887
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary»: IV möwsüm jemlendi
Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysy» atly kitabynda: «Men entek mekdep partasynda otyrka, okuwçylaryň hünär saýlamak meselesine üns berilmeginiň, olaryň belli bir hünäri gazanmagynyň tarapdary» diýip belläp geçýär. Şu nukdaýnazardan, Milli Liderimiziň ýörite Karary esasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň düzüminde döredilen Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň guramagynda geçirilýän «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşigi zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary diplomatiýa hünärine ugrukdyrmak maksady bilen durmuşa geçirilýän netijeli taslamalaryň biridir. Bäsleşigiň üstünlikli geçirilen üç möwsüminiň netijelerine laýyklykda, özleriniň ukyp-başarnyklary bilen tapawutlanmagy başaran ýaş çaparlaryň 32-si häzirki wagtda türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde ýokary bilim alýarlar.
Bäsleşigiň IV möwsüminiň umumy şygary «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygy dörediji diplomatiýasy: netijeli hyzmatdaşlygyň we durnukly ösüşiň ygtybarly guraly» diýlip atlandyryldy. Munuň özi Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy esasynda 2025-nji ýylymyzyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginden ugur alýar. Möwsümiň saýlama test synagyna ýurdumyzyň dürli künjeklerinden mekdep okuwçylarynyň 800-den gowragy gatnaşdy. Bu bolsa akyl-paýhas bäsleşigine gatnaşmaga isleg bildirýän ýaşlaryň sanynyň barha artýandygyny görkezýär. Bäsleşigiň IV möwsümi 8 sany saýlama, 2 sany ýarym final oýunlaryndan, şeýle-de jemleýji final oýnundan ybarat boldy.
Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň IV möwsüminiň final oýny üstünlikli geçirildi. Akyl-paýhas bäsleşiginiň final oýnunyň temasy «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygy dörediji kuwwatynyň dabaralanmagy» diýlip atlandyryldy.
Bäsleşigiň final oýnuna Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 12-nji synp okuwçysy Atajan Atadurdyýew, şol mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Jeýhun Hojageldiýew, Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 16-njy orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Medine Myratberdiýewa, Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 90-njy orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Gülşat Meredowa, Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän 52-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Resul Baýmyradow, Arkadag şäheriniň iňlis diline ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Jemal Hallyýewa, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 24-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Arzuw Şyhyýewa, Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň 9-njy orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Kakajan Şöhradow dagy gatnaşdylar.
Bäsleşigiň final oýnuna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Begenç Karaýew, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň baş ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň doktory Ýazgylyç Orazgylyjow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy bölüminiň müdiri Begmuhammet Meredow dagy adalatly eminlik etdiler.
Final oýny tamamlanandan soňra, institutymyzyň mejlisler zalynda ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi. Bäsleşigiň ýeňijilerine institutymyzyň degişli Diplomlary hem-de medallar, hemaýatkärler tarapyndan taýýarlanylan gymmatbahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Baş baýraga mynasyp bolan ýaş çapara bäsleşigiň Göçme kubogy gowşuryldy.
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň IV möwsüminiň final oýnunyň netijeleri şeýle kesgitlendi:
3-nji orna Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Jeýhun Hojageldiýew;
2-nji orna Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 16-njy orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Medine Myratberdiýewa;
1-nji orna Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän 52-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Resul Baýmyradow;
Baş baýraga hem-de Göçme kuboga Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 12-nji synp okuwçysy Atajan Atadurdyýew mynasyp boldy.
Sylaglaýyş dabarasyndan soňra, bäsleşigiň dessury boýunça ýeňiji bolan ýaş çaparlar parahatçylygyň nyşany hasaplanylýan ak kepderileri institutyň baş binasynyň öňünde asuda asmana uçurdylar.
Akyl-paýhas bäsleşiginiň final oýnuna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Milli Ýaý atyjylyk federasiýasy, «Abadan haly» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti hemaýatkärlik etdiler.
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň IV möwsüminiň final oýny Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Miras» teleýaýlymy hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw studiýasy tarapyndan bilelikde ýazgy edildi. Bäsleşik ýakyn günlerde «Miras» teleýaýlymynda tomaşaçylara ýetiriler.
Yhlas HALLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby,
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas
bäsleşiginiň I we II möwsümleriniň ýeňijisi.