Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / 1-NJI SENTÝABR – BILIMLER WE TALYP ÝAŞLAR GÜNI
    1-NJI SENTÝABR – BILIMLER WE TALYP ÝAŞLAR GÜNI surady
    01/09/2023

    6456

    1-NJI SENTÝABR – BILIMLER WE TALYP ÝAŞLAR GÜNI

    Her ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenilýär. Baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde baýramçylyk çärelerine giň gerim berildi. Bilim ojaklarynda kakylan ilkinji jaňlar täze ― 2023-2024-nji okuw ýylynyň başlanýandygyny buşlady.
    Häzirki wagtda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýär. Şol sanda, ylym-bilim ulgamynda hem şanly menzillere, ajaýyp üstünliklere eýe bolunýar. Munuň özi ýurdumyzda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, sagdyn, ruhubelent hünärmenler, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi babatda döwlet derejesinde edilýän taýsyz tagallalaryň guwandyryjy netijeleridir.
    1-nji sentýabrda bellenilýän Bilimler gününe biziň ýurdumyzda 2007-nji ýyldan başlap, Talyp ýaşlar güni hem goşulyp, bu şanly senäniň dabarasy has-da ýaýbaňlandyryldy. Bu ajaýyp baýramçylyk 2009-njy ýylyň 1-nji iýulyndan güýje giren Türkmenistanyň Zähmet Kodeksiniň 81-nji maddasynda-da “Bilimler we talyp ýaşlar güni” görnüşinde öz beýanyny tapýar. Bu şanly sene biziň ýurdumyzda “Bilimler we talyp ýaşlar güni”, halkara derejesinde bolsa “Bilimler güni” ady bilen dabaralandyrylýan özboluşly bir baýramçylykdyr.
    Ylym-bilim rowaçlyklaryň açary, röwşen geljegiň binýady hasaplanýar. Şonuň üçin bu ulgamy ösdürmäge örän uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda ýokary okuw mekdepleriň sanynyň artmagy, olara okuwa kabul edilýän talyplaryň sanynyň bolsa ýylsaýyn köpeldilmegi muňa aýdyň mysaldyr.
    Häzirki döwürde türkmen jemgyýetiniň barha kämilleşýän we döwrebaplaşýan şertlerinde ýurdumyzyň bilim ulgamynyň yzygiderli ösdürilmegi hem-de döwletimizde türkmen halkynyň iň ýokary gymmatlyklarydyr dünýä tejribesiniň öňdebaryjy gazananlaryny özünde jemleýän bilim syýasatynyň üstünlikli alnyp barylmagy Watanymyzyň geljekki ösüşiniň girewi bolup durýar. Şonuň üçin hem bu günki gün Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolan bilim syýasatyna aýratyn uly üns berilýär.
    Berkarar Watanymyz Türkmenistan beýik ösüşleri amal etmekde ýola goýulýan parasatly döwlet syýasaty bilen halkara bileleşiginiň ünsüni özüne çekmegi başardy.Ýaş nesiller milli Liderimiziň parasatly we öňdengörüjilikli döwlet syýasaty netijesinde gazanylýan beýik ösüşlere çäksiz buýsanýarlar hem-de eşretli durmuşda ýaşaýandygy üçin özlerini iňňän bagtly, bagtyýar duýýarlar.
    Milli Liderimiziň belläp geçişi ýaly «Bilim almak, hünär öwrenmek, beden we ruhy taýdan sagdyn ösmek halkymyzyň gadymdan gelýän nusgalyk milli ýörelgesidir». Şol ýörelgeden ugur alnyp, ýaş nesle döwrebap bilim bermek üçin ähli şertler döredilýär. Munuň üçin bagtyýar nesillerimiziň Gahryman Arkadagymyza, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyza hoşallygynyň çägi ýokdur.
    Türkmenistanyň bilim syýasaty ýokarda agzalan ýörelgeleri gyşarnyksyz netijeli durmuşa geçirmek arkaly milli bilim ulgamynyň ýokary ösüşe eýe bolmagyny üpjün edýär. Häzirki wagtda Diýarymyzda 12 ýyllyk umumy orta bilim ulgamy hereket edýär. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde iki basgançakly ýokary hünär bilim maksatnamasyna geçilmegi, ýagny dünýäde giňden ýaýran Bolon bilim ulgamynyň tejribeleriniň milli bilimiň işine tapgyrlaýyn ornaşdyrylmagy amala aşyrylýar. Umuman, bilim ulgamynyň ähli basgançaklary dünýä ülňülerine laýyk döwrebaplaşdyrylýar. Bu ösüşler, elbetde, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Serdarymyzyň dowam etdirýän bilim ulgamyndaky düýpli özgertmeler bilen şertlendirilýär.
    Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ylym, bilim ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak we kämilleşdirmek ugrunda gazanylan oňyn tejribelerden, şeýle hem «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipelerden ugur alnyp, giň gerimli bilim özgertmeleri dowam etdirilýär. Şu maksat bilen ylmy-tehniki ösüşlere, iň täze tehnologiýalara, öňdebaryjy innowasiýalara daýanyp, bagtyýar ýaşlarymyzyň ýokary derejede bilim almaklary, saýlan hünärleriniň eýeleri bolmaklary, watançylygyň hem-de ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär.
    Ýaşlar saýlap alan hünäri boýunça degişli maglumatlary islendik wagtda alyp peýdalanýarlar. Sanly bilim serişdeleriniň okuw-terbiýeçilik işlerine işjeň ornaşdyrylmagy her bir talybyň öwrenýän derslerini, okuw maksatnamalarynyň talaplaryna laýyklykda, özbaşdak özleşdirmegi üçin amatly şert döredýär.
    Gözel Diýarymyzyň ertirki eýeleri boljak ýaş nesiller ýurduň ösüş binýadyny berkitmekde hem-de Watanymyzyň öňdebaryjy dünýä döwletleriniň hataryndaky ornuny müdimilik saklamagyny gazanmakda alnyp barylýan bimöçber işlere özleriniň goşantlaryny goşýarlar. Ýurduň ösüşi we döredijiligiň ýoly bilen mundan beýläk-de öňe gitmegini üpjün etmäge gönükdirilen bu möhüm resminama jemgyýetiň ösüşini şertlendirýär.
    Çünki ylym-bilim ulgamyny belent sepgitlere ýetirmek hem-de ylymyň dürli ugurlaryndan baş çykaryp bilýän kämil ýaşlary, ussat hünärmenleri taýýarlap ýetişdirmk döwletiň hemmetaraplaýyn ösüş binýadyny gurýar.Şu nukdaýnazardan hem, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaş nesilleriň ylym-bilime erk edip bilmeklerini gazanmak üçin ençeme mümkinçilikler we oňyn şertler döredilýär.
    Ösen aň-düşünjeli, ukyp-başarnykly ýaşlary kemala getirmek, sanly bilim ulgamyny kämilleşdirip, ony durmuşymyza giňden ornaşdyrmak babatynda ähli tagallalary edýän Gahryman arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, alyp barýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

    Sülgün NEPESOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy.

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI