16/03/2024
1144
«YOUNG SUPPORT TO ONE WORLD» ATLY BÄSLEŞIK GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 15-nji martynda «Bouygues Türkmen» kompaniýasynyň «Uglerod merkezinde» BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynyň ähmiýetini talyplaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň «Ýaş alymlar geňeşiniň» we Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň Suw diplomatiýasy ugrunyň gurnamagynda institutyň talyplarynyň arasynda «YOUNG SUPPORT TO ONE WORLD» atly bäsleşik geçirildi.
Ýaş nesilleriň arasynda howanyň üýtgemegi, onuň durmuş-ykdysady ösüşe, daşky gurşawyň durnuklylygyna we biodürlülige edýän täsiri, şeýle hem howanyň üýtgemegine uýgunlaşmaga we täsirini gowşatmaga kömek edýän öňdebaryjy çözgütleri durmuşa geçirmäge umumy çemeleşmeler bar. Ekologiýa, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegine garşy göreş hyzmatdaşlygyň derwaýys meseleleriniň biridir. BMG-niň howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasy 1994-nji ýylyň 21-nji martynda güýje girip, ol adamzadyň ekoulgama ýetirýän täsirini azaltmak üçin kabul edilendir. Konwensiýa ählumumy ykrarnama eýe bolup, 198 döwlet tarapyndan tassyklanandyr. Şu barada aýdanymyzda agzalan konwensiýanyň ähmiýetini talyp ýaşlaryň arasynda wagyz etmek uly ähmiýete eýedir.
Bäsleşige her fakultetden 4 talypdan ybarat bolan toparlar gatnaşdy we her toparyň ady howanyň üýtgemegine garşy göreşmek bilen baglanyşykly bolup bäsleşige gatnaşyjylar 30 minudyň dowamynda gurnaýjylar tarapyndan üpjün edilen serişdeler bilen suratlary taýýarladylar. Toparlar tarapyndan çekilen suratlaryň her biriniň türkmen, rus, we iňlis dillerinde şygary bolup, olar howanyň üýtgemegine garşy göreşmegiň ähmiýetini beýan edýär. Suratlar taýýarlanandan soň her topardan bir talyp onuň many-mazmunyny emin agzalar toparyna 5 minudyň dowamynda açyp görkezdiler.
Netijede her fakultetiň bir mugallymyndan we «Bouygues Türkmen» kompaniýasynyň wekilinden ybarat bolan emin agzalar toparynyň sesleriniň jemi esasynda Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň «Arassa ösüş» atly topary 3-nji orna, Halkara gatnaşyklary fakultetiniň «Eco-dip» atly topary 2-nji orna, Halkara žurnalistikasy fakultetiniň «Altyn damja» atly topary 3-nji orna we Minnetdarlyk hatyna mynasyp boldular. Baş baýraga Halkara hukugy fakultetiniň «Эко-юристы» atly topary mynasyp bolup, olar Hormat haty we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldy.
Gülsenem HOMMADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş
kafedrasynyň öwreniji mugallymy.
Soňky täzelikler
12/06/2024
Yhlasa myrat…12/06/2024
ÝÜREKLERDE GAHRYMANA ALKYŞ BAR