24/06/2026
28
YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 24-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy we Türkmenistanyň medeni diplomatiýasynyň ösüşi» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň professor-mugallymlary, talyp ýaşlary we ýurdumyzyň ylmy edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Ylmy-amaly maslahatda bitaraplyk, parahatçylyk, ynanyşmak ýörelgeleri we milli medeniýet, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda medeni diplomatiýanyň ähmiýeti, Magtymguly Pyragynyň goşgularynda dünýewilik we diplomatiýa barada çykyşlar diňlenildi.
Umumy mejlisden soň ylmy-amaly maslahat «Magtymgulynyň filosofiýasynyň halkara gatnaşyklarynda ahlak kadalaryny ornaşdyrmakdaky ähmiýeti», «Magtymguly Pyragynyň pelsepesinde adalatlylyk we döwletlilik ýörelgeleri», «Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösüşinde medeni ulgamynyň tutýan orny», «Magtymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsi we Türkmenistanyň medeni-ynsanperwer syýasaty» atly bölümçelerde öz işini dowam etdi. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň alyp barýan giň halkara ylmy hyzmatdaşlyk syýasatynyň, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen amala aşyrylan, medeni we ynsanperwer halkara gatnaşyklarynyň giňelmegine, türkmen halkynyň medeni mirasynyň wagyz edilmegine ýardam edýän düýpli özgertmeleriň ähmiýeti barada nygtadylar.
Maslahatda zehinini umumadamzat gymmatlyklaryna hyzmat etmäge bagyş eden Magtymgulynyň ruhy-intellektual dünýä ösüşinde ähmiýetli orun tutan şahsyýetleriň biridigi bellenildi. Ylmy-amaly maslahata gatnaşanlar adamzadyň çeperçilik dünýä garaýşynyň ösmegine güýçli täsir eden Magtymgulynyň döredijiliginiň ähmiýetiniň milli çäkden belentdedigi, onuň has çuňňur we hemmetaraplaýyn öwrenilmeginiň zerurdygyny bellediler. Ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar üstünlikli bilim almak we netijeli işlemek üçin ýurdumyzda döredilen ähli zerur şertler üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize hoşallyklaryny bildirdiler.
Şyhdurdy ŞYHYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby