17/12/2025
135
YLMY-DÖREDIJILIK MASLAHATY GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 17-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň guramagynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitabynyň “Oguznama - dünýä baýlygy” bölümi boýunça ylmy-döredijilik maslahaty geçirildi. Ylmy-döredijilik maslahatyna institutymyzyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda talyp ýaşlaryň taýýarlan prezentasiýalary görkezildi we çykyşlary diňlenildi. Şeýle ylmy-döredijilik maslahatlaryň türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde yzygiderli geçirilmeginiň talyp ýaşlaryň arasynda Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň ähmiýetini wagyz etmekde, olaryň goşmaça bilim endiklerini ösdürmekde möhüm ähmiýeti bar.
Güljahan AMANBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.