17/04/2026
46
YLMY-DÖREDIJILIK MASLAHATY GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň guramagynda «Magtymguly Pyragynyň şygyrlary türkmen halkynyň medeni mirasyny öwrenmekde esasy çeşme» atly ylmy-döredijilik maslahaty geçirildi. Oňa institutymyzyň halypa diplomatlary K. Mommadow, N. Amanmyradow, professor-mugallymlary, «Paýhas we Parasat» atly ylmy gurnagynyň agzalary hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. Onuň dowamynda halypa diplomatlaryň, professor-mugallymlaryň çykyşlary we talyp ýaşlaryň dürli dillerinde taýýarlan goşgulary diňlendi.
Şeýle ylmy-döredijilik maslahatlaryň türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde yzygiderli geçirilmeginiň talyp ýaşlaryň arasynda akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň ähmiýetini wagyz etmekde, olaryň goşmaça bilim endiklerini ösdürmekde möhüm ähmiýeti bar.
Güljahan AMANBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.