26/04/2024
1482
«ÝAŞ MAŞGALA JEMGYÝETIMIZIŇ KUWWATLY GÜÝJÜDIR» ATLY WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY
2024-nji ýylyň 26-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Halk maslahaty, Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we mekdep okuwçylarynyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgeleri, zähmetsöýerlik, arassa ahlaklylyk ýaly häsiýetleri terbiýelemek, türkmen jemgyýetiniň binýady bolan maşgala mukaddesligini gorap saklamak we hormatlamak, maşgalalaryň abadan ýaşamagyna gönükdirilen ösüşleri, üstünlikleri, pederlerimizden miras galan milliligimizi, däp-dessurlarymyzy, edep-terbiýäni hem-de Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasynyň çäklerinde zenanlarymyzyň, ýaşlarymyzyň, gender deňligi barada düşünjesini artdyrmak maksady bilen, «Ýaş maşgala jemgyýetimiziň kuwwatly güýjüdir» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar» diýen ajaýyp jümlesinden ugur alnyp geçirilen bu duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary, şeýle hem Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş müdirliginiň Hukuk üpjünçilik bölüminiň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Mahabat müdirliginiň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Metbugat merkeziniň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň, Aşgabat şäher Saglygy goraýyş müdirliginiň wekilleri çykyş etdiler.
Duşuşykda öz gözbaşyny asyrlardan alyp gaýdýan türkmen halkynyň maşgala mukaddesligini gorap saklamakda ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň toplan baý mirasy, milli däp-dessurlary, edepli-ekramly, gujur-gaýratly nesilleri terbiýelemek adatlary wagyz edildi. Şeýle-de asyrlarboýy dowam edip gelýän milli däp-dessurlary geljekki nesillere ýetirmekde ýaşlaryň öňünde uly wezipeleriň durýandygy bellenildi. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň gülläp ösmegi ugrunda bimöçber işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsun aýtdylar.
Gyzylgül GURBANMUHAMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy.