Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • «TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ KARARLARY: DURNUKLY ÖSÜŞIŇ BINÝADY» ATLY YLMY-DÖREDIJILIK MASLAHATY
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
        • «FILOSOFIÝA – ÄHLI YLYMLARYŇ GÖZBAŞY» ATLY YLMY SEMINAR GEÇIRILDI
        • TÜRKMENISTANYŇ HALKARA BAŞLANGYÇLARYNA BAGYŞLANAN MASLAHAT GEÇIRILDI
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • FINLÝANDIÝA RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYK
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
        • Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Туркменский вектор глобальной энергобезопасности – «Энергия. Сотрудничество. Развитие»
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Sosial media
      • TikTok
      • Instagram
    • Media
    Esasy / Ulag diplomatiýasy / “ÝOL HEREKETINIŇ MEDENIÝETI – DURMUŞYŇ ASUDALYGY” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI
    “ÝOL HEREKETINIŇ MEDENIÝETI – DURMUŞYŇ ASUDALYGY” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI
    “ÝOL HEREKETINIŇ MEDENIÝETI – DURMUŞYŇ ASUDALYGY” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI
    15/09/2026

    290

    “ÝOL HEREKETINIŇ MEDENIÝETI – DURMUŞYŇ ASUDALYGY” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

    2026-njy ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň çäklerinde Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň guramagynda “Ýol hereketiniň medeniýeti – durmuşyň asudalygy” atly maslahat geçirildi. Oňa institutyň Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy Sülgün Nepesowa hem-de Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyplar ýaşlary gatnaşdylar.
    Maslahatda çykyş edenler islendik zadyň edebiniň bolşy ýaly, ýollaryň hem öz tertip-düzgüniniň, ýerine ýetirilmeli hökmany kadalarynyň bardygy, bulary berjaý etmek ilkinji nobatda, adamyň howpsuzlygy üçin wajypdygy barada aýdyldy. Şu nukdaýnazardan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2013-nji ýylda badalga berlen “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly şygar bilen geçirilýän bir aýlygyň dowamynda giň möçberli çäreleriň, wagyz-nesihat duşuşyklaryň yzygiderli geçirilýändigi, ýokary derejede geçirilýän çärelerde her bir raýatyň howpsuzlygyny üpjün etmek, ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek barada giňişleýin düşündiriş işleri alnyp barylýandygy barada nygtaldy. Her ýylyň 1-nji sentýabryndan – 30-njy sentýabry aralygynda geçirilýän bu çäreler ýol-ulag hadysalarynyň azalmagyna, raýatlarymyzyň rahat hem-de abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilýändigini aýratyn bellediler. Şeýle-de gadymy Oguz türkmenleriniň guran kerwen ýollary bu gün gara ýola, demir ýola, hat-da howa ýollaryna hem öwrülendigi, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ynsan saglygyny, onuň howpsuzlygyny gorap saklamak üçin ägirt uly tagallalary edýändigi, bu ugurda geçirilýän biraýlygyň çärelerine ähli ildeşlerimiziň işjeň gatnaşýandyklary bellenip, her bir adamyň, esasan-da, mekdep okuwçylarynyň we talyp ýaşlaryň köpçülik ýerlerinde we ýol hereketlerinde seresap bolmaklaryny, şahsy howpsuzlygyny üpjün etmegiň düzgünlerini öwrenmekleriniň wajypdygyny aýtdylar.
    Şeýle-de ýurdumyzda hereket edýän kanunlar, kodeksler we kadalaşdyryjy hukuknamalar Türkmenistanda ýaşaýan ýaşaýjylaryň bähbitlerine laýyklykda kabul edilýändigi nygtalyp, “Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny barada giňişleýin maglumat berildi. Kanuna laýyklykda, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek her birimiziň borjumyz bolup durýandygy ýatladyldy.
    Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar biraýlygyň dowamynda ýurdumyzyň her bir künjeginde guramaçylykly we özboluşly täsirli çäreleriň, maslahatlaryň geçirilmeginiň ýaşlary terbiýelemekde uly ähmiýetiniň bardygyny bellediler.

    Kaýum ZAHYROW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby

    Soňky täzelikler

    TÜRKMENISTANYŇ YKDYSADYÝETINDE EMELI AŇYŇ MÜMKINÇILIKLERINI ÖWRENMEGIŇ ÄHMIÝETI surady

    05/11/2026

    TÜRKMENISTANYŇ YKDYSADYÝETINDE EMELI AŇYŇ MÜMKINÇILIKLERINI ÖWRENMEGIŇ ÄHMIÝETI
    “AÇYK GAPYLAR DAŞARY YKDYSADY SYÝASATY” ATLY WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI surady

    14/10/2026

    “AÇYK GAPYLAR DAŞARY YKDYSADY SYÝASATY” ATLY WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI
    GARAŞSYZ DÖWLETLERIŇ ARKALAŞYGYNYŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ NOBATDAKY GEŇEŞINIŇ YKDYSADY ÄHMIÝETI BARADA YLMY-AMALY SEMINAR GEÇIRILDI surady

    09/10/2026

    GARAŞSYZ DÖWLETLERIŇ ARKALAŞYGYNYŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ NOBATDAKY GEŇEŞINIŇ YKDYSADY ÄHMIÝETI BARADA YLMY-AMALY SEMINAR GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI