Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / 30 ýylda on esse ösüş
    30 ýylda on esse ösüş surady
    14/05/2024

    726

    30 ýylda on esse ösüş

    Tutýan meýdanynyň kiçi, ilatynyň azdygyna garamazdan, Birleşen Arap Emirlikleri dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna girýär. BAE-niň ykdysadyýetiniň esasy bölegini gazylyp alynýan nebitiň we tebigy gazyň eksporty emele getirýär. Mundan başga-da, ýurtda söwda ulgamy, gaýtadan işleýän senagat hem-de ulag-logistika pudagy ösen derejededir. Şunuň bilen baglylykda, ýurt Ýakyn Gündogarda Türkiýeden, Saud Arabystanyndan we Ysraýyldan soňra dördünji uly ykdysadyýet hasaplanylýar.
    Ýurduň jemi içerki önümi
    BAE jemi içerki önümi boýunça dünýäde 29-njy orny eýeleýär. Umuman alnanda, BAE soňky 30 ýyllykda JIÖ babatda iň uly ösüşe eýe bolan döwletleriň biridir. «Statista» portalynyň berýän maglumatlaryna görä, ýurduň jemi içerki önümi 1993 — 2023-nji ýyllar aralygynda 10 essä golaý ýokarlandy. Has takygy, ýurduň jemi içerki önümi 2023-nji ýylda 504 milliard amerikan dollaryna deň boldy. Deňeşdirmek üçin bu görkeziji 1993-nji ýylda bary-ýogy 52,14 milliard amerikan dollaryna barabar bolupdyr. Bilermenler Emirlikleriň jemi içerki önüminiň ýakyn geljekde hem ýokary depgin bilen ösjekdigini çaklaýarlar. Hususan-da, bu görkezijiniň şu ýylyň jemleri boýunça 527,8, 2029-njy ýylda bolsa 685,1 milliard amerikan dollaryna ýetjekdigi bellenilýär. Şu sanlardan görnüşi ýaly, ýakyn 5 ýylda BAE-niň JIÖ ýene-de 1,5 esseden gowrak ýa-da 180 milliard amerikan dollaryndan gowrak möçberde artar.
    Birleşen Arap Emirlikleri ýurduň JIÖ-niň ilatyň jan başyna düşýän mukdary boýunça hem dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň biridir. Munuň şeýledigini 1993-nji ýyldan bäri ýurtda JIÖ-niň ilatyň jan başyna düşýän mukdarynyň iki esse ýokarlanandygy hem görkezýär. Has takygy, 1993-nji ýylda bu görkeziji 25 müň amerikan dollaryna barabar bolup, 2023-nji ýylda 51,9 müň amerikan dollaryna çenli ýokarlandy. Şeýlelikde, BAE geçen ýyl JIÖ-niň ilatyň jan başyna düşýän mukdary boýunça dünýäde 19-njy orny eýeledi.
    Ýeri gelende bellesek, BAE-de JIÖ-niň ilatyň jan başyna düşýän mukdarynyň 2024-nji ýylda 53,9 müň, 2029-njy ýylda bolsa 67,5 müň amerikan dollaryna ýetjekdigi çaklanylýar.
    Eksporty we importy
    Birleşen Arap Emirlikleri eksport kuwwatyny hem yzygiderli ýagdaýda artdyrýar. Has anyk aýtsak, 2012 — 2022-nji ýyllaryň aralygynda ýurduň eksporty 173 milliard amerikan dollary möçberinde ýokarlandy. Ýagny 2012-nji ýylda Emirlikler umumy bahasy 359,73 milliard amerikan dollaryna deň bolan önümleri we hyzmatlary daşary ýurda eksport eden bolsa, bu görkeziji 2022-nji ýylda 532,8 milliard amerikan dollaryna deň boldy.
    BAE-de öndürilýän önümleriň iň esasy eksport edilýän ýurtlary hökmünde Saud Arabystanyny, Hindistany, Yragy, ABŞ-ny we Omany agzamak bolar.
    Ýurduň importy barada aýdylanda, ol 2022-nji ýylda 420 milliard amerikan dollaryna deň boldy. Munuň özi 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 20 göterim ýokarydyr. Ýurda daşarky bazarlardan getirilýän harytlaryň esasy bölegi Hytaýdan, Hindistandan, ABŞ-dan, Ýaponiýadan we Türkiýeden import edilýär.
    Ýurduň ykdysadyýetiniň esasy ugurlary
    Nebit-gaz senagaty
    BAE-de nebit milli girdejiniň esasy çeşmelerinden biri hasaplanýar hem-de ykdysady ösüşe we maliýe durnuklylygyna möhüm goşant goşýar. Ýurduň hökümetiniň ykdysadyýetiň ýangyç-energetika pudagyna garaşlylygyny azaltmak boýunça geçirýän çärelerine garamazdan, nebit-gaz pudagy ýurduň ykdysadyýetiniň iň möhüm daýançlarynyň biridir. Hut şonuň üçin-de, BAE dünýäde iň uly nebit öndürijileriniň biri bolup durýar. Ägirt uly nebit gorlaryna eýe bolan BAE-de her gün, takmynan, 3,8 million barrel çig nebit öndürilýär.
    Ýeri gelende bellesek, 2022-nji ýylda ýurduň umumy eksportynyň 52 göterimi ýa-da 269 milliard amerikan dollaryna deň möçberi nebit we nebit önümleriniň hem-de tebigy gazyň paýyna düşýär.
    Gaýtadan işleýän senagat
    Ýurduň sebitlerinde, esasan hem, Dubaý şäherinde nebit-gaz ugurly bolmadyk gaýtadan işleýän senagata uly maýa goýumlarynyň goýulmagy netijesinde BAE-de bu pudak hem barha ösýär. Dürli salgytlaryň we tutumlaryň azdygy, import we eksport amallary üçin döredilen dürli ýeňillikler gaýtadan işleýän senagatyň dowamly ösmegine we BAE-niň JIÖ-de ýylyň-ýylyna paýyny artdyrmagyna mümkinçilik berýär.
    Häzirki wagtda olaryň arasynda awtoulaglaryň ätiýaçlyk şaýlaryndan mebel önümçiligine çenli, azyk harytlaryndan dokma senagatyna çenli dürli ugurlara ýöriteleşen kärhanalar bar. Özi-de olar gitdigiçe daşary ýurtly maýadarlaryň has köp ünsüni çekýär. Sebäbi BAE-niň geografik ýerleşişiniň amatlylygy we ýurduň ösen logistika infrastrukturasy senagat kompaniýalaryna dünýäniň islendik künjegindäki islendik üpjün edijiden çig maly import etmäge we ony gaýtadan işlemegiň netijesinde alan önümlerini dünýäniň islendik ýerine eksport etmäge mümkinçilik berýär.
    Ulag-logistika
    BAE-niň ýene bir aýratynlygy bu ýurt dünýäde iň oňat logistika infrastrukturasyna eýedigi bilen meşhurdyr. Strategik geografik ýerleşişi sebäpli Emirlikler Gündogar bilen Günbataryň arasynda derweze bolup hyzmat edýär. Has takygy, Aziýa, Afrika, Ýewropa yklymlarynyň ýurtlaryny birleşdirýän söwda ýollarynyň aglabasy BAE-niň Dubaý şäheriniň üstünden geçýär. Hususan-da, Hindistan we Hytaý ýaly häzirki wagtda iň çalt depginde ösýän bazarlara iň amatly ýollaryň Dubaý arkaly geçýändigi Emirlikleriň dünýäniň logistika merkezi hökmündäki ornuny pugtalandyrýar. Öz gezeginde ýurtda logistika çykdajylarynyň arzan bolmagy netijesinde üstaşyr geçýän ýükleriň ýylsaýyn artmagy daşary ýurtly maýadarlary BAE-niň ulag-logistika pudagyna maýa goýmaga iterýär.
    Ýeri gelende bellesek, BAE-niň hökümetiniň hasabatyna görä, 2023-nji ýylyň birinji ýarymynda ýurduň ulag-logistika pudagy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim ýokarlandy.
    Türkmen-emirlik gatnaşyklary
    Türkmen-emirlik gatnaşyklary barada aýdylanda, ilkinji nobatda, iki ýurduň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýylsaýyn ösýändigini bellemek gerek. Hususan-da, ýurdumyzyň hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň içeri we daşary syýasatynyň ugurdaş bolmagy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň has uly depginler bilen ösmegine itergi berýär.
    Özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýokary derejesine iki ýurduň arasyndaky ýokary derejedäki döwletara saparlar we olaryň netijesinde ähli ugurlar babatda gol çekilen ylalaşyklar hem mysal bolup biler. Has anyk aýtsak, Türkmenistan bilen BAE-niň döwlet edaralarynyň we iki ýurduň hususy düzümleriniň arasynda dürli ýyllarda gol çekişilen hyzmatdaşlyk etmek baradaky ylalaşyklar bu günki günde ýokary derejedäki söwda-ykdysady gatnaşyklara binýatlyk esas bolup hyzmat edýär. Şeýle mysallar hökmünde «Dragon Oil» kompaniýasynyň 1999-njy ýyldan bäri taýýar önümi paýlaşmak baradaky şertnamanyň çäklerinde Hazar deňziniň türkmen böleginde «Jeýtun» we «Jygalybeg» deňiz känlerini özleşdirmek işlerini üstünlikli alyp barýandygyny, BAE-niň «Petrofac International» kompaniýasynyň dünýäde gaz ätiýaçlygy boýunça öňdäki orunlaryň birini eýeleýän ägirt uly «Galkynyş» gaz känini özleşdirmek boýunça taslamany durmuşa geçirmäge gatnaşandygyny, şeýle-de 2009-njy ýylda ýyllyk kuwwaty 10 milliard kub metre barabar bolan harytlyk gazy kükürtden arassalaýan hem-de ýylda 20 milliard kub metr möçberde harytlyk gaz almaga niýetlenen ýerüsti önümçilik desgalaryny gurmak boýunça «Türkmengaz» döwlet konserni bilen şertnama baglaşandygyny görkezip bileris. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň ýanwar aýynda bu ýurda amala aşyran işsaparynyň çäklerinde hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrjak birnäçe resminamalara gol çekişilipdi. Olaryň hatarynda «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama (şu özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň maksady taraplaryň «Galkynyş» gaz käniniň üçünji tapgyryny özleşdirmek üçin strategik hyzmatdaşlary çekmek meýlinden we olaryň tebigy gazy sebitiň ýurtlaryna we beýleki döwletlere ibermek üçin gaz geçiriji infrastrukturany gurmaga degişli energetika taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmak mümkinçiliginden ybaratdyr); «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama (şu hyzmatdaşlyk hakyndaky Ähtnamanyň maksady taraplaryň metanyň atmosfera zyňyndylaryny azaltmak ulgamynda özara bähbitli ylmy-tehniki we ykdysady hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini öwrenmek meýlinden ybaratdyr); «First Abu Dhabi Bank» bilen Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk bar.
    Iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ýokary derejä ýetendigine özara söwda dolanyşygy hem şaýatlyk edýär. Mysal üçin, 2022-nji ýylyň jemleri boýunça türkmen-emirlik söwda dolanyşygy görnetin ýokarlanyp, nebit önümlerini hasaba almanyňda, 1 milliard 300 million amerikan dollaryna deň boldy. Bu bolsa 2021-nji ýyldakydan 49 göterim ýokarydyr.

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI