30/11/-0001
836
Baýram han Türkmen – döwlet işgäri we diplomat! (Batyr Ilamanow)
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow:
“Halkyň jümmüşinden çykan beýik serkerde şahyr
Baýram han Türkmen galamyň we kelamyň güýji bilen uly işleri bitiripdir,
halk bähbidiniň hem-de adalatyň goragçysy bolupdyr”.
Türkmen döwletiniň bitarap daşary-syýasat ugry häzirki döwrüň möhüm ugurlaryna gönükdirilip, tutuş sebitiň geosyýasy giňişliginde we ondan hem has giň çäklerde täze, XXI asyryň halkara hyzmatdaşlygynda mahsus bolan we iş ýüzünde özara arkalaşykly hereket etmegiň netijeli guraly bilen berkidilen talaplaryna laýyk gelýän usullaryň kemala getirilmegine ýardam edýär. Bu ýörelgeler öz beýanyny taryhda öçmejek yz galdyran türkmenleriň guran döwletlerinde tapypdyr. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän milli aýratynlyklarynyň biri hem goňşy halklar bilen ylalaşykda, agzybirlikde ýaşamaga çalyşmak aýratynlygydyr, şeýle hem agzala taraplary ýaraşdyrmak, netijede hem ylalaşykly, parahatçylykly durmuşy ýola goýmak aýratynlygydyr. Hormatly Prezidentimiziň “Halkymyzyň parahatçylyk babatdaky garaýyşlary milli-ruhy ýörelgelerinde her taraplaýyn orun alypdyr. Adamlaryň arasynda düşünişmezligi aradan aýyrmagyň esasy ýoly hökmünde ata-babalarymyz töwellaçylyk etmegiň ähmiýetine düşünipdirler, durmuşda muňa uly orun beripdirler” [1] diýip bellenmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenler taryhda ençeme döwletleri döreden milletdir. Özlerine anyk ýörelge edinen parahatçylyk söýüji syýasaty, adalatlylygy, ynsanperwerligi olara orta asyrlarda Aziýanyň, Gündogar Ýewropanyň we Demirgazyk Afrikanyň ähli künjeklerinde 70-den gowrak ululy-kiçili döwletleri, şol sanda beýik soltanlyklary gurmaga kömek etdi. Şeýle täsin ahwalatyň syrly täri nämede? Ilkinji nobatda, ol türkmenleriň gylyk-häsiýetinde, olaryň ýasawynda, kalbynyň perdeleriniň näzik sazlaşygyndadyr. Biziň ata-babalarymyz dünýäde tanalyp başlanan ilkinji günlerinden, şol döwrüň ähli ynsanlary türkmenlerde jemgyýetiň adalatly gurlandygyna haýran galypdyr. Muňa mysal edip, Miladynyň başynda rim taryhçysy Pompeý Trog skifler hakynda şeýle ýazýar: “Adalatlylyk diýen düşünje olara (türkmenlere) kanunlar bilen öwredilmän, eýsem olar aňyýetiniň miwesidir. Kişiniň zadyna el gatmak olarda iň agyr günä hasaplanýar... Eý-ho, eger beýleki döwletlerde-de hem kişiniň maly babatda şunuň ýaly durnuklylyk we halallyk bolsady, elbetde, ähli asyrlarda we ähli ülkelerde munça jeň-dawalar bolmazdy” [10] diýip belläp geçýär. Bu ýazgylardan iki müň ýyl geçen hem bolsa, ondan soňky we häzirki türkmenleriň aň-düşünjesinde şol asylly gylyk-häsiýetler saklanyp galandyr. Türkmenler şol guran döwletleriniň halklarynyň taryhyna, durmuşyna, medeniýetine taryhy ähmiýetli goşantlaryny goşupdyrlar. “Döwlet gurjak bolsaň türkmeni çagyr” diýen nakylyň döremegi hem, munuň özi türkmenleriň bu babatda toplan ägirt uly tejribesiniň nyşanydyr. Türkmen hanlary döwleti adalatly dolandyrypdyrlar. Taryhy çeşmeler türkmenler, olaryň rehimdarlygy we adalatlylygy hakynda gymmatly maglumatlary beýan edýär. Akgoýunly, Garagoýunly türkmen döwletleriniň, Türkmeniň beýik Seljuk we Osman imperiýasynyň, Deli soltanlygynyň we beýleki döwletleriň hökümdarlygy barada gymmatly maglumatlary beýan edýän daşary ýurt çeşmeleri aýratyn ünsi özüne çekýär. Türkmen soltanlary özleriniň golastyndaky halklar bilen türkmenleriň özara gatnaşyklarynyň daşary syýasatda uly ähmiýete eýedigine düşünipdirler, türkmen diplomatiýasynyň düýpgöter aýratynlygy golastyndaky welaýatlaryň içki gurluşyny saklap galdyrmakdan, üýtgetmezlikden, ösdürmekden we hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmakdan ybarat bolupdyr.
Bulardan başga-da, türkmenleriň beýik döwletleri, soltanlyklary döreden zamanlarynda hökümdarlar ogullarynyň has oňat tälim-terbiýe almagyna aýratyn üns beripdirler. Şonuň üçin hökümdarlar şejeresinden bolanlaryň her bir ogly üçin söweşlerde at gazanan, ylymdan, bilimden oňat başy çykýan bir serkerde-atabeg saýlanylýardy. Sebäbi şazadalar bugün ýa ertir bolmasa, ýene bir gün tagta çykjak mirasdüşerler, şonuň üçin adaty ýigitlerden has ökde, has başarnykly bolmalydy. Atabeglerden ýagşy tälim-terbiýe alan hökümdarlar söweş meýdanynda hem-ä esgerleri üçin merdanalygyň, batyrlygyň, çalasyn hereket etmegiň nusgasyny başarýardy, hem-de goşunlary dolandyrmakda, söweşi guramakda, esgerleriň toparlaryny jeň meýdanynyň has gerekli ýerine wagtynda ibermekde ussatlygyny görkezýärdi.
Atabegleriň, hökümdar duýdansyz ölen halatynda, hiç bir resmi amal geçirilmezden, şolbada ýaşy döwleti dolandyrmakdan heniz kiçi bolan geljekki soltanlaryň howandar-halypalaryna öwrülendigi we döwleti hakykat ýüzünde atabegleriň özleri dolandyrandygy bar hakykat. Aýdylanlara mysal edip, Hindistandaky Beýik Mogollar döwletini aýtmak bolar. Teýmirileň nesilşalygyndan bolan Zahyreddin Muhammet Babyr 1526-njy ýylda Hindistana aralaşýar hem-de şol ýyl Deli soltanlygynyň patyşasy Ybraýym Lodiniň goşunlary bilen Panipat düzlüginde söweşe girýär we Muhammet Babyr üstün çykýar. Netijede, taryhyň sahnasynda bu döwlet täze Beýik Mogollar imperiýasy ady bilen taryhda şöhlelendi. Emma aradan köp wagt geçmänkä, ýagny 1530-njy ýylda 47 ýaşynda imperiýany esaslandyryjy Zahyreddin Babyr ýogalýar.Patyşa entek ýogalmanka, özüniň mirasdüşeri diýip, onuň 22 ýaşly ogly Humaýuny yglan edipdi. Şanyň baş weziri wezipesine Muhammet Baýram han bellenýär we şol bir wagtyň özünde döwleti dolandyrmakda Humaýun patyşanyň ýakyn kömekçisine öwrülýär. 1534-nji ýylyň dekabr aýynda Humaýun patyşa Güjeradyň häkimi Bahadyr şanyň garşysyna uruş yglan edýär. Imperiýanyň hökümdary döwletiň tejribeli serkerdesi, beýik diplomat Baýram hana uly ynam bildirýänligini aýdýar. Netijede, 1535-nji ýylyň aprel aýynda bolan jeňde özüniň gaýduwsyzlygy bilen tapawutlanan Baýram han serkerde yza çekilip Mandu galasynda gaçyp ýerleşen Bahadur şa bilen diplomatiki ylalaşyk gazanýar we Beýik Mogol döwletiniň goşunynyň taryhy ýeňiş gazanmagyna sebäpkär bolýar. Bu söweşde türkmeniň beýik ogly, diplomat we tejribeli döwlet işgäriniň alyp baran söweş-taktiki hereketleri, galyberse-de döwlet işgärine mahsus ugurtapyjylygy aýratyn nygtarlyklydyr.
Ýöne takdyr, Humaýuna gülüp bakmaýar, çünki onda kakasynyňky ýaly gaýduwsyzlygam, dilewarlygam, harby serkerdeligiň inçe tärlerem ýokdy. Döwleti 10 ýyla deňeç dolandyrandan soň, bir tarapdan öz süýtdeş doganlary, beýleki tarapdan bolsa onuň hökümdarlyk başarnygynyň pesdigini gören halk oňa garşy gozgalaň turuzyp başlaýar. 1540-njy ýylda Şer Han (Şir Han) Suruň ýolbaşçylygynda Biharyň, Bengaliýanyň, Demirgazyk Agranyň ýerli hökümdarlary aýaga galdylar. Netijede Şer Hanyň ýolbaşçylyk etmegindäki gozgalaňçylar Humaýun bilen bolan iki söweşde-de üstün çykýar we ony paýtagt şäher Deliden kowýarlar. Şunlukda, Humaýun we onuň egindeşleri 1540-1555-nji ýyllarda aralygynda 15 ýyllap döwleti dolandyrmak hukugyndan mahrum bolýar.Baýram han Beýik Mogollar döwletiniň Hindistanda patyşasy bolmak umydyny ýitiren Humaýunda ynam döredýär. Şondan soň Baýram han Humaýuny1543-nji ýylda Sefewi türkmenleriň hökümdary Tahmasp I ýanyna äkidip, Baýram han Türkmeniň diplomatik ugurtapyjylygy we arada durmagynda Şer Han Suruň garşysyna goşun ýardam soraýar.
Bu üstünlikli geçirilen diplomatik duşuşyk hakda: “Mogol döwletini dolandyrmaga goşant goşan adamlaryň sany kän, ýöne olaryň naýbaşysy bolup, aýratyn hyzmat görkezen hanlar hany Baýram han we onuň maşgalasyna degişli bolan adamlar durýar. Ady meşhur bolan bu maşgalanyň Mogol döwleti bilen baglanyşygy birnäçe nesiller boýunça dowam edipdir. Olaryň goşun serkerdeligindäki, ylymsöýerligindäki, dostlukdaky we howandarlykdaky aýratynlyklaryna taryhyň sahypalary şaýatdyr. Mogol döwletinde ukyplylykda we edermenlikde özüni tanadyp gelen adamlar kän bolupdyr. Emma Baýram hanyň we Abdyrahym hanyň şöhraty we at-abraýy ýaly belentlik başga hiç kime miýesser etmändir”diýip, Hasan Aly beg Munşi Debi Praşad “Hanhanannama” eserinde beýan edýär.[8] Şeýlelik-de, uly syýasy-diplomatik işleriniň netijesinde ýeterlik ýardam bilen üpjün edilen sefewi-owgan birleşen goşuny Baýram han Türkmeniň ýolbaşçylyk etmeginde 1555-nji ýylda paýtagt şäher Delini täzeden eýelemegi başarýar. Sefewi hökümdary şa Tahmaspyň we Humaýunyň bilelikdäki permany bilen döwleti dikeltmekde we dolandyrmakda bitiren hyzmatlary, galyberse-de Gandhar we Serhintde görkezen edermenligi üçin Baýram hana “Han Hanan” ýagny, “Hanlary hany” diýlen belent dereje, at berlipdir.
Şanly ýeňişden uzak wagt geçmänkä ogly Ekberi mirasdüşeri diýip yglan edenden soňra, 1556-njy ýylyň ýanwarynda Humaýun patyşa dünýäden ötýär.Onuň ýerine 1542-nji ýylda kakasy Owganystanda gaçgaklykda gezip ýörkä doglan, kiçijek şazada Ekber öz atalygy Baýram hanyň hyzmatlary netijesinde tagta geçýär. Ýaş patyşa entek çagaka onuň kakasy Humaýun öz serkerdesi Baýram han Türkmeniň mertligine we gaýduwsyzlygyna göz ýetirip, ony geljekki mirasdüşer şazada atalyk edip belläpdi. Baýram hanyň bu imperiýany gaýtadan dikeltmekdäki syýasy-diplomatiki tagallasy, döwletiň kuwwatlylygyny saklamakda we dünýäniň iň beýik döwletleriniň biri bolmaklygynda amala aşyran hyzmatlary bimöçberdir.
Şeýlelikde, Kyblaýy älem Muhammet Baýram han Beýik Mogollar imperiýasyny 1556-1561-nji ýyllarda şa Ekberiň adyndan dolandyran beýik şahsyýet, döwlet işgäridir. Gulluk eden ýyllarynda Baýram han “Hanlar hany” derejesini alan türkmeniň meşhur serkerdesi, şahyry, diplomatydyr. Bu barada Deli uniwersitetiniň professory Ram Kişore Pandi “Muhammet Baýram han Türkmeniň ömri we edermenlikleri” atly işinde: “Başga serdarlaryň hiç biri-de batyrlykda, döwleti dolandyrmak ussatlygynda, alymlykda, edebiýaty oňat bilmekde we söweş tejribesinde Baýram han bilen bäsleşip biljek däl-di, çünki ol mogol däl-de, türkmendi, oňa görä-de mogol hökümdarlarynyň köşklerinde onuň duşmanlary-da bardy”[4, 6 s.] diýip belläp geçýär.
Baýram han ýaşlygynda ilki Sefewi hökümdary şa Ysmaýyl Hataýa, soňra Mogol patyşalaryna gulluk edýär. 1530-njy ýylda Zahyreddin Muhammet Babyr ýogalyp, onuň ýerine ogly Humaýun hökümdar bolandan soňra Baýram hanyň abraýy tiz artýar. Ol ýurdy ösen döwletleriň hataryna ýetirýär, goşunda özgertmeler geçirip, berk tertip-düzgün girizýär. Döwlet dolandyryş diwanynda, kanun çykaryjy edaralarynda, kazyýetde we beýleki ýokary wezipeli gulluklarda, goşunbaşylyklarynda işlär ýaly halkyň arasyndan abraýly, zehinli, halk üçin alada edýän, ugurtapyjy adamlary gözläp tapypdyr we işe belläpdir. Olardan adalatly bolmagy talap edipdir we şonuň bilen birlikde olara işlemäge şert döredipdir, olara nähak ýere şyltak atylsa, olary goldapdyr. Goşun özüniň kämilligi, berk düzgün-nyzamlylygy bilen beýleki döwletleriň goşunlaryndan tapawutlanypdyr. Baýram hanyň “goşunda näçe tertip-düzgün berk bolsa, esgerleriň söweşjeň taýýarlygy hem şonça ýokary bolýar” diýen jaýdar sözleri, şol goşuna şowlulyk getirip, kuwwatynyň ýokarlanmagyna ýardam edipdir. Şu sebäpden hem Humaýunyň döwründe gowşan Beýik Mogollar döwleti Baýram hanyň başarjaňlygy, ugurtapyjylygy we diplomatik ussatlygy bilen täzeden dikeldilýär. Beýleki döwletleriň ösüşe eýe bolmagy netijesinde döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda uruşmak ýa-da uruşdan söz açmak, ähli halklar üçin öran howply bir töwekgelçilik we howatyrly ýagdaý bolup durupdyr. Şol sebäpli hem Baýram han öz aralaryndaky gapma-garşylyklary ýa-da düşünişmezlikleri çözmek üçin diplomatiýa ýoluny ulanypdyr. Döwlet işgäriniň bu diplomatiýasynyň maksady bolsa, döwleti boýun egdirmek ýa-da döwletler arasy söwda gatnaşyklary ösdürmek däl-de, güýç ulanmazlyk arkaly syýasy utuşlar gazanmak, söweş ýoly bilen gazanyp bolmajak zatlary parahatçylyk we adamlaryň asudalygyny goramak ýoly bilen gazanmaklyk bolupdyr.
Döwrüniň beýik serkerdesi, pähimli filosof, ýiti zehinli şahyr we diplomat Muhammet Baýram han bütin Orta Aziýa, Horasan, Owganystan we Hindistan ýaly ýurtlaryň medeniýetiniň bir-biri bilen özara diplomatik hyzmatdaşlyk esasda ösmegi üçin ägirt uly rol oýnan adamdyr. Ol ýokarda agzalan we agzalmadyk birgiden halklaryň özara gatnaşygyny berkitmek we ebedileşdirmek ugrunda dostluk köprüsiniň ilkinji nawlaryny atypdyr. Baýram hanyň döwrüniň taryhyny ýazan hindi taryhçylarynyň, alymlarynyň bellemegine görä, Baýram han özüne erk edip bilýän batyr we özbaşdak hereket edip bilýän adam bolupdyr. Ol hiç wagt söweş meýdanyny taşlap gaçmandyr. Hindi taryhçysy Badony: “Baýram han parasatlylykda, geçirimlilikde, göwnaçyklykda, hoşniýetlilikde öz döwürdeşleriniň hemmesinden artykmaçdyr”[4. 13 s] diýip nygtaýar.
Dünýä taryhçylarynyň hemmesi diýen ýaly, Baýram hanyň öňdengörüjiligini, rehimliligini, sözünde tapylýanlygyny, kasama ygrarlylygyny, demir ýaly berk erk-ygtyýarlygyny, beýik ynsan we döwlet işgäri hökmünde inkär edip bolmajakdygyny belleýärler. Şu ýerde, Merkezi Aziýany öwreniji rus taryhçysy D. N. Logofet: “Türkmenler häsiýeti boýunça örän batyrgaý halk bolup, olar islendik ýagdaýda-da öz beren sözünde tapylýarlar. Eger kasam kabul etseler, ony mertlerçe berjaý edýärler. Sebäbi olaryň aňynda kabul eden kasamyňdan dönseň diňe özüň däl, eýsem, şol dabara gatnaşyp, seniň içen kasamyňa şaýat bolanlaryňam Ýaradanyň gazabyna duçar boljakdygy barada ynanç bar” [9]diýip, jaýdar belläp geçýär. Bulardan başga-da, sözüňe ygrarlylyk hakda halkymyzyň däp-dessurlaryndan gözbaş alýan “Paýhas çeşmesi” kitabynda: “Är lebizden, koý bogazdan”, “Är aýtmaz, aýdansoň gaýtmaz”, “Jan hem agyzdan çykar, lebiz hem” “Ynsan lebzinden baglanar, haýwan şahyndan” [6. 23, 112, 431, 477 s.] diýip bellenýär.
Şu nukdaýnazardan, ýokarda agzalyp geçen ynsanylyk häsiýetleri beýik serkerdäniň we diplomatyň türkmene gadymdan gelýän edep-terbiýäniň we özboluşly mentalitetiň hakykat ýüzündäki aňlatmasydyr.Baýram han Türkmeniň özi bolsa, türki ýigitleri barada şeýle diýýär: “Siz bilip goýuň, türki kowumlarda öz iýen duzuna kast edýän adamyň bolmaýandygy bütin dünýä bellidir” [2, 22 s.].
Türkmeniň meşhur diplomaty Baýram han döwletleriň daşary syýasatyny durmuşa geçirmegiň serişdesi bolup durýan, sungata deňelýän diplomatiýanyň, döwlete baştutanlyk etmegiň, döwletiň bähbitlerini goramaklykda alnyp barylýan işlerde ýüze çykýan gapma-garşylyklary adalatly çözmegiň oňaýly usullaryny, özboluşly ýoluny öwretdi. Şu ýerde, XVIII asyryň ýazyjylaryndan François de Calliéres, “Hökümdarlar bilen gepleşik sungaty” atly işinde diplomatiki özüň alyp barmak barada şeýle ýazýar: “Gepleşikler geçirilende ussatlyk örän möhümdir, iň uly döwletleriň ýazgylary hem gepleşikleriň gowy ýa-da erbet geçirilmegine hem-de gepleşik geçirýänleriň ussatlygyna we başarnygyna baglydyr. Gepleşikler ýoly bilen nämeleriň gazanylandygyny, nämeleriň ýitirilendigini taryhda bolup geçen wakalardan görmek bolýar. Biz munuň netijelerini bir döwletiň peýdasyna ýa-da zyýanyna bolan rewolýusiýalarda, halklaryň arasyna sepilen ýigrenç tohumlarynda, halklaryň bir-birine garşy ýaraglanmagynda, döwletleriň arasyndaky iň güýçli gatnaşyklaryň kesilmeginde şeýle-de söweşýän hökümdarlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň gurulmagynda we şertnamalara gol çekilmeginde görýäris” [7] diýip belläp geçýär. Bu bolsa Baýram hanyň taryhda nähiliräk işler edendiginiň, söz ussatlygynyň we diplomatik häsiýetleriniň gysgaça mysal üstündäki beýanydyr.
Türkmeniň belli taryhçysy Ö.Gündogdyýewiň adalatly belleýşi ýaly: “Baýram han-beýik türkmen şahyrydy, döwlet işgäridi, şöhratly serkerdedi. Türkmen halkynyň bu beýik ogluna hormat hökmünde “Delide Türkmen derwezesi” bar” diýýär[8]. Muhammet Baýram han we Ekberiň bilelikde döwleti dolandyran döwründe Beýik Mogollar imperiýasy harby taýdan-da,ykdysady, medeni, ylym we daşary diplomatik taýdan-da gülläp ösdi. Bu imperiýaAziýadaky iň uly döwletler – Hytaýdaky Sin imperiýasy, Türkmen Osmanly imperiýasy, Eýrandaky Sefewiler döwleti ýaly kuwwatly döwlete öwrüldi. Beýik Mogollar imperiýasy Demirgazyk we Merkezi Hindistany, häzirki Päkistany, Bangladeşi, Owganystany özüne birleşdirýän ägirt uly döwletdi [3, 132 s.]. Milletara we dinara dostlugy wagyz edip, adamlary dost-doganlyga çagyran türkmeniň beýik ogly Muhammet Baýram han mirasy goja zeminde ýaşaýan gadymy adamzadyň uly gymmatlygydyr. Meşhur gündogary öwreniji iňlis alymy Denisson Ross:“Ol toplum ýyldyzlar ýaly şöhle saçýan adamlaryñ arasynda iñ şöhleli ýyldyzlaryñ biri bolup, Humaýun hem Ekberiñ köşkleriniñ üstüne ýalkymyny saçypdyr. Onuñ ady XVI ýüz ýylyñ birinji ýarymyny beýan edýän Hindistan taryhynyñ sahypalarynda uly orun tutýar”[4, 12 s.] diýip, belläp geçmegi bolsa şek-şübhesiz döwlet işgäri we diplomatyň Hindistanyň taryhynda aýratyn öwüşginli orun tutýanlygynyň aýdyň kepilidir.
“Garagoýunly türkmenlerinden gelip çykan hanlar hany Baýram hanyň, onuň ogly Abdyrahym hanyň Beýik Mogollar şadöwletiniň berkemeginde we gülläp ösmeginde bitiren hyzmaty çäksizdir. Halkyň jümmüşinden çykan beýik serkerde şahyr Baýram han Türkmen galamyň we kelamyň güýji bilen uly işleri bitiripdir, halk bähbidiniň hem-de adalatyň goragçysy bolupdyr. Şahyranalyk we pelsepewi paýhas bitewiligi, ynsanyýetiň waspy we adam mertebesini ýokary götermek hakynda müň öwüşginli garaýyşlar şahyryň döredijiliginiň esasy aýratynlygydyr biridir. Ynsanperwerligiň, dostlugyň, ýagşylygyň, gözelligiň waspnamasy hökmünde umumadamzat şygryýet hazynasyna giren Baýram hanyň edebi mirasy biziň buýsanjymyzdyr” [4, 5 s] diýip, Muhammet Baýram han hakda hormatly Prezidentimiz nygtaýar. Dogrudanam, Türkmen diplomatiýasynyň özboluşly aýratynlygyny we parahatsöýüjilikli syýasatyny dünýä ýaýan, ussat şahyr, döwlet işgäri, adalatyň goragçysy, döwrüň pelsepeçisi we diplomat, şeýle ajaýyp ussatlyklaryň asyl nusgasyny özünde jemlän edermen serkerde, hanlar hany Muhammet Baýram han hanandyr.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Muhammet Baýram han Türkmeniň döredijiligini, edebi mirasyny içgin öwrenmegiň ähmiýeti örän uludyr. Aýdylanlara mysal edip, 2000-njy ýylda Türkmenistan we Hindistanyň dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklarynda we taryhynda umumy gymmatlyga eýe bolan Baýram han Türkmeniň 500 ýyllyk to
Latest News
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI