24/12/2024
1962
Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň agzalary bilen çäre geçirildi
2024-nji ýylyň 24-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň agzalary bilen «Gahryman Arkadaga we Arkadagly Gahryman Serdara alkyş aýdýar ýaş göwünler» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bu çärä institutyň Dünýä dilleri kafedrasy bilen Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň bilelikde guramagynda geçirildi.
Bäsleşige Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 37-nji orta mekdebiň, Annanyýaz Artyk adyndaky daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 68-nji orta mekdebiň, Ynsançylyk ugruny we daşary ýurt dili derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 76-njy orta mekdebiň okuwçylary işjeň gatnaşdylar.
Bäsleşik iki tapgyrdan ybarat bolup, birinji tapgyrynyň şertlerine görä, mekdep okuwçylary Gahryman Arkadagymyzyň kitaplaryndan, öz düzen goşgularyndan, şahyrlaryň şygyrlaryndan, ýazyjylaryň eserlerinden bölekleri peýdalanyp, Türkmenistan döwletimiziň Bitaraplygyny daşary ýurt dillerinde wasp etdiler. Bäsleşigiň ikinji tapgyrynda gatnaşyjylar iňlis we rus dillerinde Bitaraplyk barada labyzly goşgulary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.
Bäsleşigiň ahyrynda tapawutlanan okuwçylara Hormat hatlary gowşuryldy.
Rejephan HANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň V ýyl talyby.