30/11/-0001
566
“Ýaş diplomatyň sesi” gazetiniň täze 19-njy sany çapdan çykdy
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň her aýda iki gezek neşir edilýän “Ýaş diplomatyň sesi” atly gazetiniň 19-njy sany çapdan çykdy. Möçberi 7 sahypadan ybarat neşiriň 1-nji sahypasy şu ýylyň 12-nji noýabrynda Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirilen Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň VIII sammitine bagyşlanypdyr. Bu waka bilen baglanyşykda “Syýasy teswir” rubrikasynyň astynda institutymyzyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby Seýli Aryşowyň “Türki dünýäsine açylan täze penjire” atly makalasy ýerleşdirilip, onda bu taryhy sammite Türkmenistanyň synçy derejede gatnaşmagynyň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň strategik wezipeleriniň biri hökmünde öňe çykmagyny aňladýandygy nygtalýar. Şeýle hem makalada 2009-njy ýylyň 3-nji oktýabrynda döredilen Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň türki dilli halklaryň agzybirligini we doganlygyny berkitmekde ähmiýetiniň uludygy bellenilýär.
“Ýaş diplomatyň sesi” gazetiniň 2-nji sahypasynda institutymyzyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyplary Gaýgysyz Kerimowyň, Yhlas Atamyradowyň, Ajaýyp Nobatowanyň taýýarlan “Garaşsyzlygyň goşa kitaply goşa ganaty” atly syýasy söhbetdeşligi gazetimiziň baş redaktory, halypa mugallymymyz, “Soýuz hem Garaşsyzlyk” kitabynyň awtory Täçgeldi Gutlyýew bilen guralypdyr. Gazetimiziň ozal çap edilen sanlarynda (17,18) halypa mugallymymyz bilen bolan gürrüňdeşlikde ganatly kitaplary okamagyň 4 görnüşiniň bardygy nygtalyp görkezilýärdi. Täze söhbetdeşlikde bolsa ýoldaş mugallymymyzyň kalp okalyşynyň taryhylaýyn ugry barada beren gyzykly gürrüňlerini okap bilersiňiz. Onda mugallymymyzyň: “Referendum” diýlen düşünje “Görogly” eposynda Hüňkaryň kyrk müňler bilen ýow bolup gelip, Çandybiliň garaşsyzlygyny ýok etjek bolmagy bilen barabar nägehanlykdy” diýip, belläp geçmegi, kitabyň ähmiýeti, düýpli many-mazmuny barada beýleki seljermeleýin pikirleri aýtmagy çuňňurlygy bilen ünsüňi özüne çekýär. Bularyň hemmesi “Soýuz hem Garaşsyzlyk” kitabynyň türkmen halkyny Garaşsyz döwlet bolmaga çagyran manifest görnüşli ylmy-publisistik eser bolup durýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Söhbetdeşligiň dowamynda okalyşyň 3-nji seljermeleýin we 4-nji filosofiýalaýyn görnüşleriniň ähmiýeti we aýratynlyklary açylyp görkezilýär.
Şeýle hem gazetimiziň 3-nji sahypasynda institutymyzyň mugallymy Mähriban Gandymowanyň “Ekologiýa babatda täze başlangyçlar” atly makalasy BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň 26-njy maslahatyna bagyşlanypdyr. “Syýasy-ekologik teswir” rubrikasynda ýerleşdirilen makalada Türkmenistanyň “Täzelenýän energiýa çeşmeleri hakynda” täze Kanunynyň kabul edilendigi we bu ugurda ýurdumyzyň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy barha ösdürjekdigi nygtalýar.
Neşiriň 4-nji sahypasynda “BMG-niň halkara günleri” rubrikasynyň astynda institutymyzyň talyplarynyň rus we iňlis dillerinde taýýarlan makalalary ýerleşdirilipdir. Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby Aýlar Atajykowanyň iňlis dilindäki “The world’s famous channel” atly makalasynda dünýäniň meşhur ýaýlymlaryyň biri bolan “BBC NEWS” ýaýlymynyň döreýiş taryhy we ösüş ýoly barada gyzykly maglumatlar berilýär. Şeýle hem bu sahypada institutymyzyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby Jennet Myradowanyň ÝUNESKO-nyň esaslandyrylan gününe bagyşlap, iňlis dilinde ýazan “The UNESCO day” atly maglumatlara baý makalasyny okap bilersiňiz. Institutymyzyň Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby Aýgül Meredowanyň rus dilinde taýýarlan “Всемирный день науки за мир и развитие” atly makalasynda her ýylyň 10-njy noýabrynda bellenilýän bu sene bilen baglanyşykly geçirilýän çäreleriň belli bir meselä bagyşlanylýandygy aýdylyp, bu ugurda 2021-nji ýylyň mowzugynyň “Построить сообщество, готовые к изменению климата” diýlip, atlandyrylandygy görkezilýär.
“Ýaş diplomatyň sesi” atly gazetiň 5-nji sahypasynda “Türkmenistan halkara media giňişliklerinde”, “ Dünýä täzelikleri” atly rubrikalaryň astynda Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyplary Sona Halykowanyň we Annaberdi Kaşaňowyň rus we iňlis dillerinde taýýarlan habarlary bilen tanşyp bilersiňiz.
Gazetimiziň 6-njy sahypasynda “Сотрудничество с международными организациями” rubrikasynda ýerleşdirilen institutymyzyň Dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymy Tatýana Döwletowanyň “Туркменистан–ООН:sотрудничество во имя достижения общих созидательных целей” atly makalasy ýurdumyzyň bu gurama bilen alyp barýan köpugurly hyzmatdaşlygyna bagyşlanypdyr. Onda awtor: “Туркменистан неизменно выступает сторонником повышения роли ООН в целях создания прочной основы для безконфликтного развития мира” diýip belleýär we bu ugurda Türkmenistanyň parahatçylyk ýörelgelerine ygrarlydygyny nygtap geçýär. Şeýle hem bu sahypada Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby Gülrüh Geldiýewanyň “Parahatçylygyň ýaş çapary bolasyňyz gelýärmi?!” atly makalasy okyjylara hödürlenipdir. Institutymyzyň Halkara gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy Akmuhammet Jumagulyýew we bäsleşige gatnaşyjy okuwçy gyz bilen guralan söhbetdeşlikde “Parahatçylygyň ýaş çaparlary” atly akyl-paýhas bäsleşiginiñ tapgyrlary barada aýdylyp geçilýär.
Gazetimiziň 7-nji sahypasynda ''Şygryýet älemi'' rubrikasynda “Biznes reklama” gazetiniň baş redaktory, şahyr Seýitmyrat Geldiýewiň söýgi temasynda ýazan “Aşyk ýigidiň haty” we “Sen nirede?” atly goşgularyny okap bilersiňiz. Şeýle hem bu sahypada ''Garaşsyzlyk, Bitaraplyk–ösüşiň goşa ganaty'' atly bäsleşigiň laureatlarynyň makalalary'' rubrikasynyň astynda Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby, bäsleşigiň ýeňijileriniň biri Gunça Hamedowanyň “At üstünde älem gezýän Baýdagymyz” atly makalasy ýerleşdirilip, onda mukaddes ýaşyl Baýdagymyz wasp edilýär.
Gazetiň elektron görnüşini Halkara gatnaşyklary institutynyň internet saýtynda www.iirmfa.edu.tm salgysynda okap bilersiňiz. E-@mail: diplomatyn.sesi@mail.ru.
Maral KARLYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň
I ýyl talyby.