23/03/2024
696
Ählumumy abadançylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine
Şu ýylyň 11-12-nji martynda Aşgabatda geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi, onda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýan eden garaýyşlary köpugurly netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde Türkmenistanyň işjeň orun eýeleýändigine ýene bir gezek şaýatlyk etdi. Milli Liderimiziň şu ýylyň 1-nji martynda Türkiýede geçirilen üçünji Antalýa diplomatiýa forumynda eden çuň manyly çykyşy hem hyzmatdaşlygy giň ugurlar boýunça baýlaşdyrmak bilen bagly meselelere bagyşlandy.
Gahryman Arkadagymyzyň pikir-garaýyşlary häzirki zaman syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ekologiýa hem-de beýleki möhüm ugurlardaky gatnaşyklaryň hil derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, ählumumy durnukly, abadan, parahat ösüşi üpjün etmek, özara bähbitli gatnaşyklarda oňyn netijeleri gazanmak babatda edilýän ägirt uly alada we tagalladyr. Milli Liderimiziň üçünji Antalýa diplomatiýa forumyndaky çykyşy ýurdumyzyň daşary syýasatynyň 2022 — 2052-nji ýyllar üçin niýetlenen bäş sany strategik ugruny, ýagny bitaraplyk, howpsuzlyk, daşary ykdysady gatnaşyklar, durnukly ösüş, halkara gatnaşyklary ynsanperwerleşdirmek ýaly meseleleri nazary taýdan ösdürmekde we amaly taýdan baýlaşdyrmakda ädilen uly ädim boldy.
Milli Liderimiz öz çykyşynda, ozaly bilen, häzirki zaman halkara gatnaşyklarynda öňe sürülýän dürli, şol bir wagtyň özünde hem bitewi düşünjeleriň üstünde durup geçdi, howpsuzlygy, durnuklylygy, ykdysady ösüşi goldamak üçin taryhy ornuna, ilatynyň sanyna we başga ýagdaýlaryna garamazdan, ähli halklaryň hem-de döwletleriň bu işe çekilmeginiň zerurdygyny belledi. Bu bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasy esasynda çözülmeli meseledir.
Mälim bolşy ýaly, Garaşsyz döwletimiz turuwbaşdan Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Şunda uzak möhletleýin maksatlaryň bir-birine gabat gelmegi ählumumy abadançylygyň bähbidine anyk netijeleriň gazanylmagyna getirdi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlyk strategik häsiýete eýe bolup, ol giň ugurlary öz içine alýar.
Bitarap Türkmenistan ählumumy parahatçylygy, deňhukukly hyzmatdaşlygy we ösüşi üpjün etmekde Birleşen Milletler Guramasyna ýardam bermegi dowam etdirmegi möhüm hasaplaýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdyşy ýaly, munuň özi biziň diňe bir ahlak borjumyz bolman, eýsem, häzirki dünýäde ýüze çykýan töwekgelçiliklerdir howplara hakyky we obýektiw baha bermek babatda jogapkärçiligimiz bilen hem gönüden-göni baglydyr.
Gahryman Arkadagymyz ählumumy parahatçylyk, deňhukukly hyzmatdaşlyk we ösüş bilen bagly wezipeleri ýerine ýetirmegiň esasy guralyny Bitaraplygyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmakda görýär. Bitaraplyk ýörelgesi toparlanyşyklara gatnaşmazlygy we harby güýji ulanmazlygy göz öňünde tutýar. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, bu ýörelgä näçe köp döwlet eýerse, şeýle çemeleşmäniň tarapdarlary şonça köp, gapma-garşylyklaryň döremek ähtimallygy bolsa şonça az bolar. Şu garaýşa eýermek bilen, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň meýdançasynda Bitaraplygyň dostlary toparyny döretmek başlangyjyny öňe sürdi. Başlangyç giňden goldaw tapyp, häzirki wagtda bu topara eýýäm onlarça döwlet goşuldy.
Biz öňüni alyş diplomatiýasyna taraplaryň arasynda döräp biljek gapma-garşylyklaryň öňüni almaga, dawalary parahatçylykly ýollar arkaly çözmäge gönükdirilen diplomatik hereketler hökmünde düşünýäris. BMG-niň ulgamynda öňüni alyş diplomatiýasynyň nazaryýetini we amalyýetini ösdürmek boýunça işjeň hereketler geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň başynda, ýagny Butros Galiniň BMG-niň Baş sekretary wezipesine bellenmegi bilen başlandy. Türkmenistan öňüni alyş diplomatiýasynyň meseleleri boýunça BMG bilen hyzmatdaşlygy onuň işine gatnaşyp başlan ilkinji ýyllaryndan ýola goýdy.
Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk geňeşiniň çözgüdi we sebitiň ähli döwletleriniň goldamagy esasynda döredilen, ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bar bolan we bolup biljek gapma-garşylyklary çözmäge hem-de çylşyrymly ýagdaýlardan baş alyp çykmaga ulgamlaýyn çemeleşmegiň ajaýyp mysaly bolup hyzmat edýär. Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak, BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek ýaly, Türkmenistan tarapyndan ozal öňe sürlen başlangyçlar hem häzirki wagt uly ähmiýete eýe bolup durýar.
Milli Liderimiz üçünji Antalýa diplomatiýa forumynda geçiş ykdysadyýeti bolan ýurtlaryň meselelerine uly üns berdi. Olara dünýä ykdysadyýetiniň öňdebaryjylarynyň, syýasy, durmuş, ynsanperwer ösüşi üpjün edijileriň biri hökmünde uly orun degişlidir. Şol bir wagtyň özünde, Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, geçiş ykdysadyýetli ýurtlaryň ençemesinde durnukly ösüşi üpjün etmek üçin ýeňip geçmeli meseleler az däl. Geçiş ykdysadyýetli ýurtlaryň arasynda deňze göni çykalgasy bolmadyk ýurtlar hem bar, olar üçin ykdysady taýdan ösen döwletler, halkara guramalar bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigi düşnüklidir.
Ençeme ýurtlaryň, şol sanda Türkmenistanyň göreldesi bilen, bazar ykdysadyýetine geçiş döwründe bolan ýurtlaryň meselelerini aýdyňlaşdyryp, BMG-niň Baş Assambleýasy özüniň 47-nji mejlisinde «Geçiş ykdysadyýetli ýurtlaryň dünýä hojalygyna goşulyşy» atly Kararnamany kabul edipdi. Bu Kararnamanyň biziň ýurdumyz üçin hem ähmiýeti uly boldy. Ozaly bilen, ol dünýä ykdysadyýetine doly goşulyşmak üçin hemmetaraplaýyn goldaw hökmünde BMG-niň ulgamyna ugur görkezdi. Bu möhüm ýagdaý ýurdumyzda düýpli içerki özgertmelere ýardam etdi we şunlukda, tutuş dünýä ykdysadyýetine oňyn täsirini ýetirdi. Galyberse-de, şol Kararnama ýurdumyzyň harytlarynyň we hyzmatlarynyň dünýä bazarlarynda elýeterli bolmagyny üpjün etmegiň zerurdygy baradaky düzgüni has-da berkitdi.
Soňky döwürde BMG-niň Baş Assambleýasy ulag boýunça Türkmenistan tarapyndan teklip edilen Kararnamalaryň birnäçesini kabul etdi. Ýol gurmak diňe bir özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam bermän, eýsem, döwletleriň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary hem pugtalandyrmaga goşant goşýar. Ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin uly logistika kuwwaty we giň mümkinçilikleri bar.
Milli Liderimiz diplomatiýanyň wezipesini we manysyny gepleşikleri geçirmekde, ylalaşygy gözlemekde, özara gatnaşyklaryň mäkäm köprülerini gurmakda görýär. Türkmenistan öz bitaraplygyny, parahatçylyk dörediji döwlet hökmünde toplan tejribesini parahatçylygyň, adamzadyň sazlaşykly ösüşiniň bähbitlerine gönükdirýär.
Amangeldi RAHMANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň kafedra müdiri,
taryh ylymlarynyň doktory,
Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi.
Çeşme: "Türkmenistan" gazeti. - 22.03.2024 ý. // Turkmenmetbugat.gov.tm
Latest News
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI