08/05/2024
1244
“Watanyň daýanjy – bilimli ýaşlar, Arkadagly Gahryman Serdaryň guwanjy ýaşlar!” atly olimpiadanyň jemleri jemlenildi.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe türkmen ýaşlarymyzyň bilim almaklyga, ukyp başarnyklaryny açyp görkezmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Bilimler güni mynasybetli Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda “Watanyň daýanjy - bilimli ýaşlar, Arkadagly Gahryman Serdaryň guwanjy ýaşlar!” atly Türkmenistanyň taryhy, matematika, türkmen dili, iňlis dili dersleri boýunça iki tapgyrdan ybarat olimpiada geçirildi. Bäsleşigiň I tapgyryna ýurdumyzyň orta mekdeplerinden 469 sany okuwçy gatnaşyp bäsleşigiň II tapgyryna 237 sany okuwçy gatnaşmaga hukuk gazandy.
2024-nji ýylyň 22-nji aprelinde bäsleşigiň II tapgyry geçirilip, ýurdumyzyň orta mekdeplerinden 223 sany okuwçy gatnaşdylar. Bäsleşigiň jemleri boýunça baş baýraga Mary welaýatynyň Mary şäheriniň 1-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Orazmuhammet Kakabaýew, 1-nji orna Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Ýusupbaý Ýaňabaýew, Aşgabat şäheriniň iňlis dili çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 135-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Maksat Babageldiýew, 2-nji orna Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 35-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Aýgül Sähedowa, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň 32-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Ogulgözel Döwletowa, 3-nji orna Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň iňlis dili, fizika we matematika derslerini çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Zeýnep Geldiýewa, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň 17-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Kürmämmet Nobatow, Asgabat şäheri 21-nji terbiýeçilik-okuw mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Mähriban Azadowa, mynasyp boldular.
Şeýle hem bäsleşigiň dowamynda görkezen netijeleri boýunça beýleki okuwçylardan tapawutlanan Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň 14-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Bike Annaýewa, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Turkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Aýdogdy Bazarow, Aşgabat şäheriniň matematika we iňlis dili derslerini çuňlaşdyrylyp öwredýän ýöreteleşdirilen 49-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Begnazar Aganazarow, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň 12-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Resul Nazarow, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Turkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Näzli Serdarowa, Aşgabat şäheriniň Bilelikdäki umumy bilim berýän türkmen-türk orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Aýbölek Ýarmämmedowa, Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň daşary ýurt dillerine ýöreteleşdirilen 37-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Ahmet Aganyýazow, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň iňlis dili matematika we fizika derslerine ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Aýlar Jumaýewa, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 24-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Anwar Bekmedow dagylar saýlandylar.
2024-nji ýylyň 8-nji maýynda olimpiadanyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň baýrakly orunlara mynasyp we görkezen netijeleri boýunça beýleki okuwçylardan tapawutlanan mekdep okuwçylaryny Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gymmat bahaly sowgatlary, “Hormat hatlary” we “Minnetdarlyk hatlary” bilen sylaglamak dabarasy geçirildi.
Bäsleşige gatnaşan mekdep okuwçylary bilim almaga, ukyplaryny, zehinlerini açmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürek buýsançlaryny beýan edip, ylym-bilim ýolunda röwşen geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, täze başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Suraý AKMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.
Şeýle hem bu barada şu ýerden
okap bilersiňiz: