764
Ýaşlar —Watanymyzyň buýsanjydyr
(Aşgabadyň gününe bagyşlanýar)
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim, ulgamy sanly tehnologiýalaryň eçilen mümkinçilikleri hem ösüşleri bilen galkynýar. Nurana geljegimiziň eýeleri bolan bagtyýar ýaş nesillerimize berilýän bilimiň hilini gowulandyrmak arkaly ony dünýä tejribesine, milli ýörelgelere daýanyp kämilleşdirmek döwletimiziň alyp barýan möhüm çäreleridir. Ýaşlar ýurdumyzyň ertirini gurujylardyr. Ýaşlaryň golunda Watan baýdagy, ýüreginde Watan söýgüsi, dilinde Watan aýdymy, Watan we ýaşlar bir-biri bilen sazlaşykly, özboluşly gymmatlykdyr. Ýaşlar biziň geljegimizdir, Watanymyzyň ertirki abraý-mertebesidir. Ýylymyzyň buýsançly şygary ýürekleri hyjuwly, gollary gujurly türkmen ýaşlaryna bolan ynamy, olaryň öňündäki mukaddes borjy, belent jogapkärçiligi özünde jemleýär. Sebäbi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlaryň kalby eziz Diýarymyza, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döredijilikli başlangyçlaryna bolan buýsançdan püre-pürdür. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dünýä meşhur şäherimiz Aşgabat Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk beýik işleri netijesinde has-da gözelleşýär, ösýär, gülleýär. Watanymyz Türkmenistan - durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda netijeli işleriň kemal tapýan ýeri bolan Aşgabadymyzyň keşbi sözüň doly manysynda düýpli özgerdi. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzda yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýän belent desgalaryň, kaşaň binalaryň, köpugurly işewürlik merkezleriň, myhmanhanalaryň sany barmak büküp sanardan gaty kändir. Ertekilerdäki ýaly ajaýyp bu binalaryň ynsan zehininiň näderejede ýitidigini, ynsan eliniň näderejede ussatdygyny dünýä ýaýýar. Çünki köpugurly işewürlik merkezlerdir, myhmanhanalar zeminiň iň owadan şäherlerine mahsus bolan milli binagärlik sungatynyň döwrebap we kämil aýratynlyklaryny özünde jemleýär. Halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryndan gözbaş alýan täsin binagärlik medeniýetiniň gaýtalanmajak sungaty bolan bu binalar mermer paýtagtymyzyň sözüň doly manysynda gözelligiň hem-de söýginiň ajaýyp merjen şäheridigini doly derejede açyp görkezýär. Bu döwrebap binalaryň we olaryň golaýlarynda ýerleşýän ajaýyp seýilgähleriň ulanylmaga berilmegi milli Liderimiziň dowamatyny dowam edýän Arkadagly Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan, beýik işlerden we ösüş-özgerişlerden gülleýän, gül açýan, waspy ýedi yklyma dolup, dabarasy dag aşýan Watanymyzyň mermer paýtagtynyň älem içre meşhurlygyny has-da artdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, milli ýol-ýörelgelerimiz esasynda terbiýelenmegi üçin zerur bolan ähli şertler döredilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim edaralarynyň, ylmy merkezleriniň, okuw mekdepleriniň işini kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny täze döwrüň talaplaryna laýyk getirmek maksady bilen döwrebap özgertmeler amala aşyrylýar. Garaşsyz hem Bitarap Diýarymyzda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» hem-de «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» giň gerimde durmuşa geçirilip, olardan gelip çykýan wezipeler üstünlikli ýerine ýetirilýär. Sanly ulgamyň gazananlaryny, kämil tehnologiýalary ezberlik bilen peýdalanmakda daşary ýurt dillerini öwrenmekligiň zerurlygy örboýuna galýar. Bu ugurda orta, ýokary okuw mekdeplerinde ýaş nesle dünýä dilleriniň ençemesi öwredilýär, dil öwreniş merkezleri hereket edýär. Dünýä dillerini öwretmek babatda alnyp barylýan döwlet syýasatymyz ýaşlaryň dünýä derejesinde köptaraplaýyn bilim almaklaryna gönükdirilendir. Türkmenistanda bilim ulgamyny hil taýdan kämilleşdirmek, beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan sagdyn pikirli, giň gözýetimli ýaş nesli terbiýelemek Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýaş nesle kämil bilim, terbiýe bermekde okatmagyň yzygiderli hem-de ösen ulgamyny döretmek, şol sanda belli bir aralykdan bilim bermek ulgamy göz öňünde tutulýar. Mähriban Watanymyz Türkmenistanda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasaty özüniň oňyn netijelerini berýär. Türkmen ýaşlarynyň ukyp-başarnyklaryna döwletimiziň ähli ugurlarynda — syýasy, ykdysady we medeni ulgamlarynda uly orun berilýär. Mermer paýtagtymyzyň Ginnesiň rekordlar kitabynda mynasyp orun eýelemegi biziň her birimizi buýsandyrýar. Munuň özi Diýarymyzyň merkezi bolan Aşgabadyň bu gün Ýer ýüzünde iň gözel şäherleriň biridigine doly şaýatlyk edýär. Türkmen halky Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen gün-günden gözelleşýän ajaýyp şäherimize buýsanýar. Başymyzyň täji, gözlerimiziň röwşeni ata Watanymyzda binagärlik babatda eýelenýän şeýle ýokary sepgitler, gazanylýan üstünlikler, ilkinji nobatda, halkymyzyň agzybirliginiň barha rowaçlanýandygynyň nyşanydyr. Şeýle hem bagtyýar geljegimiziň, beýik ösüşlerimiziň aýdyň beýanydyr. Merjen paýtagtymyzda şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Paýtagtymyzda gurlup, ulanmaga berilýän şeýle ajaýyp binalar halkymyzyň buýsanjyny belende göterýär. Çünki paýtagtymyzyň ajaýyp binalary gözelligi, ajaýyplygy, binagärlik aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Türkmen ýaşlarynyň şeýle kämil bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän Hormatly Prezidentimize ýaşlaryň alkyşlary egsilmezdir! Türkmen ýaşlarynyň ählitaraplaýyn ukyp-başarnyklaryny ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, alyp barýan işleri elmydama rowaç bolsun!
Sülgün NEPESOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy.
Soňky täzelikler
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI