08/07/2024
892
Astana sammiti: köptaraplaýyn dialogy berkitmekde möhüm ädim
Türkmenistan halkara guramalaryň 50-ä golaýynyň agzasy bolup durýar. Döwletimiziň daşary syýasy ugrunda dürli halkara we sebitara guramalaryň çägindäki hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alyp, Türkmenistan olaryň köpüsine agza bolmasa-da, ýokary derejedäki duşuşyklaryna hormatly myhman hökmünde gatnaşýar. 4-nji iýulda-da türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Astanada geçirilen sammitine gatnaşyp, çuň manyly çykyş etdi. Türkmen tarapynyň şeýle duşuşyklara yzygiderli gatnaşmagy ýurdumyzyň iri halkara guramalar bilen, şol sanda döwletara derejedäki özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär.
Dünýä geosyýasatynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) ähmiýeti örän uludyr. Ol köpçülikleýin goranyş ýa-da köpçülikleýin howpsuzlyk guramasy däldir, üçünji ýurtlara garşy gönükdirilen hem däldir. Emma terrorçylyga, ekstremizme, milletparazlyga garşy göreş onuň işiniň aýrylmaz bölegidir. Gurama döredilen wagtynda howpsuzlyk, terrorçylyga, neşe söwdasyna garşy göreş meselelerine artykmaçlyk berlen bolsa, häzirki wagtda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk öň hatara çykdy. ŞHG-ä agza döwletler Ýewraziýanyň umumy meýdanynyň 65 göterimini, Ýer togalagynyň ilatynyň tas ýarysyna golaýyny tutýar. Bitarap Türkmenistan hem bu kuwwatly düzüme agza ýurtlar bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini toplady. Gahryman Arkadagymyz we hormatly Prezidentimiz ŞHG-niň ozalky sammitleriniň birnäçesine hormatly myhman hökmünde gatnaşyp, oňyn halkara başlangyçlaryň ençemesini öňe sürdüler. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Astana sammitinde beýan eden teklipleri-de ozalky başlangyçlaryň üstüni ýetirmek bilen, olary mazmun taýdan has-da baýlaşdyrdy.
Hormatly Arkadagymyzyň sammitdäki çykyşynyň daşary syýasy bölegi halkara giňişlikde parahatçylygyň kepili hökmünde dialog başlangyjyny ilerletmäge gönükdirildi. Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi hem-de degişli Kararnamada berkidildi. Döwlet Baştutanymyz 2023-nji ýylyň sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda eden çykyşynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny döretmek baradaky başlangyjy öňe sürdi. Bu teklibe halkara guramalaryň giň goldaw bermegini gazanmak üçin Milli Liderimiz Türkmenistanyň ŞHG bilen agzalan strategiýany döretmek başlangyjyny goldamak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmaga gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Bu teklibiň oňyn seslenme döreden halatynda, ýurtlarymyzyň daşary syýasat edaralaryna syýasy geňeşmeleriň degişli meýilnamasyny işläp taýýarlamak boýunça tabşyryklary berip boljakdygyna ünsi çekdi.
Türkmenistan Astana sammitinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çägini ulag-logistika taslamalary bilen birleşdirmek baradaky ozalky başlangyçlaryny ýene-de gün tertibinde goýdy. Aslynda, biziň ýurdumyz Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça ulag geçelgeleri babatda ençeme taslamalaryň başlangyjynda dur. Olaryň amala aşyrylmagy Ýuwaş ummandan Baltika deňzine, Demirgazyk Ýewropadan Hindi ummanyna çenli aralygy baglanyşdyrar. Aslynda, Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki zamanyň ösen ulag-kommunikasiýa ulgamlary esasynda dikeldilmegi Gahryman Arkadagymyzyň syýasy paýhasyndan dörän pikir. Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek» strategiýasy öz tebigaty we geoykdysady ähmiýeti boýunça Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjy bilen utgaşýar. Bu ýoluň geçmişdäki ähmiýeti, ony bu günki günde dikeltmegiň zerurlygy türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýokary derejeli duşuşykdaky çykyşynda öz beýanyny tapdy.
Çykyşda möhüm üstaşyr ulag geçelgeleriniň ikisine aýratyn ähmiýet berildi. Olaryň birinjisi Ýewropa çykalgasy bolan Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe, ikinjisi bolsa Demirgazyk — Günorta geçelgesidir. ŞHG-niň 2022-nji ýylyň sentýabryndaky Samarkant sammitinde Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan demir ýoluny gurmak barada üçtaraplaýyn Ylalaşyga gol çekilmegi bilen, birinji taslama badalga berildi. Bu taslama geljekde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 1996-njy ýylda amala aşyrylan Tejen — Sarahs — Maşat demir ýoluna birleşer. Şeýlelikde, Pekinden Stambul aralygyndaky Transaziýa demir ýoly doly güýjünde işläp başlar. Demirgazyk — Günorta geçelgesi bolsa Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ähmiýetini has-da artdyrar. Porta gelen üstaşyr ýükler Hazar deňziniň gündogar kenarýakasynyň ugry boýunça we soňra günorta tarapa, Eýranyň aýlagdaky deňiz terminallaryna iberiler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Arkadagymyz Türkmenistanyň ulag gatnawlary üçin has amatly ýagdaýy döretmek, serhetleriň kesişýän ýerlerinde nyrh, gümrük we beýleki ýeňillikleri bermek meselesini gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen içgin ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny belledi.
Energetika — Türkmenistanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň geoykdysady giňişligindäki hyzmatdaşlygynyň ýene bir möhüm ugry. Biziň ýurdumyz gaz geçirijileriň ugurlaryny we geografiýasyny diwersifikasiýalaşdyrýan Merkezi Aziýa — Hytaý energoköprüsini gurmak boýunça ägirt uly taslamany amala aşyrdy. 2009-njy ýylyň dekabrynda ulanmaga berlen Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisi diňe bir sebit däl, eýsem, dünýä ähmiýetli iri taslamadyr. Şunlukda, türkmen mawy ýangyjy Amyderýanyň kenaryndan Hytaýyň 15 welaýatynyň üstünden 8700 kilometrden gowrak aralygy geçip, Ýuwaş ummanyň kenaryna baryp ýetdi. Şahyr aýtmyşlaýyn, geçmişde Hytaýdan türkmen topragyna ýüpek gelen bolsa, indi mawy ýüpek ýaly türkmen gazy Çyn-Maçyna barýar. 2013-nji ýylyň sentýabrynda HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň Türkmenistana amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde iki ýurduň Hökümetleri tarapyndan Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň 4-nji şahasyny gurmak barada hem ylalaşyldy. Ol öňki ugurdan tapawutlylykda, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň üsti bilen Hytaýa barar.
Milli Liderimiz sammite gatnaşyjylaryň ünsüni beýleki bir iri energetika taslamasyna — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisine hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisine çekdi. Owganystanyň döwlet we ykdysady taýdan galkynmagynda bu transmilli taslamanyň ähmiýeti örän uly bolar. Onuň durmuşa geçirilmegi bilen, goňşy ýurt öz energiýa serişdelerine bolan zerurlyklaryny türkmen mawy ýangyjynyň hasabyna kanagatlandyrar, onuň üstaşyr geçirilmeginden uly girdeji gazanar. Taslama owgan ykdysadyýetine halkara maýa goýumlaryň gönükdirilmegine getirer. Munuň özi gaz geçirijiniň diňe bir ykdysady-täjirçilik bähbitlerine gulluk etmän, eýsem, Türkmenistanyň bu energoköprini hakyky dostluk köprüsine öwürmek baradaky hoşniýetli maksatdan ugur alýandygyny görkezýär. Şeýlelikde, Gahryman Arkadagymyzyň Astanadaky sammitde eden çykyşy energetika babatda hormatly Prezidentimiziň Samarkantda öňe süren Türkmenistan bilen ŞHG-niň gyzyklanma bildirýän döwletleriniň arasynda energetika meseleleri boýunça anyk maksada gönükdirilen iş toparyny döretmegiň mümkinçiligine garamak teklibini ilerletmekde nobatdaky möhüm ädim boldy.
Türkmen tarapy söwda, senagat kooperasiýasy, oba hojalyk ulgamy, «ýaşyl» gün tertibi, maglumat tehnologiýalary ulgamyndaky hyzmatdaşlyk babatda-da ŞHG bilen gatnaşyklara gyzyklanma bildirýär. Milli Liderimiz kiçi we orta telekeçiligi çekmek bilen, serhetýaka, sebit işewürlik gatnaşyklarynyň-da geljegi uly hasaplanýandygyna üns çekdi. Şunda döwlet Baştutanymyzyň Samarkant sammitinde «Türkmenistan — ŞHG» işewürler geňeşini döretmek baradaky başlangyjynyň agzalan ugurlar babatda hyzmatdaşlygy ilerletmäge gönükdirilendigi şübhesizdir. Bu düzüm işewürlik duşuşyklaryny, sergileri guramak, ykdysady taslamalary tanyşdyrmak bilen meşgullanar.
Umuman, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň syýasy-geografik giňişligi Bitarap Türkmenistanyň teklip eden «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly filosofiýasyny ilertletmekde uly mümkinçilikleri açýar. Ýurdumyzyň bu guramanyň çäginde öňe sürýän başlangyçlary, sözüň giň manysynda, Ýewraziýany bitewi ykdysady giňişlige öwürmäge gönükdirilendir. Ýeri gelende bellesek, guramany döredijiler Merkezi Aziýany ŞHG-niň geografik özeni hasaplap, sebitiň döwletleri bilen hyzmatdaşlygy gün tertibinde möhüm orunda goýýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly filosofiýasy bolsa, ilkinji nobatda, Ýewraziýa giňişliklerinde syýasy asudalygy, özara ynanyşmagy, parahatçylyk dialogy medeniýetini pugtalandyrmagy maksat edinýär.
Jumamyrat GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory,
taryh ylymlarynyň kandidaty.
Çeşme: Türkmenistan, - 8.07.2024 // Türkmenmetbugat (turkmenmetbugat.gov.tm)