30/11/-0001
856
Ýaş çaparlar. Ugur: şanly taryha
2022-nji ýylyň 13-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw binasynda Ýaş diplomatlaryň mekdebi tarapyndan guralýan «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň I saýlama tapgyrynyň 7-nji oýny geçirildi. Bäsleşigiň bu gezekki oýny «Akgoýunly, Garagoýunly, Memluk türkmen döwletleriniň daşary syýasaty we diplomatiýasy» atly mowzuga bagyşlanyldy. Akyl-paýhas bäsleşiginden bir gün öň, ýagny 12-nji aprelde oňa gatnaşyjylar bilen «Ylham» seýilgähine ýörite gezelenjiň guralyp, ol ýerde institutymyzyň mugallymlary tarapyndan türkmen taryhynyň beýik şahsyýetleri barada mekdep okuwçylaryna täsirli gürrüňler berildi. Mundan başga-da, 8-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ýaş diplomatlar mekdebiniň agzalarynyň gatnaşmagynda bäsleşiginiň I saýlama tapgyrynyň 7-nji oýnunyň baş mowzugyna bagyşlanyp umumy okuw sapagy geçirildi. Bäsleşigiň öň ýanynda geçirilýän şeýle çäreleriň esasy maksady okuwçylary bäsleşigiň ruhuna aralaşdyrmak bolup durýar.
Däp bolşy ýaly, bäsleşik üçin ýörite gurlan Ak öý bu gezek Akgoýunly, Garagoýunly, Memluk türkmen döwletleriniň dürli döwürlerini alamatlandyrýan taryhy esbaplar bilen bezeldi. Dogrusy, bu bezegler okuwçylar üçin ugrukdyryjy simwollardyr. Ugurtapyjylyk bolsa geljekki diplomatyň parahatçylyk guraly bolmalydyr. «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň institutyň okuw binasynda geçirilmeginiň aýratynlykly taraplarynyň biri-de, oňa gatnaşýan okuwçylaryň talyplyk dünýäsine ýakyndan aralaşmagy bolup durýar. Hawa, olar bir pursadam bolsa özlerini talyp hökmünde duýýarlar. Okap ýören talyplardan dost tutunýarlar. Şeýdip olar biziň bilim ojagymyzyň hemişelik agzasyna öwrülýärler. Çünki olar — Parahatçylygyň ýaş çaparlary!
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň I saýlama tapgyrynyň 7-nji oýnuna Aşgabat şäherindäki dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Jeren Orazberdiýewa, şol mekdebiň 9-njy synp okuwçylary Güljahan Annanurowa, Kümüş Täçmuhammedowa, Merjen Jumagulyýewa, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 9-njy synp okuwçysy Leýli Astanakulyýewa, Aşgabat şäheriniň 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik okuw mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Orazjemal Çaryýarowa, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän umumybilim berýän ýöriteleşdirilen 17-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Polat Muhyýew hem-de Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň 16-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Döwletýar Ýüzbaşyýew dagy gatnaşdylar.
Ýeri gelende belläp geçsek, «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň I saýlama tapgyrynyň 7-nji oýnuna «Pähimdarlar geňeşiniň» agzalary hökmünde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Ýewropa ýurtlary bölüminiň geňeşçisi, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi Nurberdi Amanmyradow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň uly ylmy işgäri Hurma Çommadowa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri Nurmuhammet Gylyçdurdyýew dagy adalatly eminlik etdiler.
Çekeleşikli geçen bäsleşigiň netijeleri boýunça Aşgabat şäherindäki dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Kümüş Täçmuhammedowa hem-de Aşgabat şäheriniň 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik okuw mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Orazjemal Çaryýarowa ýeňiji boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerine, şeýle-de oňa gatnaşyjylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de beýleki hemaýatkärler tarapyndan taýýarlanan gymmatbahaly sowgatlar, institutymyzyň degişli şahadatnamalary we Hormat hatlary gowşuryldy.
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň I saýlama tapgyrynyň 7-nji oýnuna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Milli ýaý atyjylyk federasiýasy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, «Abadan haly» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti, «Ýedi dogan» hususy kärhanasy, «Datmeni» şerbet önümleri, «Derek» haryt nyşanly şokolad önümleri, «Seýrek Aý» gury iýmiş önümleri ýaly milli önümleri öndürýän telekeçi Meret Meredow hem-de «Muhammet Balkan» hojalyk jemgyýeti hemaýatkärlik etdiler. «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň I saýlama tapgyrynyň 7-nji oýny «Miras» teleýaýlymy bilen TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw studiýasy tarapyndan bilelikde ýazgy edildi. Bäsleşige ýakyn günlerde «Miras» teleýaýlymynda tomaşa edip bilersiňiz.
Gurbansähet GURBANSÄHEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji talyby.
Soňky täzelikler
01/06/2024
ÝAŞ ÇAPAR