29/07/2024
687
BILIM ULGAMYNDA HÖKÜMETARA HYZMATDAŞLYKDA ÜSTÜNLIKLI ÄDIM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygyndaky işjeň hyzmatdaşlyga esaslanýan gatnaşyklar çalt depginde ösýär. Bu gatnaşyklaryň düýbünde özara we milli bähbitleriň hem-de maksatlaryň bardygyny bellemek möhümdir. Bu gatnaşyklar, esasanam, ylym we bilim ulgamynda günsaýyn giňelýär we has möhüm orun eýeleýär.
Türkmenistan döwletiniň işjeň hyzmatdaşlyk edýän ýurtlarynyň biri hem Koreýa Respublikasydyr. Ýurdumyz ylym, bilim, medeniýet, sanly tehnologiýalar, söwda we ykdysadyýet ugurlarynda Koreýa Respublikasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýar. Bu hyzmatdaşlyk häzirki wagtda bilim we ylym ulgamynda has-da ösdürilýär.
Mälim bolşy ýaly, iki ýurduň ýolbaşçylarynyň alyp barýan daşary syýasatynyň netijesinde Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege hormat goýmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan ýokary ynam bilen häsiýetlendirilýär. Türkmenistanda adam we raýat hukuklary we azatlyklary halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda ykrar edilýär we Türkmenistanyň Konstitusiýasy we kanunlary bilen kepillendirilýär. Adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek, höweslendirmek, goramak we berjaý etmek meseleleri Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Adam hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirmek, Türkmenistanda adamlar üçin has amatly ýaşaýyş şertlerini döretmäge gönükdirilen işler demokratik özgertmeleriň esasy görkezijisidir.
Bilim ulgamyndaky hökümetara hyzmatdaşlyk hukuk we dolandyryş ugurlaryndaky bilimi gowulandyrmaga gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, Koreýa Respublikasynyň Hyzmatdaşlyk Guramasy (KOICA) tarapyndan gurnalan «Ýerli hökümetleriň Aziýada adam hukuklary boýunça işini gowulandyrmak» atly okuw meýilnamasyny agzamak mümkindir. Häzirki wagtda türkmen wekiliýeti bu maksatnama boýunça Günorta Koreýa Respublikasyna okuw saparyna gatnaşýarlar. Bu saparyň esasy maksady, bu ulgama gatnaşyjylaryň hukuk bilimlerini artdyrmak bolup durýar.
Okuw saparynyň dowamynda daşary ýurtlardan gelen wekiliýetler duşuşyp, öz ýurdunyň hukuk ulgamy barada taýýarlanan çykyşlaryny hödürlediler. Türkmen wekiliýetiniň adyndan türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň mugallymy Gülsenem Hommadowa öz çykyşynda adam hukuklarynyň durmuşa geçirilmegi, demokratik ýörelgeleriň berjaý edilmegi, döwletiň daşary ýurtlar bilen diplomatik gatnaşyklary we hökümetara hyzmatdaşlygy barada giňişleýin çykyş etdi.
Bu maksatnama diňe bir bilim pudagyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek bilen çäklenmän, eýsem iki ýurduň medeniýetleri bilen tanyşmak we hyzmatdaşlygy guramak üçin ajaýyp mümkinçilik döretdi. KOICA-nyň «Ýerli hökümetleriň Aziýada adam hukuklary boýunça işini gowulandyrmak» atly maksatnama gatnaşyjylar üçin köp sanly medeni çäreler gurady. 2024-nji ýylyň 20-nji iýulynda gatnaşyjylar ýurduň milli muzeýine baryp gördüler. Hususan hem ýatdan çykmajak günleriň biri Demokratiýanyň başlygynyň sapara gatnaşyjylar bilen duşuşygydyr. Şol duşuşykda türkmen wekiliýetiniň agzasy hökmünde Demokratiýanyň ýolbaşçysyndan ýadygärlik sowgady berildi.
Umuman, Koreýa Respublikasynyň Hyzmatdaşlyk Guramasy 1991-nji ýylda Günorta Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň garamagynda Koreýa hökümeti tarapyndan ulgamyň çäginde birnäçe ugurlary merkezleşdirmek üçin döredildi. Bu edara ähli gatnaşyklary we Koreýa Respublikasynyň birnäçe ministrlikleriniň ýokary bilimli maksatnamalaryny merkezleşdirmekde hyzmatdaşlygy ösdürmäge kömek etdi. KOICA-nyň maksady global garyplyga garşy göreşmek, Koreýanyň adam hukuklary we hukuk pudagyndaky tejribesini paýlaşmak arkaly durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmek bolup durýar. Koreýa Respublikasynyň Hyzmatdaşlyk Guramasy ösüş taslamalary, Ösüş Tejribe alyş-çalyş maksatnamasy (DEEP), halkara meýletinçiler we arkalaşyk maksatnamalary, adatdan daşary ýagdaý kömegi we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk arkaly grant esasly maksatnamalary işläp düzdi.
Mundan başga-da, KOICA-nyň «Ýerli hökümetleriň Aziýada adam hukuklary boýunça işini gowulandyrmak» atly maksatnama barada aýtsak, bu maksatnamanyň maksady, ýerli hökümet işgärleriniň jogapkärçiligini güýçlendirmek we adam hukuklaryny üpjün etmek üçin adam hukuklaryny dolandyrmak ukybyny ýokarlandyrmakdyr. 2024-2026-njy ýyllara niýetlenen bu maksatnama adam hukuklary we dolandyryş pudagyndaky hyzmatdaşlaryň tejribe alyşmagyna goşant goşar.
Türkmen wekiliýetiniň bu maksatnama gatnaşmagy adam hukuklary we hukuk ugrundaky bilimlerini ýokarlandyrmak üçin kömek eder we goldaw berer. Bu möhüm ädim, doganlyk halklaryň bilim pudagynda hyzmatdaşlygynda täze sahypa bolar.
Gülsenem HOMMADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyñ
Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň mugallymy.