22/10/2026
20
Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky strategik gatnaşyklar—ösüşiň täze tapgyry
Hazar deňziniň iki tarapynda ýerleşýän Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky diplomatiýa hem-de goňşuçylyk gatnaşyklary diňe bir iki ýurduň bähbitleri bilen çäklenmän, eýsem, tutuş Ýewraziýa sebitiniň geosyýasy we geoykdysady durnuklylygyna uly goşant goşýar. Taryhy, medeni we dil taýdan kökleri bir bolan doganlyk halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä göterildi. Bitarap Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky köptaraply gatnaşyklar energiýa, ulag-logistika, söwda-ykdysady we ynsanperwer ugurlarda has-da pugtalanyp, sebitleýin integrasiýanyň möhüm sütünine öwrüldi.
Türkmen-azerbaýjan syýasy dialogy ýokary derejeli özara ynam we bähbitli hyzmatdaşlyk esasynda ösdürilýär. Birleşen Milletler Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, Türki Döwletleriň Guramasy we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýaly halkara we sebitleýin gurluşlaryň çäklerinde taraplaryň ýakyn hyzmatdaşlygy we özara goldawy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Özara gatnaşyklaryň hukuk binýady strategiýa we hyzmatdaşlyga esaslanýan onlarça döwletara ylalaşyklar hem-da ähtnamalar bilen berkidilendir.
Hazar deňziniň uglewodorod serişdelerine baýlygy iki döwletiň energiýa diplomatiýasynda möhüm orun eýeleýär. Türkmenistanyň tebigy gazy we nebit serişdelerini halkara bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen çykarmak strategiýasynda Azerbaýjanyň tranzit mümkinçilikleri uly ähmiýete eýedir. Dünýä bazarynda “Dostluk” nebit-gaz käniniň bilelikde özleşdirilmegi baradaky özara düşünişmek hakyndaky ähtnama şeýle hyzmatdaşlygyň taryhy sahypasydyr.
Türkmenbaşy we Baku halkara deňiz portlarynyň mümkinçilikleri arkaly Hazar deňziniň üsti bilen halkara tranzit ulag koridorlary işjeňleşdirilýär. Aşgabat ylalaşygy we Lapis Lazuli koridorlary ýaly iri taslamalar iki döwletiň ulag syýasatynda aýratyn orun eýeleýär.
Türkmenistan we Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar dostluk, goňşuçylyk we özara bähbitlilik esasynda yzygiderli özgerýär. Ýokary derejedäki döwlet we gulluk saparlary diňe bir ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrman, eýsem tutuş Hazar we Merkezi Aziýa sebitiniň ykdysady mümkinçiliklerini doly köpeltmäge, tranzit durnuklylygyny üpjün etmäge uly ýol açýar.
Bike ANNAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby