73
«PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY» ATLY AKYL-PAÝHAS BÄSLEŞIGINIŇ V MÖWSÜMINE BADALGA BERILDI
2025-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň V möwsüminiň I saýlama oýny geçirildi.
Gahryman Arkadagymyzyň ýörite Karary esasynda türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň düzüminde döredilen Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň guramagynda geçirilýän «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda badalga berlen V möwsümi «Garaşsyz we Bitarap Türkmenistan — parahatçylyk syýasatynyň hem-de özara ynanyşmak dialogynyň merkezi» atly umumy şygar astynda geçirilýär. Bu bolsa ýaş nesilleriň hemişelik Bitarap döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna bolan gyzyklanmalarynyň artmagyna uly goşant goşýar. Möwsümiň ilkinji saýlama oýny «Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylyk taglymaty — Bitaraplyk syýasatynyň mizemez binýady» atly tema bagyşlanyldy.
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň V möwsüminiň I saýlama oýnuna Aşgabat şäherindäki ynsançylyk ugurly okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 143-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Merjen Annaýewa, Aşgabat şäherindäki iňlis dili we matematika derslerine ýöriteleşdirilen 49-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Arzygül Agöýliýewa, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 12-nji synp okuwçysy Hydyr Durdyýew, Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Aýnur Araztuwakowa, Aşgabat şäherindäki 108-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Aýjemal Orazowa, Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň Şatlyk şäherindäki takyk we tebigy ugurlara ýöriteleşdirilen 12-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Jumamyrat Orazmyradow, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki iňlis dili, fizika we matematika dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän 22-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Ogulşirin Nepesowa dagy gatnaşdylar. Ýeri gelende bellesek, akyl-paýhas bäsleşigi täzelenen, döwrebap meýdançada geçirildi.
Akyl-paýhas bäsleşiginiň V möwsüminiň I saýlama oýnuna «Pähimdarlar geňeşiniň» agzalary hökmünde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Begenç Karaýew, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Türkmen edebiýaty kafedrasynyň mugallymy Läle Aşyrowa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy Nazar Meredow dagy adalatly eminlik etdiler.
Gyzgalaňly geçen bäsleşigiň netijelerine laýyklykda, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 12-nji synp okuwçysy Hydyr Durdyýew we Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň Şatlyk şäherindäki takyk we tebigy ugurlara ýöriteleşdirilen 12-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Jumamyrat Orazmyradow ýeňiş gazanmagy başardylar.
Akyl-paýhas bäsleşiginiň V möwsüminiň I saýlama oýnuna Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy hem-de Türkmenistanyň Milli Ýaý atyjylyk federasiýasy hemaýatkärlik etdiler. Bäsleşigiň ýeňijileri we gatnaşyjylary Hormat hatlary hem-de hemaýatkärler tarapyndan taýýarlanylan ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanyldy.
Yhlas HALLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň I we II möwsümleriniň ýeňijisi.