Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • “Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty: döwlet gurmagyň hukuk we dolandyryş esaslary” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi
        • Awaza duşuşyklaryna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • FINLANDIÝA RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYK
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
        • Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • «AZIÝADA YNAMY BERKITMEK, ULAG BAGLANYŞYGYNY WE EKOLOGIÝA HOWPSUZLYGYNY ÜPJÜN ETMEK BOÝUNÇA INNOWASION BASLANGYÇLAR» ATLY OKUW-USULY SEMINARY GEÇIRILDI
        • Экспертный взгляд на итоги Авазинского саммита формата «С6»
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Sosial media
      • TikTok
      • Instagram
    • Media
    Esasy / Makalalar / PARAHATÇYLYGYŇ WE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ BELENT BAŞLANGYÇLARY
    PARAHATÇYLYGYŇ WE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ BELENT BAŞLANGYÇLARY surady
    21/10/2026

    14

    PARAHATÇYLYGYŇ WE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ BELENT BAŞLANGYÇLARY

    Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Hormatly Prezidentimiziň 2026-njy ýylyň 15-nji oktýabrynda Azerbaýjan Respublikasyna we 16-njy oktýabrynda Ermenistan Respublikasyna amala aşyran iş saparlary ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň nobatdaky aýdyň dabaralanmasy boldy. Bu taryhy saparlaryň çäklerinde döwlet Baştutanymyz Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde geçirilen Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitine, 16-njy oktýabrda Ermenistan Respublikasynyň Ýerewan şäherinde geçirilen BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy.
    Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitinde hormatly Prezidentimiz sebitde parahatçylygy we durnuklylygy saklamakda halkara-hukuk binýadyny hem-de öňüni alyş diplomatiýasyny berkitmegiň zerurlygyny aýratyn belledi. Geosyýasy dartgynlylygyň artýan häzirki zamanynda dörän jedelleriň gepleşikler arkaly parahatçylykly çözülmegi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine doly laýyk gelýär. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda ulag we logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berilmelidigini nygtap, ulag ugurlaryny diwersifikasiýa etmegiň, köptaraplaýyn gatnawlary giňeltmegiň hem-de Gündogar – Günbatar we Demirgazyk – Günorta ugurlary boýunça halkara ugurlarynyň geçirijilik ukybyny artdyrmagyň möhümdigini belledi. Şeýle hem Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynam çäreleri boýunça maslahatynyň çäklerinde ministrler derejesinde dialogy ösdürmegi teklip etdi. Sammitiň çäklerinde döwletimiziň ynsanperwer ugurdaky halkara başlangyçlary hem öz beýanyny tapdy. Hormatly Prezidentimiz ýaşlary parahatçylykly gepleşiklere we medeniýetara düşünişmä çekmegiň ähmiýetini belläp, gatnaşyjy ýurtlaryň işjeň ýaşlaryny birleşdirýän «Ynanyşmagyň ýaş ilçileriniň toruny» döretmek baradaky belent başlangyjy öňe sürdi. Ýaşlar diplomatiýasyny ösdürmek geljekki nesilleriň arasynda sabyr-takatlylygy, özara hormat goýmagy we dostlukly aragatnaşyklary berkitmäge hyzmat eder. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz emeli aň ulgamynda halkara kodeksini işläp taýýarlamak başlangyjyny öňe sürmek bilen sanly çözgütleriň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň ählumumy ykdysady ösüş üçin düýbünden täze mümkinçilikleri açýandygyny nygtady.
    2026-njy ýylyň 16-njy oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Ermenistan Respublikasynyň Ýerewan şäherinde geçirilen BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatyň Liderler sammitine gatnaşdy. Bu sammitde hormatly Prezidentimiz global ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen möhüm başlangyçlary öňe sürdi. Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda bioköpdürlüligiň azalmagy, howanyň üýtgemegi we çölleşme ýaly wehimleriň durnukly ösüşe gönüden-göni täsir edýändigini nygtady.
    Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň 2026 – 2035-nji ýyllar üçin biodürlüligi gorap saklamak boýunça Milli strategiýasynyň kabul edilendigi we bütindünýä mirasynyň «Aram guşaklygynyň Turan çölleri» transmilli obýektiniň çäklerinde ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň dabaralanýandygy bellenildi. Hormatly Prezidentimiz halkara bileleşiginiň ünsüni birnäçe amaly tekliplere çekip, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynyň çäklerinde yzygiderli syýasy gepleşikleri üçin açyk köptaraply meýdança boljak Aşgabat howa dialogyny döretmek başlangyjyny öňe sürdi. Şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlary üçin gurak sebitlerde howanyň täsirlerine durnuklylygy ýokarlandyrmak maksady bilen çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini açmak teklip edildi. Mundan başga-da, ösüp barýan we deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň ekologik maliýe serişdelerine, döwrebap sanly tehnologiýalara elýeterliligini üpjün etmek hem-de Awaza maksatnamasynyň çözgütlerini durmuşa geçirmek barada aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz Ermenistan Respublikasynda geçirilen BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatyň Liderler sammitinde ekologiýa diplomatiýasyny ösdürmek, tebigy miras gory hem-de döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda täze halkara ugurlary kesgitledi.
    Hormatly Prezidentimiziň goňşy we doganlyk ýurtlara amala aşyran bu ýokary derejeli saparlary türkmen diplomatiýasynyň uly üstünligini hem-de dabaralanmasyny aýdyň görkezdi. Baku we Ýerewan şäherlerinde geçirilen halkara sammitlerde öňe sürlen başlangyçlar sebit howpsuzlygyny, ulag-logistika we ekologiýa durnuklylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýaşlar diplomatiýasyny ösdürmek, sanly tehnologiýalar we Aşgabat howa dialogy ýaly wajyp teklipler Türkmenistanyň bütin dünýäde parahatçylygy hem-de abadançylygy pugtalandyrmaga uly goşant goşýandygyny tassyklaýar.

    Guwanç ALIÝEW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby

    Soňky täzelikler

    Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky strategik gatnaşyklar—ösüşiň täze tapgyry surady

    22/10/2026

    Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky strategik gatnaşyklar—ösüşiň täze tapgyry
    L.N.Gumilýew adyndaky Ýewraziýa milli uniwersitetine ylmy-tanyşlyk sapary surady

    21/10/2026

    L.N.Gumilýew adyndaky Ýewraziýa milli uniwersitetine ylmy-tanyşlyk sapary
    TÜRKMENISTAN — AZERBAÝJAN: DOSTLUKLY GATNAŞYKLARYŇ TÄZE TAPGYRY surady

    21/10/2026

    TÜRKMENISTAN — AZERBAÝJAN: DOSTLUKLY GATNAŞYKLARYŇ TÄZE TAPGYRY
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI