Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
        • Prezentasiýa bäsleşigi geçirildi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Halkara günler / Ýer şary biziň ählimizi birleşdirýär
    Ýer şary biziň ählimizi birleşdirýär surady
    30/11/-0001

    1463

    Ýer şary biziň ählimizi birleşdirýär

    Ýer şary biziň umumy öýümizdir. Şoňa görä-de, geljegimiz hakdaky alada hökmünde Ýer şary we daşky gurşaw hakda alada etmelidiris. Arzuwlarymyzyň hasyl bolmagy üçin ilki bilen daş-töweregimizi gurşap alan tebigatymyzy gözelleşdirmelidiris, bilelikde işläp, öz töweregimizde ekologik taýdan arassa dünýäni döretmelidiris. Biz uly ekologik ähmiýetli çärelere işjeň gatnaşmak bilen daşky gurşawy gorap bileris.

    1974-nji ýyldan bäri her ýylyň 5-nji iýunynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni dünýäde giňden bellenilip geçilýär. Bu sene ilkinji gezek ‘’Diňe ýeke-täk Ýer şary’’ atly şygar astynda bellenildi. Bu sene mynasybetli dünýäde howanyň plastiki enjamlar zerarly hapalanmagy, dürli önümleriň biparh sarp edilmegi, deňziň joşmagy, azyk howpsuzlygy ýaly meseleleri ara alnyp maslahatlaşmak ýörelgä öwrüldi.

    Daşky gurşawy goramaga kömek edip biljek käbir düzgünleriň üstünde durup geçmek isleýärin. Biz bu ugurda önümleri gaýtadan işläp, olary täze arassa görnüşe getirip bileris, suwy tygşytlap, jemgyýetçilik ulaglaryndan peýdalanyp, agaç nahallaryny köp oturdyp bileris. Daşky gurşawy goramagyň iň ygtybarly usullarynyň biri hem agaç nahallaryny ekmekdir. Bag ýetişdirmek üçin köp wagtyňy sarp etmeli bolýar. Siz yssy howada gezelenç eden wagtyňyzda kölege berip biljek agaç hakynda oýlandyňyzmy? Siz bagy-bossanlyk maksatnamalaryny durmuşa geçirmek ugrunda näme işleri etdiňiz? Agaçlar kölege berýärler we howa ýetmezçiligini doldurýarlar. Olar jemgyýeti iýmit we kislorod bilen üpjün edýärler. Tokaýlar biziň planetamyzyň iň esasy bölegini düzmek bilen howany arassalaýarlar. Olar adamzada täze bir güýç berýär hem diysek bolar. Mundan başga-da, durnukly ekologik ösüşi kadalaşdyrmak üçin awtoulaglaryň ýerine welosiped sürüp bileris. Bu ugurda pyýada ýöremek, jemgyýetçilik ulaglaryny ulanmak hem peýdalydyr. Geliň, geljekki nesillerimiziň abadançylygy üçin Ýer şary hakda alada edeliň we ony goralyň!

    Amanbagt USSAÝEWA,

    Türkmenistanyň Daşary işleri ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Halkara hukugy fakultetiniň talyby.

    Soňky täzelikler

    TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY! surady

    01/06/2025

    TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
    1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni surady

    31/05/2025

    1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
    INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN  TURKMENISTAN surady

    30/05/2025

    INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI