25/11/2023
1235
Ady äleme dolan Maru-şahu-jahan
Türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşine uzaýan bäş müňýyllyk şöhratly taryhynda ata Watanymyz Türkmenistan ýurdumyzyň keramatly topragynda şany äleme dolan, taryhyň dürli döwürlerinde söwdanyň, medeniýetiň, ylmyň-bilimiň merkezine öwrülen dürli şäherlerdir oba-kentleriň gülläp ösendigini bu günki gün dünýä ykrar edýär. 1999-njy ýylda Merwiň, 2005-nji ýylda Köneürgenjiň, 2007-nji ýylda bolsa Nusaý taryhy ýadygärlikleriniň Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy bolan ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulmagy munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşip, orta asyrlarda «Horasan şäherleriniň enesi» diýlen şöhratly ada eýe bolan Merw şäheri hem iň gadymy we iň oňat saklanyp galan taryhy ýadygärlikleriň, oazis şäherleriň biridir. Taryhy çeşmelerde bu şäher dürli-dürli atlandyrylypdyr. Bu şäher Ahemeniler döwletiniň patyşasy Dariý I tarapyndan belent gaýalaryň ýüzüne oýulyp ýazylan Bisütün ýazgylarynda «Marguş», otparazçylyk dininiň mukaddes kitaby bolan Awestada «Mouru», grek taryhçylarynyň ýazgylarynda «Margiana», türkmen taryhçylarynyň işlerinde bolsa «Merw» diýlip atlandyrylypdyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda syýahatçylyk pudagyny ösdürmek, daşary ýurtly jahankeşdeleri ýurdumyza çekmek babatda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Türkmende «Ozal akan ýerden akarmyş aryk” diýlişi ýaly taryhyň dürli döwürlerinde pajarlap ösen dünýä siwilizasiýasynyň bäş medeni ojaklarynyň biri Beýik Seljuk türkmen döwletiniň paýtagty bolan bu ýerlerde häzirki wagtda ajaýyp Mary şäheri gülläp ösýär. 2012-nji ýylda Mary şäherine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty derejesi berildi. Şol ýylda geçirilen «Gadymy Merw – dünýä medeniýetiniň ojagy» atly halkara ylmy maslahatyna gatnaşyjylar Merwiň taryhy ýadygärliklerine, şol sanda Goňurdepä baryp gördüler. 2023-nji ýylyň 16-18-nji noýabry aralygynda bolsa bu ýerde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň gatnaşmagynda «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly ýaşlar forumyň ýokary derejede geçirilmegi hem Mary şäheriniň ägirt uly syýahatçylyk mümkinçiliklerini özünde jemleýändigini doly aýdyňlygy bilen subut etdi. «Türkmenistanyň 2024-2025-nji ýyllar üçin syýahatçylyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň Maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipeleri çözmek babatda, Mary şäherini 2027-nji ýylda «Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň syýahatçylyk paýtagty» diýip yglan etmäge gönükdirilen işleri amala aşyrmak teklip edilýär. Mary şäheriniň golaýynda birnäçe taryhy ýadygärlikleriň ýerleşmegi, şäherde birnäçe döwrebap myhmanhanalardyr ajaýyp desgalaryň bolmagy bilen bu şäher ägirt uly syýahatçylyk mümkinçilikleri özünde jemleýär.
Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän Gadymy Marguş döwletiniň paýtagty bolan Goňurdepe şäheri açyk asmanyň astyndaky muzeý bolup durýar. Takyk bolmadyk hasaplamalara görä bu şäheriň meýdany 20 gektardan 50 gektar aralygynda bolupdyr. Bu ýerdäki patyşa köşgüniň, birnäçe ybadathanalaryň galyndylary dünýä jahankeşdeleriniň ünsüni özüne çekýär.
Mary şäheriniň golaýynda Baýramaly etrabynda ýerleşýän «Gadymy Merw» döwlet taryhy-medeni goraghanasy ajaýyp taryhy ýadygärlikleriň mekany bolup durýar. Bu goraghananyň düzümindäki biziň eýýamymyzdan öňki VI asyra degişli Erkgala, III asyra degişli Gäwürgala, VI asyra degişli Gyzgala, XI asyra degişli Soltangala, XII asyra degişli Talhatanbaba metjidi, XV asyra degişli Abdylla han galasy, takmynan XVIII asyra degişli Baýramaly han galasy, Gündogaryň beýik piri hasaplanylýan Hoja Ýusup Hemedanynyň aramgähiniň golaýyndaky XVI asyrda gurlan metjit ýaly birnäçe taryhy desgalar binagärlik gurluşynyň ajaýyplygy, birnäçe taryhy aýratynlyklary özünde jemleýändigi bilen bu ýere gelýän syýahatçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýarlar.
Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynda ýerleşýän orta asyr Gündogarynyň iň ajaýyp ýadygärlikleriniň biri hem Merkezi Aziýada görnükli syýasatçy we harby serdar, Seljuklylar döwletiniň iň soňky patyşasy Soltan Sanjaryň aramgähidir. Bu aramgäh barada sungat öwreniji G.A.Pugaçenkowa: «Eger bütin Merw we onuň şöhratyny şöhlelendirýän maglumatlar, hat-da şäheriň ýadygärlikleriniň harabaçylygy-da yz galdyrman ýiten hem bolsa, diňe şu aramgäh galsa, şäheriň ägirtligini duýmaklyga öz-özünden mümkinçilik döreder» diýip ýazypdyr. Bu aramgäh hakykatdan hem Demirgazyk Horasan arhitektura mekdebine degişli taýsyz, ajaýyp nusgadyr. Binanyň özi Soltan Sanjaryň «Ahyrýetde ýaşajak jaýy» diýlip atlandyrylypdyr. Reşidetdin (XIV asyr) ony «dünýäde iň uly gurlan ymarat» diýip häsiýetlendiripdir. XV asyrdaky başga bir taryhçy: «Bu älemde iň bir beýik gurluşygyň biri bolup, şeýle derejede berk, zaýalama onuň golaýyna-da gelip bilmeýär» diýip ýazypdyr.
Soltan Sanjaryň aramgähi Soltangalanyň merkezinde ýerleşýär. Kümmet Mälik şanyň ogly Sanjaryň buýrugy bilen XII asyryň 40-njy ýyllarynda gurlupdyr we şol döwrüň taryhçylarynyň maglumatlaryna görä, ol «o dünýä öýi» diýlip atlandyrylypdyr. Mawzoleý uly toplumyň bir bölegidir, oňa guburyň ýerleşýän ymaratyndan başga-da, köşk otaglary, gümmezli metjidiň binasy girýär. Emma wagtyň geçmegi bilen diňe aramgäh saklanyp galypdyr, onuň gurluşy örän ýönekeýdir we täsindir. Häzir onuň aşak bölegi dörtburç şekillidir, üstünde hem ýarym şar görnüşli gümmezi bar, ol bolsa gök reňkli syrça bilen örtülipdir. Aramgähiň umumy beýikligi 38 metre ýetipdir we gümmeziň gök syrçasy örän alyslardan görnüpdir. Ýakutyň (XIII asyr) bellemegine görä, onuň mawy gümmezi alyslardan görnüp durupdyr (30 kilometre golaý). Binada ony guran Sarahsly beýik arhitektor Muhammet ibn Atsyzyň ady saklanyp galypdyr.
Ýene-de agzap geçilmegä mynasyp ýadygärlik hem Sahabalaryň aramgähleridir. Sahabalar ýa-da «Pygamberiň baýdak göterijileri», egindeşleri we döwürdeşleri Al-Hekim ibn Amr al-Giffari we Bureýda ibn al-Huseýb al-Aslamy, yslamy ündemek maksady bilen Merwe gelipdirler we şol ýerde ýaşapdyrlar hem-de VII asyryň ahyrynda (Al-Giffari 670-nji ýylda, Bureýda 681-nji ýylda) aradan çykypdyrlar. XV asyrda Teýmiriler döwletiniň döwründe uly bolmadyk aramgähler salnypdyr.
«Maru-şahu-jahan» diýlip atlandyrylýan Mary şäheriniň taryhy ýadygärlikler bilen bir hatarda häzirki zaman binalary hem bu ýere gelenleri haýrana galdyrýar. Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi, ýörite obserwatoriýa hem ýerleşdirilen Mary welaýat döwlet kitaphanasy ýaly birnäçe döwrebap desgalar dünýä jahankeşdelerini özüne çekýär.
Mary şäheriniň golaýynda Baýramaly etrabynda ýerleşýän 1933-nji ýylda açylan, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen 2010-njy ýylda durky täzelen «Baýramaly» şypahanasy hem täsin tebigaty, geografiki ýerleşişi, ýeriň we suwuň bejeriş aýratynlygy bilen ýurdumyzyň raýatlaryna we dünýäniň birnäçe döwletlerinden gelýän ençeme ynsanlaryň derdine em bolýar.
Ýokarda agzalyp geçilen maglumatlardan hem görnüşi ýaly, Mary şäheriniň 2027-nji ýylda «Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň syýahatçylyk paýtagty» diýlip yglan edilmegi üçin teklip berilmegi, Watanymyzyň halkara syýahatçylyk ulgamynda täze-täze üstünlikleri gazanmagyna, dünýä döwletleri bilen özara bähbitli, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilmegine mynasyp goşant goşar.
Yhlas HALLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.
Latest News
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI