Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
        • Prezentasiýa bäsleşigi geçirildi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / ÝEŇŞE UZAÝAN MENZILLER
    ÝEŇŞE UZAÝAN MENZILLER surady
    20/12/2024

    1677

    ÝEŇŞE UZAÝAN MENZILLER

    2024-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygy dörediji diplomatiýasy: netijeli hyzmatdaşlygyň we durnukly ösüşiň ygtybarly guraly» atly umumy şygar astynda geçirilýän IV möwsüminiň III saýlama oýny geçirildi. Bu gezekki oýun «Halkara gatnaşyklarynda Bitaraplyk syýasaty: Parahatçylygy dörediji dialogyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň kuwwaty» atly tema bagyşlandy.
    Bäsleşigiň nobatdaky tapgyryna Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky umumy bilim berýän mekdep-internatynyň 12-nji synp okuwçylary Abdyrahym Aknyýazow, Atajan Atadurdyýew, Mamajan Muhammetnazarowa, Süleýman Nurýagdyýew, Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň 19-njy orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Mergen Ataýew, Aşgabat şäheriniň 52-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Resul Baýmyradow, Aşgabat şäheriniň iňlis dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 135-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Leýla Bazarowa, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Süleýman Gutlymyradow dagy gatnaşdylar.
    Şeýle hem bu gezekki akyl-paýhas bäşleşigine Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Türkmenistanyň taryhy kafedrasynyň mugallymy Toýly Hommyýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Begenç Karaýew hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň tekstologiýa we edebi miras bölüminiň uly ylmy işgäri Gyzylgül Tagandurdyýewa adalatly eminlik etdiler.
    Bäsleşikde ýaş çaparlaryň öz ykballaryny baglajak ugry bolan diplomatiýa we ata Watanymyzyň alyp barýan hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk we özara bähbitlilik ýaly gymmatlyklara esaslanýan baky Bitaraplyk syýasaty bilen bagly ençeme sowallar berildi. Däp bolşy ýaly, her bäsleşikde öz ugurtapyjylygyny, ukyp-başarnygyny görkezip bilen öňe saýlanýar. Akyl-paýhas bäsleşiginiň nobatdaky saýlama tapgyrynda bolsa, Aşgabat şäheriniň 52-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Resul Baýmyradow hem-de Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky umumy bilim berýän mekdep-internatynyň 12-nji synp okuwçysy Atajan Atadurdyýew ýeňiş gazandy.
    Elbetde, bu bäsleşik hem bolsa, ol diňe bir ýeňijiler üçin däl, eýsem, oňa gatnaşyjylaryň ählisinde-de uly täsir galdyrýar. Bäsleşige gatnaşyjylar geljekki hünärine uzaýan menzillere ilkinji ädimleri ädýärler. Şeýle hem, «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň institutyň okuw binasynda geçirilmegi hem aýratyn mazmuna eýedir. Çünki bu oňa gatnaşýan okuwçylaryň talyplyk dünýäsine bolan hyjuwyny artdyrýar.

    Aýnur HUDAÝBERGENOWA,
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniñ III ýyl talyby.

    Çeşme:
    "Ýaş diplomatyň sesi" elektron gazeti 20.12.2024 ý. // https://iirmfa.edu.tm/ru/gazet/yas-diplomatyn-sesi-internet-gazeti-32-115_5868

    Soňky täzelikler

    SAGDYNLYGYŇ, RUHUBELENTLIGIŇ GIREWI – ÝURDUMYZDA  ÝAÝBAŇLANÝAR. surady

    03/06/2025

    SAGDYNLYGYŇ, RUHUBELENTLIGIŇ GIREWI – ÝURDUMYZDA ÝAÝBAŇLANÝAR.
    Александр Сергеевич Пушкин: К 226-летию со дня  рождения великого поэта surady

    03/06/2025

    Александр Сергеевич Пушкин: К 226-летию со дня рождения великого поэта
    Укрепление связей через образование и диалог surady

    29/05/2025

    Укрепление связей через образование и диалог
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI