09/06/2022
1384
Ylymlar güni mynasybetli geçirilen ylmy-amaly maslahat
2022-nji ýylyň 9-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ylymlar güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň ylmy innowasion ösüşi» atly geçirilen bu ylmy-amaly maslahata ýurdumyzyň ylmy institutlarynyň ylmy işgärleri bilen birlikde ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Bu maslahata gatnaşyjylar döwletimiziň ylmy innowasion ösüşiniň geçen taryhy, halkara gatnaşyklary ulgamynda giňden ulanylmagy barada degişli temalar boýunça çykyş etdiler.
Maslahatda ylmy wekiller, professor-mugallymlar ylmy innowasion ösüş ýolunyň ylmy-teoretik esaslaryny kämilleşdirmegiň wajyplygyny we halkara gatnaşyklary ulgamynda hem üstünlikli amala aşyrylmagynda innowasion ösüşiniň mümkinçiliklerini peýdalanmak boýunça täze ylmy garaýyşlaryň kemala getirilmeginiň zerurdygyny nygtadylar. Ylmy-amaly maslahat öz işini «Ylym-bilim täze döwrüň ösüşleriniň binýady», «Milli ykdysadyýeti ösdürmekde ylmyň orny», «Ylym – Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň aýdyň geljegi» atly bölümçelerde dowam etdi.
Şeýle ylmy-amaly maslahatlara talyp ýaşlar bilen birlikde Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň agzalarynyň işjeň gatnaşmagy, olaryň ylma bolan höwesini has-da artdyrdy.
Arslan SYÝAHATOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.