Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / “Ýaş diplomatyň sesi” gazetiniň 27-nji sany çapdan çykdy
    “Ýaş diplomatyň sesi” gazetiniň 27-nji sany çapdan çykdy surady
    30/11/-0001

    747

    “Ýaş diplomatyň sesi” gazetiniň 27-nji sany çapdan çykdy

    Ýakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan her aýda iki gezek çap edilýän “Ýaş diplomatyň sesi” elektron gazetiniň 27-nji sany çapdan çykdy. Üç dilde neşir edilýän gazetimiziň bu sanynyň birinji we ikinji sahypasy ýurdumyzda demokratik ýagdaýda geçirilen Prezident saýlawlarynyň netijesine bagyşlanylypdyr. Ýagny, gazetiň ilkinji sahypasynda institutymyzyň mugallymy Wepa Nazarowyň ýokary okuw mekdebimiziň professor-mugallymlary bilen “tegelek stolyň” başynda geçiren “Halkyň saýlany -Hakyň halany” atly söhbetdeşliginde saýlawlaryň netijesinde Serdar Berdimuhamedowyň ýokary netije gazanyp, Prezidentlik wezipesine saýlanandygy täsirli we gyzykly beýan edilýär.
    Şeýle hem neşirimiziň ikinji sahypasynda çap edilen institutymyzyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby Aýlar Atajykowanyň “Milli diplomatiýamyzyň täze gadamlary” atly söhbetdeşligi şu ýokary okuw mekdebiniň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň başlygy Şiri Şiriýew bilen geçirilipdir. Onda institutymyzda Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziň döredilmegi, onuň işgärler düzümi hem-de bu ýerde alnyp barylýan işler dogrusynda halypa diplomatyň beren täsirli gürrüňleri öz beýanyny tapypdyr. Makalada merkeziň milli diplomatiýamyzyň has-da ösmegine ýetirýän täsiri içgin beýan edilipdir.
    Elektron gazetimiziň üçünji sahypasy BMG tarapyndan yglan edilen halkara günlerine we dünýä meşhur habarlar agentliklerine bagyşlanypdyr. Hususan-da, onda institutymyzyň Halkara gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby Maral Bagyrowanyň “History of the Foundation of Anadolu Agency” atly, şeýle-de Halkara žurnalistikasy fakultetiň I ýyl talyby Mähri Baýramowanyň “Международный день счастья” hem-de şol fakultetiň III ýyl talyby Aýgül Halmyradowanyň “International Womens’s day” atly makalalaryny okap bilersiňiz.
    Gazetimiziň dördünji sahypasynda Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby Ajaýyp Nobatowanyň “Fransuz žurnalistikasynyň öwüşginleri” atly makalasyna orun berlipdir. Onda fransuz žurnalistikasynyň taryhy, bu ýurduň habar beriş serişdeleriniň ösüş aýratynlyklary barada gyzykly maglumatlar getirilýär. Makalada ilkinji gadymy “La gazette” gazetiniň, ilkinji “Journal des sçavans” atly žurnalyň, “Radio-RTT Vision” atly ilkinji telekanalyň, şeýle hem “Agency Frence-Presse” atly habarlar agentliginiň döreýişleri täsirli beýan edilýär. Mundan başga-da, sahypada Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby Merjen Aşyrowanyň “Международная организация журналистов” atly rus dilindäki makalasy ýerleşdirilen. Onda žurnalistleriň bu halkara guramasynyň häsiýetli aýratynlyklary giňişleýin beýan edilýär.
    Gazetimiziň bäşinji sahypasynda halkara habarlaryny bir ýere jemleýän “Türkmenistan halkara media giňişliklerinde” we “Dünýä täzelikleri” rubrikalarynyň astynda dünýäniň iň täze habarlary çap edilipdir. Bu sahypa institutymyzyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyplary Annaberdi Kaşaňow, Toýly Myratgeldiýew, Nurmuhammet Çaryýew we Babahan Eýeberenow tarapyndan taýýarlanylypdyr.
    Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda taryhy şahslarymyza, beýik akyldarlarymyza, ussat ýazyjy-şahyrlarymyza uly sarpa goýulýar. Elektron gazetimiziň altynjy sahypasy görnükli şahyr Gurbannazar Ezizowyň doglan gününe bagyşlanypdyr. Onda beýik şahyryň öz eli bilen ýazan “Dutaryň owazyndan başlap...” atly publisistik makalasy ýerleşdirilipdir. Makalada Nury Halmämmedowyň saz sungaty barada aýdan filosofik pikirleri täsirli beýan edilipdir. Sahypanyň başynda halypa mugallymymyz Täçgeldi Gutlyýewiň şahyryň publisistikasyna baha berip ýazan syny çap edilipdir. Ol şeýle sözler bilen başlanýar: "Biz, žurnalistler hem, ähli döredijilik işgärleri we halk köpçüligi ýaly, Gurbannazar Ezizowy türkmen halkynyň ýaşaýşyny düýpgöter täze filosofik garaýyşlar bilen asmanlaýyn beýan eden şahyr hökmünde tanaýarys. Ýöne gazetimiziň şu mart aýynyň sanynda bolsa martda dünýä inen G. Ezizowyň öz eli bilen 1969-njy ýylda ýazan, döwürleýin metbugatda çap edilen publisistik makalasyny ýerleşdirmek bilen beýik şahyryň žurnalistikasynyň ala meýdanynda hem döredijiligiň "Gyratyny arlaýa-arlaýa çapdyryp" bilýändigini aýratyn tekrarlamakçy bolýarys..."
    Gazetimiziň ýedinji sahypasynda institutymyzyň Halkara žurnalistikasy fakutetiniň 4-nji ýyl talyby Nowruz Kurbanowanyň ýokary okuw mekdebimizde mekdep okuwçylarynyň arasynda yzygiderli geçirilýän "Parahatçylygyň ýaş çaparlary" atly akyl-paýhas bäsleşiginiň I saýlama tapgyrynyň 5-nji oýnunyň geçirilişi baradaky makalasy ýerleşdirilen. Talybymyzyň bäsleşige gatnaşýan okuwçylardan ýörite interwýu alyp, ony ýazga geçirmegi makalanyň has-da janly we täsirli bolmagyna getiripdir.
    Elektron gazetimiziň soňky sahypasynda institutymyzyň Dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymy Maýa Çaryýewanyň "ВЕСНА - удивительная пора года" ady bilen ýazan makalasy goýlupdyr. Onda pasyllaryň soltany bolan bahar paslynyň gelmegi we onuň gözellikleri baradaky ajaýyp pikirler rus dilinde beýan edilýär. Sahypanyň aşak ýüzünde bolsa talyp şahyr Mätgurban Mätgurbanowyň bahar paslyna bolan söýgi we pelsepewi temadaky goşgulary ýerleşdirilipdir.
    Gazetimiziň elektron görnüşini Halkara gatnaşyklary institutynyň www.iirmfa.edu.tm internet saýtynda, şeýle hem internet portalynda iirmfa.nesil.edu.tm salgy arkaly okap bilersiňiz.
    Makalalary we dürli namalary redaksiýamyza ibermek üçin gazetimiziň şu aşakdaky yashdiplomathgi@gmail.com elektron poçtasyndan peýdalanyp bilersiňiz.

    Jennet OMAROWA, Gülnar AKYLLYÝEWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň
    III ýyl talyplary.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI