Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • “Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty: döwlet gurmagyň hukuk we dolandyryş esaslary” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • FINLANDIÝA RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYK
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
        • Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Туркменский вектор глобальной энергобезопасности – «Энергия. Сотрудничество. Развитие»
        • «AZIÝADA YNAMY BERKITMEK, ULAG BAGLANYŞYGYNY WE EKOLOGIÝA HOWPSUZLYGYNY ÜPJÜN ETMEK BOÝUNÇA INNOWASION BASLANGYÇLAR» ATLY OKUW-USULY SEMINARY GEÇIRILDI
        • «ЦА+1» в Самарканде: как регион ищет баланс между интеграцией и суверенитетом
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Sosial media
      • TikTok
      • Instagram
    • Media
    Esasy / Habarlar / ÝHHG-NIŇ AŞGABATDAKY MERKEZINDE MEDIA WE MAGLUMAT SOWATLYLYGY BOÝUNÇA OKUW GEÇIRILDI
    ÝHHG-NIŇ AŞGABATDAKY MERKEZINDE MEDIA WE MAGLUMAT SOWATLYLYGY BOÝUNÇA OKUW GEÇIRILDI surady
    03/10/2026

    696

    ÝHHG-NIŇ AŞGABATDAKY MERKEZINDE MEDIA WE MAGLUMAT SOWATLYLYGY BOÝUNÇA OKUW GEÇIRILDI

    2026-njy ýylyň 30-njy sentýabry — 2-nji oktýabry aralygynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky Merkeziniň guramagynda terrorçylyga eltýän zorlukly ekstremizmiň we radikalizmiň öňüni almakda media we maglumat sowatlylygyny ýokarlandyrmak boýunça okuw geçirildi. Okuwa Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleri, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň ýaş meýletinçileri hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Okuwyň esasy maksady ýaşlaryň maglumatlara tankydy çemeleşmek we olaryň ygtybarlylygyny barlamak boýunça bilimlerini hem-de başarnyklaryny ösdürmekden ybarat boldy.
    Okuwyň dowamynda sanly maglumat gurşawynda ýalan maglumatlaryň ýaýramagy, olaryň jemgyýetçilik pikirine täsiri hem-de zyýanly maglumatlaryň öňüni almak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de sosial ulgamlaryň algoritmleriniň we emeli aň arkaly döredilýän maglumatlaryň ýaýramagyndaky orny barada gürrüň edildi. Amaly sapaklarda gatnaşyjylar internetde maglumatlaryň ilkinji çeşmesini tapmak, dürli çeşmeleri deňeşdirmek we sanly gurallaryň kömegi bilen maglumatlaryň dogrulygyny barlamak usullary bilen tanyşdylar. Emeli aňdan jogapkärçilikli peýdalanmak, şahsy maglumatlary goramak hem-de maglumatlary paýlaşmazdan ozal barlamak meselelerine aýratyn üns berildi.
    Okuwyň jemleýji gününde gatnaşyjylar öwrenen usullaryny amaly ýumuşlarda ulanyp, ýalan maglumatlary we myş-myşlary kesgitlemek, ýüze çykýan meseleleriň çözgüdine gönükdirilen başlangyçlary taýýarlamak boýunça pikir alyşdylar. Okuwyň ahyrynda netijeler jemlenildi we gatnaşyjylara şahadatnamalar gowşuryldy.

    Humaý HALLYÝEWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby

    Soňky täzelikler

    BEÝIK ÝÜPEK ÝOLY– GADYMY TÜRKMEN DÖWLETLERINIŇ PARAHATÇYLYKLY WE HOŞNIÝETLI BITARAPLYK SYÝASATYNYŇ MYSALY HÖKMÜNDE ATLY OKUW-USULY SEMINAR GEÇIRILDI surady

    23/10/2026

    BEÝIK ÝÜPEK ÝOLY– GADYMY TÜRKMEN DÖWLETLERINIŇ PARAHATÇYLYKLY WE HOŞNIÝETLI BITARAPLYK SYÝASATYNYŇ MYSALY HÖKMÜNDE ATLY OKUW-USULY SEMINAR GEÇIRILDI
    BMG-niň 81 ýyllygyna bagyşlanan «Model UN: Language & Negotiation Simulation» atly bäsleşik surady

    23/10/2026

    BMG-niň 81 ýyllygyna bagyşlanan «Model UN: Language & Negotiation Simulation» atly bäsleşik
    BILIM WE HALKARA HYZMATDAŞLYK – ÜSTÜNLIGE  BARÝAN ÝOL surady

    22/10/2026

    BILIM WE HALKARA HYZMATDAŞLYK – ÜSTÜNLIGE BARÝAN ÝOL
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI