30/11/-0001
572
Watansöýüjiligiň nusgasy, döwrüniň gahrymany Soltan Jelaleddin Meňburuna bagyşlanan ylmy-seminar
2021-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli geçiren umumy sapagyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 2021-2022-nji okuw ýylynyň dowamynda ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasyna laýyklykda, institutyň Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň we Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň, şeýle-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň bilelikde guramagynda “Watansöýüjiligiň nusgasy, döwrüniň gahrymany Soltan Jelaleddin Meňburny” atly ylmy-seminary geçirildi. Ylmy-seminara institutyň talyp ýaşlary hem-de Aşgabat şäheriniň 72-nji orta mekdebiniň okuwçylary gatnaşdylar.
Ylmy-seminaryň dowamynda talyp ýaşlar öz döwrüniň gahrymany, beýik türkmen serkerdesi Soltan Jelaleddin Meňburunyň adalatly, ynsanperwer, gaýduwsyz, adamkärçilik sypatlary, görkezen gahrymançylyklary barada prezentasiýalar bilen çykyş etdiler.
Şeýle-de türkmen halkynyň taryhy, öçmejek yz galdyran gahrymanlary barada ençeme göwrümli eserleri döreden rus sowet ýazyjysy Wasiliý Ýanyň “Jelaleddin” powestinden sowal-jogaplaryň alyşylmagy ylmy-seminaryň täsirliligini artdyrdy.
Ýaşlaryň aňynda türkmen halkynyň şöhratly geçmiş taryhyna, gaýduwsyz gahrymanlaryna, beýik şahsyýetlerine buýsanç duýgularyny oýaryp, watançylyk ruhunda terbiýelemek maksatly geçen bu ylmy-seminaryň iňlis dilinde alnyp barylmagy geljekki halkaraçy hünärmenleriniň daşary ýurt dillerinde gürlemek, öz pikirlerini açyk hem aýdyň beýan etmek endiklerini kämilleşdirmek hem aýratyn uly ähmiýete eýe boldy.
Ylmy-seminaryň ahyrynda işjeň gatnaşan talyplara we mekdep okuwçylara üstünlikli çykyş edenlikleri üçin degişli diplomlar hem-de sowgatlar gowşuryldy. Şeýle-de halkymyzyň taryhyny, beýik şahsyýetlerimizi ylmy esasda öwrenmek, özara pikir alyşmak mümkinçiliklerini döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.
Kyýat ILAMANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň
II ýyl talyby.