
18/02/2025
185
Ähli sada zatlar — hemişe beýik
Söýgüli şahyrymyz Kerim Gurbannepesowyň: «Ähli sada zatlar ― hemişe beýik, // Ähli beýik zatlar ― hemişe sada» diýen setirlerini okuwçy wagtlarymyz okan bolsagam, bu ýerde haýsy sadalyk, nähili beýiklik barada aýdylýanyna soň-soňlar düşündik. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi, «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşanynyň eýesi, halypa diplomat Sapar Berdiniýazow bilen söhbetdeş bolanymyzda hem sadalykdan gözbaş alýan kalplaryň kämillige ymtylýandygy barada pikir öwürdik. Sebäbi halypa ilçiniň ömrüniň ýarym asyrdan gowrak döwrüni diplomatik wezipelerde işlemek, bu ugurda Watanymyza, halkymyza ak ýürekden hyzmat etmek bilen geçiren döredijilikli zähmet ýoly, ilkinji nobatda, gylyk-häsiýeti şeýle diýmegimize doly esas berýär.
«Giň aň-düşünjeli, pikirleri aýdyň, Watana wepaly, ýokary medeniýetli adam hakyky diplomat bolup biler». Bu sözleri halypa diplomat Sapar Berdiniýazow talyplara geçýän sapaklarynda köp gaýtalaýar. Onuň özi hem zähmet ýolunyň tutuş dowamynda hut şu ýörelgä eýerdi. Ýene-de halypanyň sözlerine salgylansak, diplomatiýa iňňän jogapkärli hünär bolup, döwletiň daşary syýasatyny durmuşa geçirmegiň guraly hasaplanýar. Ol köptaraplaýyn iş, ylym hem sungatdyr.
Borçlaryňy öz wagtynda akýüreklilik bilen ýerine ýetirmek, her bir işe döredijilikli çemeleşmek üstünligiň gözbaşy hasap edilýär. Bu diplomatiýada hem şeýle. Döredijilikli pikirlenmegi başarmak — ilçiniň ussatlygyny kesgitleýän esasy görkezijileriň biri. Görnükli diplomat Sapar Berdiniýazowyň zähmet terjimehaly bilen tanşanyňda, halypanyň ýeňil bolmadyk şertlerde çylşyrymly wezipeleri ýerine ýetirip, hemişe Watana wepalylygyň nusgasyny görkezendigine çyn ýürekden buýsanýarsyň. Şunda meşhur diplomatlaryň biriniň: «Ilçiniň iki sany güýçli «eli» bolmaly. Birisi daşary ýurt dillerini bilmegi bolsa, ikinjisi öz döwletiniň bähbitlerini goramaga bolan yhlasy, höwesi. Bu ikisini dolandyrmaga örän ýiti akyl gerek» diýen sözleri hakydaňa dolýar.
Diplomat boljak bolsaň, köp kitap okamalydygy düşnükli. Tejribeli ilçi Sapar Berdiniýazowyň hem ömür sahypalary kitaplar bilen berk baglanyşykly. Onuň ýyllaryň dowamynda ýygnan kitaplaryndan döreden baý kitaphanasy hem bar. Şeýle-de bolsa, ol hemişe täze kitaplary okamagyň höwesinde.
— Taryh, diplomatiýa, syýasat hakyndaky kitaplary heniz talypkam okap başlapdym. Iňlis, rus, pars dillerini hem uniwersitetde öwrendim. Edebiýatyň, esasan, üç şahasyny gowy görýärdim: türkmen, rus we gyrgyz edebiýaty — diýip, halypa ilçi okan kitaplary barada gürrüň berýär.
Dogrudanam, okalan kitaplar ussat diplomatyň döredijilikli zähmet ýolunda-da, hüý-häsiýetinde-de gowy yz galdyrypdyr. Onuň urdu we puştu dillerini hem ýeterlik derejede öwrenmegi, bu dillerdäki edebiýatlar bilen içgin tanyşmagy gözýetimini has-da giňeldýär. Çuňňur akylly, biçak sowatly, durmuş tejribeli adamdygy halypa ilçiniň her bir sözünde aç-açan ýüze çykýar.
Sapar Berdiniýazowyň diplomatik zähmet ýolunyň ep-esli bölegi Pakistan Yslam Respublikasynda geçýär. Onuň türkmen-pakistan hyzmatdaşlygy hakda berýän gürrüňleri hem maglumatlara baý:
— Aýratyn tabşyryklar boýunça ilçi bolup işlänimde, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň möhüm meselelerine, türkmen-pakistan hyzmatdaşlygyna bagyşlanan birnäçe makalalarym bilen ýerli hem-de daşary ýurt žurnallarynda, forumlarda çykyş etdim. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesi ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmekde hemişe berk binýat bolmagynda galýar. Pakistan tarapy bilen geçirilýän gepleşiklerde hyzmatdaşlygyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlary aýratyn orun tutýardy.
Ýene-de bir möhüm zady bellemek gerek. Diňe bir türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynda däl, eýsem, halkara ähmiýetli örän uly taslama — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi hem Sapar Berdiniýazowyň dostlukly döwletde ilçilik eden döwürlerinde badalga aldy. Halypa diplomat sebitiň döwletleriniň we halklarynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen giň möçberli bu taslamanyň türkmen gazyny Gündogara akdyrmakda möhüm başlangyç bolandygyny buýsançly belleýär. Ýeri gelende aýtsak, 2024-nji ýylyň sentýabrynda Milli Liderimiziň gatnaşmagynda bu taslamanyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşyk işlerine badalga berildi. Munuň özi ýurdumyzyň netijeli syýasy strategiýasynyň aýdyň beýany bolup durýar.
Ömrüni diplomatiýa bagyşlan ilçini göreniňde, oňa birbada 70-den aňry ýaş beräýmersiň. Onuň öz ýaşyndan ep-esli ýaş görünmeginiň sebäbi fiziki we akyl zähmetiniň sazlaşykly hereketinde. Halypa ilçi bilen köp tirkeşen, ol hakda birnäçe makala ýazan filosofiýa ylymlarynyň kandidaty, uly mugallym Begenç Karaýew bolsa 90-yň onlugyny ortalaberen Sapar Berdiniýazowda diplomatlara mahsus ähli häsiýetleriň jemlenendigini aýdýar hem-de ony: «Geplemänkä iki gezek pikir edýän adam» diýip häsiýetlendirýär.
Sapar Berdiniýazow Türkmenistanyň diplomatik gullugynda işlän döwründe ençeme şägirtleri ýetişdirdi. Olaryň içinde eýýäm halypalyga ýeten ilçiler hem bar. Ol 2019-njy ýylda hormatly dynç alşa çykyp, ykbalyny diplomatik işgärleri taýýarlamaga gönükdirýär. Häzirki wagtda halypanyň agtygy Merdan Berdiniýazow hem institutymyzda talyplara diplomatiýa ugry boýunça dürli derslerden sapak berýär. Ýeri gelende bellesek, halypa diplomat Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň guramagynda geçirilýän «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň 2-nji möwsüminde hem adalatly eminlik etdi. Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň ähli talyplarydyr uçurymlary Sapar Berdiniýazowy özleriniň halypasy hasaplaýarlar. Şoňa görä-de, halypanyň ömür we zähmet ýoluna bagyşlanan ýörite kitapça neşir edildi, wideofilm taýýarlanyldy.
— Geljekki diplomatlara berjek maslahatym: köp okamaly. Ýaşlar diplomatiýa ylmynyň daşyndan, ilkinji nobatda, daşary ýurt dillerini kämil derejede bilmeli, öz ýurdunyň habarlaryny içgin bilşi, öwrenişi ýaly, daşary ýurt habarlaryndan-da elmydama habarly bolmaly. Bulardan başga-da, beýleki döwletleriň taryhyny, medeniýetini, edebiýatyny bilmelidirler, çünki şu zatlaryň ählisi diplomatiýanyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Ýurdumyzda Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen daşary syýasatymyz has-da kämilleşýär, diplomatlarymyzyň zähmetine mynasyp baha berilýär. Şunda 2024-nji ýylda hünär baýramymyza gabatlanyp, döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen maňa hem «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany gowşuryldy. Bu biziň üçin uly hormatdyr — diýip, tejribeli diplomat, nusgalyk şahsyýet Sapar Berdiniýazow ýürek buýsanjyny beýan edýär.
REDAKSIÝADAN: Sapar Berdiniýazow 1965-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini filolog, iňlis dili mugallymy hünäri boýunça tamamlap, 1977-nji ýyla çenli «Luç» ylmy-barlag institutynda işleýär. Pakistan Yslam Respublikasyndaky (Karaçi şäheri) Baş konsullykda attaşe bolup işe başlandan soň, onuň ömür ýoly tutuşlygyna diplomatiýa örklenýär. Ol Daşary işler ministrliginde dürli wezipelerde zähmet çekip, 1995-nji ýylda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky (Yslamabat şäheri) ilkinji Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bolýar. Hut şu wezipede 17 ýyldan gowrak işleýär. Sapar Berdiniýazow dürli ýyllarda «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin», «Altyn asyr» III derejeli ordenleri, «Watana bolan söýgüsi üçin», «Gaýrat», «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna», «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna», «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» medallary ýaly döwlet sylaglary bilen sylaglandy.
Amangeldi RAHMANOW,
Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi, «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşanynyň eýesi, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty, taryh ylymlarynyň doktory:
— Sapar Kömekowiç türkmen, rus, iňlis, pars dillerini gowy bilmek we olardan daşary syýasy, diplomatik işde peýdalanmak bilen, bu babatda üstünlikli diplomatyň nusgasyny görkezdi.
Nurberdi AMANMYRADOW,
Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi:
— Sapar Kömekowiç agras adam ýaly görünse-de (aslynda, ol, hakykatdan-da, agras adam), durmuşda degişmäni, gülüşmäni, ýomak atyşmany, şorta sözleri diýseň gowy görýän, olary ýerinde ulanyp bilýän wäşi we parasatly adam. Elbetde, bu uzak ýaşyň we bagtly durmuşyň özboluşly syry bolmagy hem mümkin.