1081
Ylymlar güni mynasybetli geçirilen ylmy-amaly maslahat
2021-nji ýylyň 9-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ylymlar güni mynasybetli “Ýaşlar we ylmy-tehniki kuwwatyň innowasion ösüşi” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata Halkara gatnaşyklary institutynyň we beýleki ýokary okuw mekdepleriniň professor- mugallymlary, talyp ýaşlar, şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory gatnaşdy.
Maslahatda “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy – döwletliligiň we hukugyň ösüş gadamlary”, “Türkmenistan bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň ulag-aragatnaşyk mümkinçilikleri”, “Sanly ulgamyň işiniň daşary syýasatda ulanylmagy we onuň mümkinçilikleri”, “Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmegiň esasy ugurlary” atly temalardan çykyşlar edildi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň alyp barýan “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer syýasaty netijesinde ýurdumyzda ylmyň ähli ugurlary bilen birlikde, durmuş-ynsanperwer ylymlaryň hem giň gerimli ösdürilmegine zerur şertleriň döredilýändigi barada pikir alşyldy.
Maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň ylmyň gazananlarynyň durmuşyň ähli ugurlaryna ornaşdyrylmagyna giň mümkinçilik döredýändigi barada çykyş edenler billediler. Maslahat “Ylym – parahatçylygyň we rowaçlygyň binýady”, “Ylym – milli ykdysadyýetiň ösüşiniň girewi” şeýle hem “Ylym – ähli ösüşleriň we özgerişleriň gözbaşy” atly temalar bilen bölümçelerde dowam etdi.
Aýgül MÄTIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.