Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Wakalar / Ýokary sylag — belent ynam
    Ýokary sylag — belent ynam
    Ýokary sylag — belent ynam
    Ýokary sylag — belent ynam
    Ýokary sylag — belent ynam
    Ýokary sylag — belent ynam
    Ýokary sylag — belent ynam
    Ýokary sylag — belent ynam
    Ýokary sylag — belent ynam
    Ýokary sylag — belent ynam
    Ýokary sylag — belent ynam
    10/12/2024

    1452

    Ýokary sylag — belent ynam

    2024-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, Magtymguly adyndaky Halkara baýraga, Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyna hem-de ýadygärlik nyşanlaryna mynasyp bolan ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryny sylaglamak dabarasy geçirildi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri, şeýle hem daşary syýasat edarasynyň işgärleri, halypa diplomatlar, professor-mugallymlar, talyp ýaşlar gatnaşdylar.
    Ilki bilen, dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly hem-de ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar hem-de döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň bähbidine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdiler.
    Hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, dabaranyň çäklerinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik Wekili Aksoltan Ataýewa, şeýle hem BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowa Magtymguly adyndaky Halkara baýragy gowşuryldy. Şunda zenan diplomatlarymyzyň ýurdumyzyň taryhy ösüşlerini, milli medeniýetimizi, edebi mirasymyzy, beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmekde we wagyz etmekde, ýaş nesli watançylyk, belent adamkärçilik ruhunda terbiýelemekde bitiren aýratyn hyzmatlary göz öňünde tutuldy.
    Mälim bolşy ýaly, şu ýyl akyldar şahyrymyzyň 300 ýyllyk ýubileýi halkara derejede giňden ýaýbaňlandyryldy. Watanymyzda we daşary ýurtlarda beýik söz ussadynyň adamzadyň ruhy medeniýetiniň hazynasyna giren hem-de ýaşlarda ýokary ahlaklylyk, ynsanperwerlik, watançylyk duýgularyny terbiýelemegiň milli mekdebiniň binýadyny emele getirýän baý edebi mirasyny öwrenmek, bütin dünýäde wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp baryldy. Şoňa görä-de, medeni gatnaşyklary ösdürmekde, medeniýetleri ýakynlaşdyrmakda, halklaryň arasynda dostlugy we hyzmatdaşlygy berkitmekde görkezen aýratyn hyzmatlary üçin BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň ýerine ýetiriji müdirliginiň Ýerine ýetiriji direktory Natalýa Germanyň Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly hem-de ýadygärlik nyşany bilen sylaglanylmagy bellenilmäge mynasypdyr.
    Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli gowşurylan bu ýokary sylaglaryň türkmen diplomatlarynyň zähmetine berlen bahadygyny nygtamak bilen, şunda olaryň Türkmenistanyň dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen medeni gatnaşyklaryny ösdürmäge hem-de baýlaşdyrmaga, halklaryň arasynda dost-doganlygy we hyzmatdaşlygy berkitmäge goşan uly şahsy goşantlary, döredijilik üstünlikleri we ýokary ussatlygy nazara alyndy. Şunuň bilen baglylykda, milli diplomatik gullugyň işgärleriniň 40-dan gowragyna Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly hem-de ýadygärlik nyşanlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
    Ýokary sylaglara mynasyp bolan diplomatlar ata Watanymyzyň gülläp ösmegi, merdana halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda mundan beýläk-de yhlas bilen tutanýerli işlemäge borçlanýandyklaryny nygtap, özlerine bildirilen belent ynam üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

    Ogulmaýsa AMANMUHAMMEDOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň mugallymy.

    Soňky täzelikler

    BAÝRAMÇYLYGA BAGYŞLANAN GEZELENÇ surady

    22/05/2025

    BAÝRAMÇYLYGA BAGYŞLANAN GEZELENÇ
    “TALYP JOŞGUNY – 2025” ATLY DÖREDIJILIK FESTIWALY surady

    22/05/2025

    “TALYP JOŞGUNY – 2025” ATLY DÖREDIJILIK FESTIWALY
    DAŞARY ÝURTLY MYHMANLAR ÜÇIN WATANYMYZYŇ TARYHY ÝADYGÄRLIKLERINE GEZELENÇ surady

    13/05/2025

    DAŞARY ÝURTLY MYHMANLAR ÜÇIN WATANYMYZYŇ TARYHY ÝADYGÄRLIKLERINE GEZELENÇ
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI