamak mümkin däl.
Olaryň islendigi bilen söhbetdeş bolanyňda, abraýly döwletde geçirilýän ýaryşa
gatnaşyp, dünýägaraýşyňy, gözýetimiňi giňeltmegiň, gözellikleri görmegiň, tejribe
alyşmagyň, geljegiň üçin gor ýygnamagyň özüniň uly ýeňişdigini aýdýarlar.
Diýmek, olaryň ählisi ýeňiji!
Sülgün NEPESOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy.